Regionlaryň birindäki habarçymyz ýerli lukmanlaryň geçen ýylyň dekabrynda 1997-nji ýylda doglan raýatyň bagryndan dert tapandyklaryny, emma ony bejerjek bolup, has beter hala salandyklaryny habar berýär.
Azatlygyň redaksiýasynda wakanyň bolan ýeriniň anyk salgysy, näsagyň ady we familiýasy bar, emma biz olary ejir çekeniň ýagdaýyny çylşyrymlaşdyrmazlyk üçin aýtmazlyk kararyna geldik.
Berlen maglumata görä, welaýat merkeziniň lukmanlary näsag zenanyň bagryndan gurçuk tapylandygyny, onuň bagrynda gyssagly operasiýa edilmeginiň zerurdygyny aýdýarlar.
Ýöne bu operasiýanyň bahasy näsag we onuň maşgalasy üçin örän gymmat bolup çykýar, olardan welaýat merkezindäki hassahanada ediljek operasiýa üçin dört müň manat tölemegi soraýarlar.
Netijede, bu serişdäni tapyp bilmedik maşgala näsagyň bagryndaky operasiýany etrap hassahanasynda etdirmek kararyna gelýär, sebäbi ol ýerde bu operasiýa üçin 1200 manat soraýarlar.
Emma welaýat merkezinde edilmeli gymmat operasiýadan arzanrak düşen operasiýasy näsaga has gymmat düşene meňzeýär.
“Operasiýadan soň gyzymyň gyzgyny galyp başlady we hatda 40 gradusa çenli baryp ýetdi, lukmanlar gyzgynyny peseltjek bolup, oňa her dürli gyzgyn peseldýän dermanlary sanjym etdiler” diýip, näsagyň ejesi Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.
Ýöne ol gyzyna edilen sanjym dermanlarynyň atlaryny bilmeýär.
“Edilen sanjymlardan soň gyzym aýaklaryny duýman başlady we ýöremekden galdy. Lukmanlar “bu geçer” diýdiler. Ol hassahana düşeginde ýatan wagtynda hemişe hereketsiz boldy, arkasynda uzak ýatmakdan deriniň ölen ýerleri peýda boldy” diýip, näsagyň ejesi gürrüň berdi.
Şeýle-de ene gyzy hassahanadan çykarylanda, onuň jogapkärçiligini hiç kimiň öz üstüne almandygyny aýtdy.
Azatlygyň ýerli habarçysy bu waka barada ýerli ekspertiň hem pikirini sorady.
Anonimlik şertinde gürleşen saglyk eksperti, ozalky lukman, beýle ýagdaýyň döremegine operasiýa eden lukmanyň “gödek ýalňyşynyň” sebäp bolandygyny öňe sürdi. Ol bu "ýagdaýa” düşen näsaga soňra hem bolmalysy ýaly seredilmändigini, sebäbi türkmen lukmanlarynyň soňky döwürde köplenç näsagyň ýa onuň hossarlarynyň “eline seredýändigini” sözüne goşdy.
“Eger ol näsagyň maşgalasynyň puly bolan bolsady, oňa aýratyn ýagdaýda serederdiler” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran saglyk eksperti aýtdy.
Azatlygyň habarçysynyň anyklamagyna görä, gürrüňi edilýän zenan adamsy bilen aýrylyşan we ýekelikde bir çagasyny terbiýeleýär. Ol bu wakadan soň dürli hasshanalarda bolýar, hatda Aşgabatda hem barlagdan geçýär, emma oňa her baran ýerinde başga-başga diagnozlary goýýarlar.
Näsagyň ejesi ugruna çykyp, gyzyna döwletden maddy kömek almagy başardy, oňa 1-nji topar maýyplyk derejesi berildi diýip, habarçy ýazýar. Ýöne onuň alýan kömegi ýeterlik däl, diňe geptaral dermanynyň özi dermanhanalarda 700 manatdan satylýar diýip, habarçy ýazýar.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen saglyk eksperti hem dermanlaryň maşgalalar üçin gymmat bolýandygyny, olaryň zerur dermanlary satyn alyp bilmeýän wagtynyň az däldigini gürrüň berdi.
“Golaýda onuň ýene-de gyzgyny galdy, onsoň ýene lukmanlara ýüz tutdular, lukmanlar barladylar, gany az diýen netijä geldiler, ol ýene derman almaly, emma derman gymmat... Ýerli lukmanlar jogapkärçiligi öz üstlerine almak islemeýärler, Aşgabada iberýärler. Munuň üçinem pul gerek” diýip, Azatlygyň habarçysy regionlaryň birinde agyr ýagdaýa düşen näsag barada beren maglumatynda ýazýar.
Türkmen mediasy ýurtda döwrebap saglyk desgalarynyň yzygiderli gurulýandygyny, olaryň iň täze medisina enjamlary bilen abzallaşdyrylýandygyny habar berýär, emma saglygy saklaýyş pudagynda bar diýilýän problemalary agzamaýar.
Şu aralykda türkmenistanlylar, eger ýagdaýyny tapsalar, karz-kowala girip, dertlerini daşary ýurtlara gidip bejertmegi ileri tutýarlar. Olar munuň sebäbini ýerli lukmanlaryň hünär derejesiniň peselmegi bilen düşündirýärler.