Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aktiwistler Türkmenistanyň türmede ýitenler barada beren wadasyny ýerine ýetirmeýändigini aýdýarlar


Türme möhleti dolandan soň içerki sürgüne iberilen G.Annanyýazow
Türme möhleti dolandan soň içerki sürgüne iberilen G.Annanyýazow

Halkara hukuk kampaniýasy ÝGGH-nyň Warşawadaky adam hukuklary konferensiýasynda Türkmenistanyň öz türme ulgamynda adamlaryň zorlukly ýitirim edilmegine ýol bermezlik barada beren wadalaryny ýerine ýetirmeýändigini aýtdy.

Netijede, “Olary diri görkeziň!” kampaniýasy halkara jemgyýetçiligini, öz sözleri bilen aýtsak, Türkmenistanyň “sistemalaýyn” döwlet praktikasyna öwrülen ýitirim edilmeleri bes etmegi üçin “berk, yzygiderli” basyş etmäge çagyrýar.

"Merkezi Aziýa ýurdy Türkmenistanda mejbury ýitirim edilmeler dynuwsyz dowam etdirilýär” diýip, kampaniýa ÝHHG-nyň Warşawadaky maslahatynyň öň ýanynda, 2019-njy ýylda öz pidalar sanawyny täzeländigini aýtdy.

"Geçen ýyl halkara basyşy güýçlendi, şol sanda ÝHHG, BMG, ÝB tarapyndan hem basyş edildi we bu ahyrynda çäkli başlangyç netijeleri berdi” diýip, kampaniýanyň 16-njy sentýabrdaky prezentasiýasynda aýdyldy.

"Emma muňa garamazdan, 2018-nji ýylyň sentýabrynda, jemgyýetçilik basyşynyň ornuna ýumşak diplomatik dialog geleli bäri, bu ýagdaý üýtgedi we türkmen hökümeti öz pozisiýasyny berkitdi."


Kampaniýaçylar Türkmenistanyň geçen ýyl BMG-niň mejbury we meýletin däl ýitirim bolmalar boýunça Işçi topary bilen dialogyny tamamlandygyny aýdýarlar.

Şeýle-de olar resmi Aşgabadyň bu mesele boýunça täze dörän soraglara jogap bermegini goýandygyny we BMG-niň mejbury ýitirim edilmeler baradaky geňeş-maslahatlaryny özleriniň bu mesele boýunça düzen taslama planlaryna goşmandyklaryny aýtdylar.

Türkmenistan adam hukuklarynyň bu hili gödek bozulmasyny soňlamak üçin düýpli çäre görmekden gaça durýar we oňa derek halkara guramalary bilen netijesiz “dialog” geçirýänden bolmak bilen çäklenýär diýip, hukuk goraýjylar kampaniýasy aýdýar.

"Bu masgaraçylygy bes etmegiň we Türkmenistanyň öz ýitirim edilen tussaglarynyň şindem diridigini hiç bir gep-gürrüňsiz subut etmeginiň wagty geldi” diýip, “Olary diri görkeziň!” kampaniýasy aýdýar.

Türkmen türmelerinde mejbury ýitirim edilendigi aýdylýanlaryň sany, 2019-njy ýylyň sentýabrynda täzelenen sanawda aýdylmagyna görä, 121 adamdan ybarat.


Ýöne, “raýat azatlyklarynyň gazaply çäklendirilmegi, ýurda daşary ýurtlaryň hukuk goraýjy guramalarynyň we halkara gözegçileriniň goýberilmezligi zerarly, bu sanawyň gutulgysyz ýagdaýda doly däldigi bellenilýär.

"Biziň maglumatlarymyza görä, Türkmenistanda zorlukly we meýletin däl ýitirim edilmeleriň pidalarynyň jemi sany ýüzlerçe bolup biler, tussaglaryň bir topary 2002-nji ýyldan bäri daşarky dünýäden doly üzňelikde saklanylýar” diýip, kampaniýa aýdýar.

Hukuk toparlarynyň sözlerine görä, türkmen türmelerinde ýiten tussaglaryň bir topary syýasy sebäpli aýyplamalar esasynda türmä basyldy we olar Aşgabatdaky häkimiýetlere mümkin bolan wehim hasaplanyldy.

“Olary diri görkeziň!” kampaniýasynyň hasaplamalaryna görä, diri ýitenleriň täzelenen sanawyndaky 14 tussagyň türme möhleti eýýäm tamamlanan bolmaly ýa-da 2019-2020-nji ýyllarda tamam bolýar.

"Ol 14 tussagyň raýat aktiwisti Gulgeldi Annanyýazowdan başgasynyň ykbaly belli däl. Annanyýazow bolsa, 11 ýyl türme möhletini tamamlandan soň, boşadylmagynyň ýerine, 2019-njy ýylyň martynda türmeden ýaşaýyş şertleri juda agyr bolan çet künjege içerki sürgüne iberildi” diýip, hukuk goraýjylar aýdýar.

Kampaniýa Türkmenistanda türmede ýiten diýilýänleriň sanawyny dört kategoriýa boýunça täzeledi.

2002-nji şol wagtky prezident Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy diýilýän iş bilen baglylykda ýyl kesilen “noýabrçylar” başda gelýär. Olaryň yzyndan türme tussaglarynyň ýene bir uly bölegi,


ýurduň türmelerinde Nyýazow 2006-njy ýylda ýogalyp, onuň ornuna häzirki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow geleli bäri ýiten radikal yslamçy diýilýänleriň sanawy gelýär.

Bu tussaglar 2008-nji ýylda Aşgabatda bolan raýat gozgalaňyndan soň geçirilen tutha-tutluklarda türmä basylanlary, şeýle-de “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň goldawçylary diýilýänleri hem öz içine alýar.

Soňky wagtlarda bu sanaw Birleşen Ştatlarda ýaşaýan yslamçy ruhany, Ankarada tarapyndan 2016-njy ýylyň iýulynda Türkiýede başa barmadyk döwlet agdarylyşygyny gurnamakda aýyplanan Fethulla Güleniň mekdepleri bilen bagly okuwçylaryň, professorlaryň we işgärleriň hasabyna hem ulaldy.b

Türkmen türmelerinde ýitenleriň ýene bir uly topary bolsa,häkimieýtler tarapyndan ykdysady jenaýatlarda, wezipeden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanan adamlardan ybarat.

“Olary diri görkeziň!” kampaniýasynyň Orsýetdäki utgaşdyryjysy Ýuriý Jibladzäniň pikiriçe, bu tussaglaryň köpüsi Berdimuhamedowa syýasy wehim hasaplanan baý elitany nyşana alan tutha-tutluklaryň pidasy bolup durýar.

Jibladze türkmen türmelerinde syýasy sebäpler esasynda tussag edilene meňzeýän raýat aktiwistleriniň hem ýitirim bolýandygyny sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG