Mary welaýatyndaky edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary býujet işgärlerinden pagta ýygymy üçin 300 manat möçberinde pul ýygnaýarlar. Edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary bu puluň işgärleriň deregine pagta ýygymyna iberiljek adamlaryň tölegi üçin berilmelidigini aýdýarlar.
“Býujet işgärlerinden özlerine derek 15 günlük ýatymlyk gitjek ýygymçylar üçin 300 manat pul ýygnaýarlar. Olar hem öz wezipesini ýerine ýetirmäge, hem-de özüne derek pagta ýygymyna çykjak adamlara pul tölemäge mejbur edilýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan maryly habarçylarynyň biri 16-njy sentýabrda gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosynda bu pul serişdesiniň anyk haýsy edara-kärhanalarda ýygnalýandygy barada takyk maglumatyň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.
Aýdylmagyna görä, býujet işgärlerinden ýygnalýan pul diňe munuň bilen hem çäklenmeýär. Edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary 15 gün geçenden soňra-da, işgärleriň hepde-de ýene iki gün pagta ýygymyna gatnaşmalydygyny we bu günlerde hakyna tutuljak adamlar üçin pul tölemelidiklerini duýdurýarlar.
“Býujet işgärlerinden pagta ýygymyna hepde-de iki gün günin gitjek adamlar üçin 20 manatdan pul ýygnaýarlar, ýagny her hepde üçin 40 manat bermeli. Sebäbi edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary ‘gündelik tutulýan daýhanlaryň her biriniň eline 20 manat berýäris’ diýip aýdýarlar. Emma günlükçi bolup, pagta ýygmana gidýän daýhanlar özlerine 10 manat tölenýändigini aýdýarlar. Býujet işgärlerini aldap, olardan artykmaç pul alýarlar” diýip, habarçy býujet işgärleriniň ençemesine salgylanyp gürrüň berdi.
Türkmenistanyň welaýatlarynda döwlet işgärleri, adatça, her ýylyň güýz paslynda we gyşyň ilkinji aýynda pagta ýygymyna gatnaşmaga mejbur bolýarlar. Pagta meýdanlaryndaky şertleriň öwerlikli bolmandygy sebäpli olar köplenç hakyna adam tutup, öz deregine pagta ýygymyna iberýärler. Munuň bilen bir wagtda, olar gündelik wezipelerini hem ýerine ýetirmäge mejbur bolýarlar. Muny berjaý etmedik býujet işgärlerine köplenç işden çykarylmak howpy abanýar.
“Pagta ýygymyna baran býujet işgärleri köne çatmalarda ýatyp-turmaly we ýaplarda ýuwunmaly bolýarlar. Howa irden-agşam sowuk. Ol ýaplarda ýuwunyp ýa-da suwa düşüp, syrkawlap öýlerine gaýdyp gelýänler hem bar. Şol sebäpden işleýän adamlar ýatymlaýyn pagta ýygymyna özleri gitmän, deregine adam ugradanlaryny kem görmeýärler. Günin pagta ýygymyna adamlaryň arasynda özleriniň gidýänleri hem bar. Sebäbi günin pagta ýygymyna daş ýerlere äkidilmeýär” diýip, habarçy aýtdy.
Mundanam başga, maryly habarçy şu ýyl gowaça meýdanlarynda pagtanyň azdygyny, olaryň gögermän duran ýerleriniň juda kändigini belleýär.
“Mary etrabynyň ‘Watan’ daýhan birleşigindäki 12 gektar meýdana 70 çemesi adam pagta ýygmaga gitdi. 12 gektar pagta meýdanynyň her gektaryndan 80 kilogram, jemi 960 kilogram pagta hasyly çykdy. 70 çemesi adam 12 gektar meýdany günortanlyk nahary çykmanka dyndy. Öýlän naharyndan soň awtobusa münüp, sagat 16:30-a çenli oturdyk. Bize bellenen brigadir ‘Ir gitsek gepe galarys diýip, öýlän gideris, dynjyňyzy alyň’ diýdi. Kärende ýeriniň eýesi her kime ýygan pagtasynyň her 1 kilogramy üçin 30 teňňeden pul berdi. Şu ýyl pagta meýdanlarynyň köp ýeri kel, gögermändir” diýip, habarçy anonim şertde söhbetdeş bolan maryly ýygymçylaryň biriniň sözlerini sitirledi.
Azatlyk Radiosyna ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar barada degişli türkmen häkimiýetlerinden, şol sanda Mary welaýat häkimliginden kommentariý almak häzirlikçe başartmady.
Şu aýyň başynda Azatlyk Radiosynyň Marydaky ýene bir habarçysy welaýatyň Wekilbazar, Baýramaly we Mary etraplaryndaky gowaça meýdanlarynda pagta hasylynyň juda pesdigini, pagtanyň tas ýokdugyny habar beripdi.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary býujet işgärleriniň Mary welaýatynda 23-nji awgustdan, Lebap welaýatynda 25-nji awgustdan mejbury pagta ýygymyna çekilip başlanandygyny aýdypdylar.
Halkara hukuk toparlary, şol sanda “Pagta kampaniýasy, “Human Rights Watch” guramasy Türkmenistany oba-hojalyk işlerinde, hususan-da, pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmetden peýdalanmakda tankyt edip gelýär.
9-njy sentýabrda Türkmenistan Halkara Zähmet Guramasynyň 144-nji Konwensiýasyny, ýagny Halkara zähmet kadalarynyň ulanylmagyna ýardam bermek üçin üçtaraplaýyn geňeşmelere goşulyşmak hakyndaky Konwensiýany ratifisirledi.
Türkmenistanda mejbury zähmetiň ulanylmagyna garşy alnyp barylýan halkara kampaniýalara gatnaşýan Turkmen.news saýtynyň baş redaktory Ruslan Mätiýew Türkmenistanyň täze konwensiýa goşulmagy bilen iş ýüzünde ýurtda mejbury zähmetiň soňlanmaýandygyny, sebäbi öňki ýyllarda bolşy ýaly býujet işgärleriniň pagta ýygymyna çekilmeginiň dowam edýändigini aýdýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.