Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Türkmendemirýollary’ otly biletlerini onlaýn satyn almagyň ‘täze bir aňsatlykdygyny’ aýdýar; lebaplylar bu hyzmatyň işinden nägile bolýar


Türkmenistanda otly biletleriniň we gatnawlarynyň ýetmezçiligi zerarly, ýolagçylaryň ençemesi otly koridorlarynda sapar etmäge mejbur bolýar. Arhiwden alnan surat
Türkmenistanda otly biletleriniň we gatnawlarynyň ýetmezçiligi zerarly, ýolagçylaryň ençemesi otly koridorlarynda sapar etmäge mejbur bolýar. Arhiwden alnan surat

Türkmenistanda, hususan-da, Lebap welaýatynda otly biletlerini onlaýn usulda satyn almak boýunça ýakynda ýola goýlan hyzmatlaryň kadaly işlemeýändigini, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri habar berýärler.

Bu habar Türkmenistanyň ‘Türkmendemirýollary’ agentliginiň websaýtynda otly biletlerini onlaýn satyn almak hyzmatynyň ýolagçylar üçin döredilen täze bir aňsatlykdygy aýdylyp, ondan peýdalanmagyň usullary barada gözükdirme wideosynyň peýda bolan mahalyna gabat geldi.

“Otly biledini satyn almak üçin www.railway.gov.tm websýatyna gireniňde, ol ýerde ýolagçynyň ähli şahsy maglumatlaryny, şol sanda pasportyň, dogluş hakyndaky şahadatnamanyň, harby biletiň nomerlerini ýazýarsyň. Soňunda plastik bank kartyň ähli kodlaryny, CVC kodyny we möhletini görkezýän sany ýazýarsyň. 3 minudyň dowamynda ‘Siziň onlaýn tölegiňizi bank tassyklamady’ diýen hat peýda bolýar. Soňra-da, bilet alyp bolmaýar” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde maglumat beren çeşme 6-njy awgustda gürrüň berdi.

Habarçy bu ýagdaýyň diňe özüniň däl, eýse özi bilen söhbetdeş bolan başga-da onlarça lebaply ýaşaýjynyň başdan geçirendigini we munuň adaty bir ýagdaýa öwrülendigini hem sözüniň üstüne goşdy. Sebäbi ol munuň sebäplerini ne Türkmenabat şäheriniň wokzalynda oturan jogapkär resmileriň, ne-de beýleki türkmen häkimiýetleriniň düşündirip bilýändigini aýtdy.

“Banklara we Türkmenistanyň ‘Türkmendemirýollary’ agentliginde görkezilen telefon belgilerine jaň edeniňde, kanagatlanarly jogap bermeýärler. Käbir resmiler siziň bank kartyňyzda problema bardyr diýse, käbiri biz muny barlap göreris diýip, başdan sowma jogap berýärler” diýip, çeşme aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň ‘Türkmendemirýollary’ agentliginiň resmi websaýtynda geçen aýlarda çap edilen gözükdirme wideosynda bolsa, bu hyzmatdan peýdalanmagyň ýönekeý we aňsatdygy äheňde maglumat görkezilýär.

“Türkmendemirýollaryndan elektron petekleri satyn almak üçin gerekli zatlar: Bank kartyňyzyň bolmagy, bank kartyňyza SMS habar hyzmatynyň birikdirilen bolmagy, şeýle hem bank kartyňyzyň CVC kody....” diýlip, websaýtda otly ýolagçylary üçin çap edilen gözükdirme wideosynyň bir böleginde aýdylýar.

6-njy awgustda Azatlyk Radiosy “Türkmendemirýollary” agentliginiň saýtyndan azyndan üç gezek onlaýn bilet satyn almaga synanyşdy. Bu hyzmatyň başdaky bölümleri, göräýmäge, kadaly işleýän ýaly bolup görünýän bolsa-da, tölegi geçirmek bölümine ýeteniňde sahypa hatardan çykýar.

Azatlyk Radiosy munuň sebäpleri bilen gyzyklanyp, “Türkmendemirýollary” agentliginiň Aşgabatdaky edarasy bilen habarlaşanda, redaksiýanyň kommentariý almak synanyşyklary häzirlikçe başa barmady. Şeýle-de, Azatlyk Radiosynyň ýokarda aýdylanlar barada Türkmenabadyň demirýol wokzalyndan kommentariý almak boýunça eden synanyşyklary hem netije bermedi.

Azatlyk Radiosynyň lebaply çeşmesi biletleri onlaýn satyn almakdaky bökdençliklerden bir wagtda, otly biletleriniň demirýol wokzalyndaky kassalarda hem satylmaýandygyny aýdýar.

Şol bir wagtyň özünde-de, ol otly biletlerini onlaýn ýa-da kassalarda satyn alyp bolmaýan mahalynda, käbir demirýol işgärleriniň, şol sanda polisiýa ofiserleriniň we otly ýolbeletleriniň bu biletleri hakyky bahasyndan iki-üç esse gymmada aç-açan satýandygyna hem ünsi çekdi.

“Demirýol wokzalynda işleýän polisiýa işgärlerinden başlap ýolbeletlere çenli ählisiniň jübüsi otly biledinden doly. Olarda haçan diýseň bilet satylýar. Olar onlaýn usulda 50 manatdan satylýan biledi aç-açan 100-150 manatdan satýarlar. Olara tanyş-biliş hem gerek däl. Kim barsa bilet satýarlar” diýip, çeşme aýtdy.

1-nji iýundan başlap “Türkmendemirýollary” agentligi ýolagçylar üçin onlaýn bilet satyn almak hyzmatyny ýola goýup, munuň ýolagçylar üçin döredilen täze bir aňsatlykdygyny mälim etdi.

7-nji iýunda Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary we olar bilen söhbetdeş bolan aşgabatlylaryň ençemesi bu hyzmatda näsazlygyň bardygyny, sebäbi ýolagçylaryň ne agentligiň programmasynyň kömegi, ne-de internet saýty arkaly onlaýn bilet satyn alyp bilýändigini aýtdylar.

Türkmenistanda “2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” işlenip düzülip, ýurduň resmi metbugaty “sanly ulgam”, “sanly ykdysadyýet” ýaly aňlatmalary soňky döwürde ýygy-ýygydan gaýtalaýar.

Maglumat üçin aýtsak, “Türkmendemirýollary” agentligi her ýyl takmynan 6 million ýolagça hyzmat edýär. Bu agentligiň “Ýolagçy” bölüminde 5000 hünärmen zähmet çekýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG