Stambully saýlawçylar täzeden şäher häkimini saýlamak üçin gaýtadan ses berýärler, ozalky geçirilen saýlawlarda oppozisiýa kandidaty ýeňiş gazandy. Emma prezident Rejep Taýyp Erdogan, hamala, ses berişlikde bidüzgünçiliklere ýol berlendigini aýdansoň, saýlaw netijeleri bikanun hasaplandy.
Saýlaw kampaniýalary 22-nji iýunda, agşam sagat 6-da bes edildi we 23-nji iýun güni irden ses berişlik başlandy.
31-nji martdaky saýlawlarda oppozisiýa kandidaty Ekrem Imamoglunyň sesleriň aglaba köplügini almagy Erdoganyň dolandyryjy AK partiýasy üçin agyr zarba boldy we prezident bu saýlawlarda “bidüzgünçilkleriň we korrupsiýanyň” bolandygyny aýdyp, olaryň täzeden geçirilmegini talap etdi.
Ýokary saýlaw geňeşi 6-njy maýda saýlaw netijelerini bikanun hasaplady we şäher häkiminiň täze saýlawlaryny 23-nji iýunda bellemek barada karar çykardy. Bu karar halkara tankydyna sebäp boldy.
49 ýaşyndaky Imamoglu, Halk jemhuriýet partiýasynyň agzasy, bu karary “haýynlyk” diýip atlandyrdy.
63 ýaşyndaky Binali Ýildirim, hökümete tarapdar we Erdoganyň ygrarly goldawçysy bolan kandidat özüniň ýurduň premýer-ministri we transport ministri bolan wagtyndaky gazananlarynyulandy.
Erdogan bäsleşige gatnaşmasa-da,synçylaryň köpüsi Stambuldaky ikinji ýeňlişiň öz syýasy galkynyşyny Stambulyň häkimliginden başlan prezident üçin uly urgy boljakdygyny aýdýar.
HJP saýlaw stansiýalaryna 200 müň synçy iberjekdigini we şäherdäki her ses gapyrjagynyň ýanyndan gözegçi goýuljakdygyny aýtdy.
Ýewropa geňeşi hem saýlaw uçastoklaryna gözegçi iberjekdigini aýtdy.
Ses bermäge 10 million çemesi adamyň hukugy bar. Ses berişlikler ir sagat 8-den agşam sagat 5-e çenli dowam eder. Başlangyç netijeleriň 23-nji iýunda, giçlik yglan edilmegine garaşylýar.