Özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýew 1-nji noýabrda Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Reşit Meredowy kabul etdi diýip, özbek mediasy habar berýär, ol Daşkende ŞHG-a agza ýurtlaryň hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin, iş sapary bilen bardy.
Özbek lideri myhmany gadyrly garşylap, özbek-türkmen strategiki hyzmatdaşlygyny täze derejelere çykarmak üçin döredilen açyk we ynamdar dialogdan çuňňur kanagatlanýandygyny bildirdi diýip, resmi habarda bellenýär.
Duşuşyk mahalynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyklary mundan beýläk hem giňeltmek mümkinçilikleri, söwda, ulag we aragatnaşyk, energiýa, oba hojalygy we beýleki ugurlar boýunça özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmek barada pikir alşyldy.
Şeýle-de taraplar medeni we ynsanprerwer gatanaşyklary ýygjamlaşdyrmagyň ähmiýetini bellediler.
Meredowyň sapary türkmen we özbek liderleriniň arasynda bolan telefon söhbetdeşliginiň yz ýanyna gabat geldi.
Ozal habar berlişi ýaly, türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 30-njy oktýabrda özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýew bilen telefonda gürleşdi.
TDH prezidentleriň türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary boýunça pikir alşandyklaryny we gatnaşyklaryň häzirki derejesine kanagatlanma bildirendigini habar berýär.
Gepleşik mahalynda“serhetýaka hyzmatdaşlygy, Araly halas etmek we suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak” meselelerine hem üns berildi.
Özbegistanyň prezidenti Türkmenistana 2017-nji ýylyň martynda we 2018-nji ýylyň aprelinde sapar etdi.
Onuň üçünji saparyna görülýän taýýarlyk barada 16-njy awgustda, iki ýurduň daşary işler ministrleriniň Aşgabatda bolan duşuşygynda maslahat edildi.