Türkmenistanda türk ruhanasy Fethullah Güleniň “Hyzmat” hereketi bilen ilteşikli bolmakda güman edilip, ýyl kesilendigi aýdylýan mugallym Eziz Hudaýberdiýewiň türmede aradan çykandygyny, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň Milli Howpsuzlyk ministrligine ýakyn ynamdar we ýagdaýdan habarly çeşmesi tassyklady.
Belläp geçsek, Hudaýberdiýewiň türmede gynamalar esasynda aradan çykandygy öňe sürlüp, bu barada geçen hepde ukraynahaber.com neşirinde we Twitter sosial ulgamynda maglumatlar peýda boldy.
ukraynahaber.com websaýtynyň 4-nji iýulda çap eden habarynda öňe sürülmegine görä, Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndan bolan Hudaýberdiýew mundan 3 ýyl ozal töhmet atylyp tussag edildi.
“Lebap welaýatynyň Kerki şäherindäki türkmen-türk mekdebiniň öňki mugallymy Hudaýberdiýewiň gynamalar esasynda türmede aradan çykandygy öňe sürüldi” diýlip, neşiriň habarynda aýdylýar. Ýöne bu öňe sürmeleriň haýsy çeşmelere ýa-da delillere esaslanýandygy barada hiç zat aýdylmaýar.
10-njy iýulda Çagry Kerim ýa-da @watansyzmy atly Twitter ulanyjysy tarapyndan çap edilen maglumatda hem, “Kerki şäherindäki türkmen-türk mekdebiniň öňki mugallymynyň türmede gynamalar esasynda 2019-njy ýylyň 30-njy iýunynda öldürilendigi” öňe sürüldi.
Azatlyk Radiosynyň bu meseläniň anygyna ýetmek üçin bir hepde bäri dowam etdirýän synanyşyklarynyň netijesinde, redaksiýa bu maglumaty biri-birinden garaşsyz başga-da iki çeşmä tassyklatmagy başartdy.
“Uzak ýyllar Kerkidäki türkmen-türk mekdebinde iňlis dili sapagy boýunça çagalara bilim beren Eziz mugallym Aşgabatda geçirilen Aziadanyň öňüsyrasynda tussag edildi. Eziz we işdeşleri ýapyk sud diňlenişiginde 25 ýyl türme jezasyna höküm edildi. Şol günden bäri hem ýapyk ýerde ençeme gynamalara we kösençliklere çydamadyk Eziz aradan çykdy” diýip, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň Milli Howpsuzlyk ministrligine ýakyn ynamdar we ýagdaýdan habarly çeşmesi 15-nji iýulda gürrüň berdi.
Türkmen.news neşiriniň ýagdaýdan habarly çeşmesiniň öňe sürmegine görä, Türkmenistanyň Owadandepe türmesinde saklanan Hudaýberdiýewe gepatit C, ýagny sary getirme wirusy ýolugandan soňra, ol şu ýylyň maý aýynda Baýramalynyň türme keselhanasyna geçirilýär. Ol sary getirme sebäpli şu ýylyň 30-njy iýunynda Baýramalynyň türme keselhanasynda aradan çykýar.
Azatlyk Radiosyna mugallym Eziz Hudaýberdiýewiň haçan we näme aýyplama esasynda tussag edilendigi, şeýle-de onuň ölümine nämäniň sebäp bolandygy baradaky saglyk we sud resminamalaryny almak synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi. Bu barada Türkmenistanyň Baş prokuraturasyndan, şeýle-de Owadandepe türmesinden we Baýramalynyň türme keselhanasyndan hem kommentariý alyp bolmady.
Hudaýberdiýewiň tussag edilmegi barada habarlary çap eden çeşmelerde onuň tussag edilmegi we oňa bildirilýän aýyplamalar boýunça dürli-dürli maglumatlar bar.
Bu barada ilkinjileriň hatarynda habar beren ukraynahaber.com websaýtynda Hudaýberdiýewiň Baýram namazy üçin üýşen adamlaryň arasynda biriniň oňa “wahabist” diýip ýüzlenmegi esasynda tussag edilendigi öňe sürülýär.
Türkmen.news neşiriniň ýurt içindäki çeşmesi bolsa, Hudaýberdiýewiň 2016-njy ýylda Kerkidäki türkmen-türk mekdebinde iňlis dili mugallymy bolup işläp ýörkä, oňa “döwleti agdarmaga synanyşmakda” töhmet atylyp, Owadandepedäki türmä alnyp gidilendigini öňe sürýär.
“Şol döwür aşgabatly we lebaply mugallymlardan we telekeçilerden ybarat 50 çemesi adam basylypdy. Hemmesi türk mekdepleriň mugallymlary ýa-da şol mekdeplere kömek eden telekeçilerdi. Olar türmede agyr şertlerde we agyr gynamalar bilen saklanýarlar. Türmede köp oglanlaryň aýagynyň etlerine çenli kesilipdir. Gynalma şol derejä çenli baryp ýeten” diýip, Türkmen.news neşiriniň çeşmesi öňe sürýär.
Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde maglumat beren Azatlyk Radiosynyň çeşmesi bolsa, Hudaýberdiýewiň 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň öňýanynda, “gülençiler hereketi” diýilýän bilen ilteşikli bolmakda güman edilip, bigünä ýere tussag edilendigini aýdýar.
Ýöne Azatlyk Radiosyna munuň sebäplerini türkmen resmilerine tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady we bu barada umuman hiç hili maglumat alyp bolmady. Ýatlatsak, Türkmenistan halkara guramalarynyň hasabatlarynda dünýäde iň ýapyk ýurtlaryň hatarynda agzalýar.
Azatlyk Radiosynyň çeşmesiniň tassyklamagyna görä, 1984-nji ýylda doglan Eziz Hudaýberdiýew 2000-nji ýylda Kerkidäki türkmen-türk mekdebini tamamlap, Beýik Britaniýanyň ýokary okuw jaýynda bilim almak üçin Londona gitdi.
“Žurnalistika ugrundan okan Eziz mugallymçylyga höwes edýärdi. 2005-nji ýylda ýurda dolanan Eziz harby gulluk borjuny Aşgabat şäherinde berjaý edeninden soň, türkmen-türk mekdeplerinde iňlis dili mugallymy bolup işe başlapdy” diýip, çeşme aýtdy.
Türkmen.news neşiriniň ýurt içindäki çeşmesi bolsa, onuň ilki Türkiýäniň Konýa şäherinde žurnalistika, soňra Amerikada okap gelendigini aýdýar. Şeýle-de, onuň dört çagasynyň, üç gyzynyň we bir oglunyň bardygyny belleýär.
2016-njy ýylyň tomsunda Türkiýede başa barmadyk harby agdarylyşygyň arkasynda dini ruhany Fethullah Güleniň durandygy öňe sürlenden soň, Türkmenistanda onuň “Hyzmat” hereketi bilen ilteşiklidir öýdülýänler köpçülikleýin ýagdaýda soraga çekilip, olaryň her dürli gynamalara sezewar edilendigini we dürli aýyplamalar, şol sanda jenaýatçylykly topary maliýeleşdirmekde aýyplanyp, uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilendigi barada Azatlyk Radiosy ençeme gezek habar berdi.
Mundan iki ýyl ozal Azatlyk Radiosyna gowşan, suduň höküminden göçürmedigi aýdylýan dokumentde bolsa, ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilen sud diňlenişiginde, “gülençi” bolmakda güman edilýän 18 adamyň 12 we 25 ýyl aralygynda türme tussaglygyna höküm edilendigini görse bolýardy. Ýöne bu sanawda mugallym Eziz Hudaýberdiýewiň ady ýokdy.
BMG-niň Eden-etdilikli tussag edilmeler boýunça Işçi topary özüniň 80-nji sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanda “gülençi” bolmakda güman edilýän 18 adamyň ýagdaýyny seljerip, gürrüňi gidýän adamlaryň “eden-etdilikli” ýagdaýda tussag edilip, türme tussaglygyna höküm edilendigi” barada netije çykardy.