Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary Ýewropanyň dikeldiş we ösüş bankynyň (ÝDÖB) ýolbaşçylaryna açyk hat bilen ýüzlenip, Türkmenistan bilen 2019-2024-nji ýyllar boýunça hyzmatdaşlyga degişli täze strategiýanyň taslamasy bilen baglylykda öz tekliplerini öňe sürdüler.
"Human Rights Watch", "Adam hukuklary boýunça halkara partnýorlygyny" we "Adam hukuklary boýunça türkmen inisiatiwasy" guramalarynyň 14-nji iýunda bilelikde ýaýradan açyk hatynda bellemeklerine görä, Türkmenistan adam hukuklary boýunça real ösüş görkezýänçä, ÝDÖB bu ýurduň döwlet sektoryna kredit bermek boýunça programmalaryny giňeltmeli däl.
"ÝDÖB hökümetiň adam hukuklaryna we demokratiýa ýykgyn edýändigi barada öňe sürýän beýanatlarynyň takyk we ölçäp bolýan öňegidişlige öwrülendigini, Türkmenistanyň raýatlarynyň hukugynyň hakykatdan hem gowulanandygyny görkezýänçä, Türkmenistanyň döwlet sektoryna kredit bermek boýunça programmalaryny giňeltmeli däl" diýip, adam hukuklaryny goraýjylaryň ÝDÖB-niň prezidenti Suma Çakrabartiniň adyna ýazan hatynda aýdylýar.
"Adam hukuklary boýunça türkmen inisiatiwasy" guramasynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatulliniň pikirine görä, häzirki wagtda halkara maliýe guramalarynyň üns bermegi zerur esasy meseleleriň arasynda ýurtda hususy eýeçilik hukugynyň depelenmegi we telekeçilere basyşlaryň güýçlenmegi.
"Bu, Türkmenistanda hususy eýeçilik hukugydyr. Haçan-da biznesmenleriň emlägi, dükanlary ellerinden alynýarka, haçan-da adamlaryň öýleri ellerinden alynýarka zerurdyr. Bu, hereket azatlygydyr, haçan-da Aşgabatda, ol ýerde ýaşamak we işlemek hakynda gürrüň ýok, eýsem öz hususy awtoulagyň bilen ýöne baryp bolmaýarka zerurdyr. Ine, biz şu iki sany esasy faktora halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekeris" diýip, "Adam hukuklary boýunça türkmen inisiatiwasy" guramasynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.
Türkmenistanyň raýatlary ençeme ýylyň dowamynda jaýlarynyň ýumrulmagyna, telekeçiler kärhanalarynyň ýapylmagyna sezewar bolýarlar. Hususan-da, soňky aýlarda Aşgabadyň merkezinde onlarça hususy edara-kärhana, şol sanda ofisler, dükanlar, gözellik salonlary, fitnes-merkezleri we hyzmat ugrundan işleýän nokatlar resmi sebäbi düşündirilmezden häkimiýetler tarapyndan köpçülikleýin ýapyldy.
Adam hukuklaryny goraýjylar ÝDÖB-na ýollan açyk hatynda Türkmenistanyň hökümetiniň reformalara taýýarlygyna baha bermek boýunça takyk kriteriýalary kesgitlemäge çagyrýarlar.
"Hökümetiň repressiýalary nazara alnanda, strategiýanyň taslamasy ÝDÖB-niň Türkmenistanda ýaňy başlanan hususy sektory goldamak boýunça maýa goýumlaryny çäklendirmegi adalatly. Muňa garamazdan, şeýle-de, strategiýada 'eger reformalara hakykatdan ýykgyn edilýändigi görkezilse, hökümetiň döwlet sektoryny reformirlemek boýunça kesgitli, takyk görkezilen inisiatiwalaryny jikme-jik öwrenilen we belli bir maksatlara gönükdirilen görnüşde goldamak meselesine serediljegi' aýdylýar diýlip, "Human Rights Watch", "Adam hukuklary boýunça halkara partnýorlygyny" we "Adam hukuklary boýunça türkmen inisiatiwasy" guramalarynyň bilelikdäki hatynda bellenýär.
"Adam hukuklary boýunça türkmen inisiatiwasy" guramasynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatulliniň sözlerine görä, guramalar öz ýüzlenmesi bilen Türkmenistanda adam hukuklary problemasyna abraýly maliýe guramasynyň we halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek isleýärler.
"Biziň maksadymyz [adam hukuklarynyň] gönüden-göni bolmasa-da Türkmenistanda proýektleriň kadaly amala aşyrylmagyna täsir ýetirýändigini we halkara maliýe guramalary bilen işleşmegiň adam hukuklarynyň ýagdaýyna garaşly bolmalydygyny ýatlatmakdyr. Eger hökümet raýatlaryň esasy hukuklaryny, şol sanda hususy eýeçilik we biznes alyp barmak hukugyny berjaý etmäge ukyply bolsa, bu bolsa,Türkmenistanyň halkara guramasy bilen aragatnaşygyna täsir ýetirip biler" diýip, Farid Tuhbatullin Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.
Adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň açyk hatynda ÝDÖB-niň Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça ýagdaýyna baha berlende, Ýewropa parlamenti tarapyndan ýaňy-ýakynda kesgitlenen kriteriýalardan ugur almalydygy bellenýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.