Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň Döwlet dumasy Hazar deňziniň hukuk durumy boýunça Konwensiýany tassyk etdi


Hazar deňzinde suwa düşýän türkmen oglany.
Hazar deňzinde suwa düşýän türkmen oglany.

Orsýetiň Döwlet dumasy Hazar deňziniň hukuk durumy boýunça Konwensiýany tassyk etdi diýip, "Gundogar" neşiri "Nowosti" habar agentligine salgylanyp habar berýär.

Bu Konwensiýa deňizýaka döwletleriniň bäşisiniň ýolbaşçylary tarapyndan 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda, Gazagystanyň Aktau şäherinde gol çekildi.

Kanun taslamasy kanun çykaryjylaryň garamagyna prezident Wladimir Putin tarapyndan hödürlendi.

Düşündiriş ýazgysynda bellenmegine görä, Konwensiýa gämiler boýunça düzgüni we “Hazar deňziniň akwatoriýasynyň kollektiwleýin tertipde ulanylmagyny” hem kesgitleýär.

Mundan başga, territorial suwlar araçägini we balykçylyk zonalaryny, Hazar deňziniň düýbüniň webaýlyklarynyň sektorlara bölünişini kesgitlemek, suwasty geçirijileri we kabelleri çekmek şertleri boýunça hem mehanizmler girizilýär.

Konwensiýanyň esasy ýörelgeleriniň biri bolsa Hazar deňzinde bu ylalaşyga gatnaşmaýan ýurtlaryň ýaragly güýçleriniň bolmazlygy bolup durýar.

Türkmenistan uzak ýyllar bäri Hazaryň üstünden geçiriji gurup, tebigy gazynyň eksport ýollaryny köpeltmek aladalaryny edýär. Hazaryň hukuk durumy kesgitlenmezden öň, Türkmenistanyň bu ugurdaky kynçylyklary ylalaşyga gol çekilmegi bilen aradan aýrylar diýen pikir bardy.

Emma bu Konwensiýa gol çekilenden soň hem, Aşgabadyň Hazaryň üstünden gaz geçiriji gurmak hyýallaryna Orsýetiň we Eýranyň, ekologiýa aladalaryny tutaryk edip, garşy durýandygy mälim boldy.

XS
SM
MD
LG