Azatlygyň habarçylary ýurtda ministrlikleriň, pudak edaralarynyň ýa döwlet konsernleriniň ýapylmagy ýa birikdirilmegi netijesinde işlerini ýitirýän adamlaryň barha köpelýändigini, 1-nji oktýabrdan bolsa, hukuk goraýyş edaralaryndahem iş orunlarynyň köpçülikleýin gysgaldylmagynyň planlaşdyrylýandygyny habar berýärler.
Hukuk goraýjylar bu ýagdaýy häkimiýetleriň merkezleşdirilen dolandyryşdan el çekip, hakyky bazar gatnaşyklaryna geçip bilmezligi bilen baglanyşdyrýarlar.
Azatlygyň habarçysynyň ozalky resmileriň birine salgylanyp ýazmagyna görä, ozalky “Türkmenawtoýollary” ýa Awtomobil ulaglary ministrliginiň ýapylmagy bilen bu edaranyň Ahal we Lebap welaýatlaryndaky bölümlerinde müňläp adam işini ýitirdi. Ministrligiň öňki işgäri radionyň habarçysyna bu edaradan tutuş ýurt boýunça 15 müň çemesi adamyň aýlyk alandygyny, olaryň maşgala agzalarynyň indi kyn günleri başdan geçirýändigini gürrüň berdi.
Resmi maglumatlar ýurduň awtomobil ulaglary we ýol hojalygy pudagynyň 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri dürli synaglara sezewar edilendigini, ýapylýança azyndan 15 gezek ýolbaşçysynyň täzelenendigini we iň soňunda 2019-njy ýylyň iýunynda Awtomobil ulaglary ministrligi hökmünde ýatyrylyp, “Türkmenawtotransport” agentligi hökmünde Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň düzümine birikdirilendigini görkezýär.
Türkmenistanda edara-kärhanalaryň ýapylmagy ýa birikdirilmegi soňky on ýylda, ýurtdaky ykdysady krizisiň çuňlaşmagy bilen, hususan-da 2017-nji ýylda Aziýa oýunlaryna we beýleki gymmatbaha gurluşyklara harçlanan millardlarça döwlet serişdeleri netijesinde, barha ýygjamlaşana meňzeýär.
Mysal üçin, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda ýurduňYkdysadyýet we ösüş ministrligini Maliýe ministrligine birikdirmek kararyna geldi.
Bu karar Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçirilen 5-nji Aziýa oýunlarynyň yz ýanyna gabat geldi. Ýerli synçylar we ekspertler Aziýa oýunlary üçin gurlan desgalaryň we täze halkara uçar menziliniň türkmen döwletiniň gaznasyna 7 milliard dollardan gowrak serişdä düşendigini aýdýarlar.
Emma Berdimuhamedow Ykdysadyýet we ösüş ministrligini Maliýe ministrligine birikdirmek baradaky kararyny bu ministrligiň öňünde goýlan wezipeleriň ählisiniň diýen ýaly tamamlanmagy bilen delillendirmäge synandy.
Bu iki möhüm ministrlik birikdirilmezden öň, 2016-njy ýylyň tomsunda Berdimuhamedowtürkmen eksportynyň esasynda durýan Nebit-gaz ministrligini hem ýatyrdy, Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Nebit-gaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň işini togtatdy.
Soňra “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konsernine, “Türkmengeologiýa” gazuw-burawlaýyş edaralaryna, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernlerine degişli käbir bölümler ýapyldy. Emma muňa garamazdan, türkmen hökümeti ýapylan edara-kärhanalaryň işlerini ýitiren işgärleri ýa-da olaryň işini ýitiren döwründe alýan maliýe goldawy, gaýtadan işe ýerleşdirilişi barada maglumat bermedi.
Synçylar Türkmenistandaky işsizligiň diňe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýapylmagy ýa birikdirilmegi esasynda däl, eýsem döwlet edaralarynyň hususylaşdyrylmagy, dürli sebäpler ýa bahanalar esasynda hususy kärhanalaryň ýapylmagy netijesinde hem köpelýändigini aýdýarlar.
Hukuk goraýjy Farid Tuhbatulliniň pikiriçe, Türkmenistanda saklanyp galýan merkezleşdirilen dolandyryş adamlaryň esasy hukuklarynyň biriniň – işlemek, gazanç etmek hukugynyň köpçülikleýin bozulmagynyň esasy sebäbi bolup durýar.
“Bu ýerde sebäp, meniňçe, häkimiýetleriň häzire-bu güne çenli ýurdy ösdürmegiň strategiýasy barada belli bir pikire gelip bilmezligi bilen bagly. Bazara geçmeli-beýleki diýip beýanat edilýär, emma haçanda gezek býujet serişdelerine gelende, pul ýeter ýaly, merkezleşdirilen dolandyryş iş orunlaryny, hatda uly wezipeli adamlaryň hem orunlaryny kemeldýär. Ýöne býujeti nädip doldurmalydygy barada hiç kim pikirini aýdyp bilmeýär” diýip, Tuhbatullin aýtdy.
Ol türkmen hökümetiniň ýurtda soňky üç onýyllykda dörän ýagdaý barada açyk aýdyp, maslahatlaşyp, onuň sebäplerini derňäp, dogry netije çykarmaga ukybynyň bardygyna ynanmaýar.
Türkmen häkimiýetleri ýurtda işsizligiň derejesi, hökümetiň ol ýa-da beýleki karary netijesinde işini ýitirýän adamlaryň sany, işlerini ýitiren adamlary sosial taýdan goramak, gaýtadan hünär bermek we işe ýerleşdirmek boýunça görülýän anyk çäreler barada maglumat bermeýärler.
Soňky on ýylda Türkmenistandan iki million çemesi raýatyň daşary ýurtlara çykyp gidendigi aýdylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.