"27-nji aprelden 28-nji aprele geçilýän gije Aşgabat aeroportunda 80 adam ýolundan alnyp galyndy" diýip, "Azatlygyň" Aşgabatdaky habarçysy habar berdi. Mundan biraz öň ol 150-den gowrak ýolagçynyň uçara goýberilmädigini habar berdi.
Ýerli synçylar ýurtdaky hereket çäklendirmeleriniň barha "ýowuzlaşdyrylýandygyny", häkimiýetleriň ykdysady kynçylyklaryň, gitdigiçe ýokarlanýan işsizligiň fonunda köpçülikleýin ýurtdan gidýän raýatlary bikanun çärelere ýüz urmak arkaly saklajak bolup, "aljyraňňy synanyşyk" edýändiklerini aýdýarlar.
“Düýn Aşgabat aeroportunda “Türkmenhowaýolarynyň” Satmbula uçýan uçaryndan 180 çemesi adamy alyp galdylar, ýurtdan goýberilmedikler Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň adamlary, bu görlen çäräniň sebäbini düşündirmediler” diýip, “Azatlygyň” paýtagtdaky habarçysy 27-nji aprelde, giçlik habar berdi. Onuň sözlerine görä, ýolundan saklanan aýallaryň biri gaharyny pert-pert sözler bilen daşyna çykardywe özüniň ýurtdan goýberilmezliginiň sebäbiniň düşündirilmegini talap etdi.
“Ony aeroportuň iki sany işgäri alyp gitmäge synandy, emma ol garşylyk görkezdi. Ony zor bilen äkitdiler” diýip, Türkmenistanyň nobatdaky milli baýramçylygyny – Türkmen atynyň gününi bellemäge taýýarlanýan wagtynda bolan wakany gözi bilen görenleriň biri “Azatlygyň” habarçysyna gürrüň berdi.
Gelip gowuşýan maglumatlara görä, Türkmenistanda zähmet migrantlarynyň hereket azatlyklarynyň çäklendirilmegi nobatdaky milli baýramçylyga – Türkmen bedewiniň gününi bellemäge taýýarlyk görülýän günlerinde has-da güýçlendirildi. Bu çäklendirmeleriň çykalgasyz ýagdaýda galan raýatlary käte öz janyna kast etmäge hem iterýändigi habar berilýär.
Ýerli synçylar ýönekeý adamlaryň baýramçylyk şatlygyna elleriniň ýetmeýändigini, sebäbi maşgala eklenjiniň we barha agyrlaşýan güzeran aladalarynyň “milli baýramçylyk” diýilýän “mejbury dabaralary ykrar etmeýändigini” öňe sürýärler.
Türkmen häkimiýetleriniň bu gezekki hereket çäklendirmesi Türkiýede ýaşaýan we işleýän türkmen migrantlarynyň türk polisiýasynyň kömegi bilen tussag edilip, köpçülikleýin yzyna deportasiýa edilýändigi,ýörite gulluklaryň işgärleriniň ýurda gelen zähmet migrantlaryny gorkuzyp, berk soraga çekýändigi baradaky habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.
Bu Türkmenistandan Türkiýä barýan türkmen raýatlarynyň, hususan-da daşoguzly we lebaply ýaşaýjylaryň öz ýollaryndan ilkinji gezek saklanyşy we ýolagçylaryň öz nägileliklerini ilkinji gezek daşlaryna çykarjak bolşy däl.
Mysal üçin, geçen ýylyň 13-nji fewralyndahem Aşgabadyň halkara aeroportynda ýolagçylar öz protestlerini bildirmäge çalyşdylar, olaryň aglabasy lebaply we daşoguzly zenanlardan ybaratdy.
Şol gün hem, hiç hili düşündiriş bermezden, Aşgabatdan Stambula uçýan uçara ortaça 70 ýolagçy goýberilmedi. Bu ýagdaý aýallaryň kiçiräk protest çäresini geçirmeklerine alyp geldi. Emma, gözi bilen görenleriň sözleri bilen aýtsak, olary toparlap, “goýun sürüsini süren ýaly”, köýen biletlerini tabşyrmaklary üçin, kassa tarap ugratdylar.
“Bu ýolagçylaryň aglabasy welaýatlardan gelen türkmenistanlylardy. Olar ‘Türkmenhowaýollary’ kompaniýasynyň 19:30-daky reýsine goýberilmediler. Soňra ýolagçylar öz biletleriniň bahasyny yzyna almakçy bolanda, olara uçar kompaniýasynyň ofisine ýüzlenmegi maslahat berdiler. Aýallar üç sany aýalyň ýolbaşçylygynda öz nägileliklerini görkezip başlady. Olary dessine tussag edip, ýörite bölüme alyp gitdiler. Galan ýolagçylary-da aeroportdan kowdular. Munuň sebäplerini düşündirmediler. Ýolagçylaryň arasynda dürli ýaşdaky raýatlar bardy” diýip, 2018-nji ýylyň 13 fewralynda bolan wakany gözi bilen gören şaýat “Azatlygyň” habarçysyna anonimlik şertinde gürrüň berdi.
“Azatlygyň” habarçylarynyň şol wagt beren maglumatlaryna görä, bu waka Migrasiýa gullugynyň Aşgabatdaky we welaýatlardaky işgärleriniň ýaşy 40-dan geçmedik raýatlara daşary ýurda sapar etmek üçin zerur bolan pasportlary resmileşdirmegi bes eden wagtyna gabat geldi.
Ýöne, adatça bolşy ýaly, türkmen häkimiýetleri “Azatlygyň” ýolundan saklanan ýolagçylar, olaryň parahatçylykly protest bildirmek synanyşygynyň güýç bilen basylyp ýatyrylyşy, 40-dan geçmedik raýatlaryň hereket azatlygyna girizilýändigi aýdylýan bikanun çäklendirmeler baradaky soraglaryna hiç bir düşündiriş bermediler.
Biletli ýolagçylary uçardan alyp galmak 2018-nji ýyldan öň hem bardy. Has anygy, “Azatlygyň” habarçylarynyň beren maglumatlaryna görä, 2017-njiýylyň awgust aýynda Aşgabat-Stambul aralygyna gatnaýan reýslerden azyndan 20 ýolagçy uçara goýberilmedi. Şonda, 6-njy awgustda Stambula gitjek uçara goýberilmedikleriň hem aglabasy daşoguzly we lebaply ýolagçylar bolupdy.
...esasy ýollaryň hem bir topar ýeri petiklengi, ýolda goýlan esgerler pyýada ýollarynyň hem bir topar ýerinden geçirenok, halka berilýän şu hili horluklardan soňam "biz bagtyýar" diýip gygyrmaga mejbur edilýäris."Aşgabatly ýaşaýjy
Şu aralykda ýerli çeşmeler paýtagtda köpçülik çärelerine görülýän taýýarlyklaryň çäginde Aşgabadyň jemgyýetçilik transportynda uly dyknyşyklaryň dörändigini, duralgalarda awtobusa garaşýan adamlaryň üýşmeleňiniň daşyndan hakykatdan hem uly “toý dabarasyny” ýatladýandygyny habar berdiler.
Şeýle duralgalaryň birinde “Azatlygyň” habarçysy bilen gürleşen 60 ýaşlaryndaky aýal özüniň adamlaryň durmuş-ýaşaýyşyny öňküsinden hem kynlaşdyrýan baýramçylyk dabaralaryndan "halys ýadandygyny” gürrüň berdi:
“Şäherdäki awtobuslarynyň köpüsini çäreçileri, köpçülik sahnasynda çykyş etmäge taýýarlyk görýän ýaşlary gatnatmaga alypdyrlar, üstesine esasy ýollaryň hem bir topar ýeri petiklengi, ýolda goýlan esgerler pyýada ýollarynyň hem bir topar ýerinden geçirenok, halka berilýän şu hili horluklardan soňam "biz bagtyýar" diýip gygyrmaga mejbur edilýäris” diýdi.
Bu maglumaty “Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri hem tassyklady we adamdan hyryn-dykyn bolýan awtobuslaryň, duralgalardaky nobatlaryň suratlaryny çap etdi.
Şeýle-de, neşiriň maglumatyna görä, paýtagtyň belent binalarynyň, 9-12 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýokarsynda äpet monitorlar oturdylyp, olarda türkmen atlary barada gürrüň berýän wideorolikler goýberilýär.
Şol bir wagtda synçylar ýurduň Goranmak ministrliginiň serhet goraglaryny üpjün etmek üçin ýeterlik esger toplamakda kynçylyk çekýändigini, harby gulluga almak boýunça 20-nji martda başlanan ýazky möwsümiň öňkülerden biraz tapawutlanýandygyny habar berýärler.
Bu maglumaty “Turkmen.news” neşiri hem tassyklaýar.Ýurt içinden alternatiw habarlary çap edýän neşiriň 27-nji apreldäki maglumatyna görä, Türkmenistanyň harby komissarlyklary goşun gullugyna alynmaly ýaşlaryň garşysyna “aw-şikar” yglan edene meňzeýär, olar “ähli adamy bir uçdan goşun gullugyna alyp gidýärler”.
Garaşsyz habar neşiriniň öz ýerli çeşmelerine salgylanyp tassyklamagyna görä, harby komissarlyklar migrasiýa gullugy bilen bile hereket edip, ýaş ýigitleriň ýurtdan çykmagyna gadaganlyk girizýärler, şol bir wagtda ozal dürli sebäpler esasynda goşun gullugyndan galdyrylan ýa-da saglyk ýagdaýy sebäpli goşunda gulluk etmez ýaşlary hem goşuna alýarlar diýip, “Turkmen.news” ýazýar.
“Azatlyk” radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň bu aýdylýanlary tassyklatmak ýa inkär etdirmek synanyşyklary başa barmady.
Türkmenistan adam hukuklaryny goraýan halkara guramalarynyň ýyllyk hasabatlarynda dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň hatarynda agzalýar we metbugat azatlygy boýunça Demirgazyk Koreýadan hem yzda durýar.