Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Ministrler kabinetiniň mejlisini geçirip, onuň adatdaky wagtyndan bir gün öň geçirilmeginiň sebäbini maý aýynda köp çäre geçirmegiň göz öňünde tutulýandygy bilen düşündirdi.
Mundan öňki hökümet mejlislerinde hem prezident öňde duran çäreleri we baýramçylyklary 'ýokary gurmaçylyk derejesinde geçirmegi' talap edýärdi.
“Bu çäreleriň ählisini ýokary derejede geçirmek üçin, biz iş wagtymyzy dogry ulanmalydyrys” diýip, TDH prezidentiň sözlerini sitirleýär. Döwlet baştutanynyň bu sözleri ýurtda barha gürelýän we uludan tutulýan köpçülik çäreleriniň, baramçylyk dabaralarynyň fonunda aýdyldy.
“Azatlygyň” ýerli habarçylary hökümetdäki çeşmelere salgylanyp, bu çärelere we baýramçylyklara, dürli maslahatlara we sergilere her ýylda millionlarça dollarlyk döwlet serişdesiniň sarp edilýändigini, golaýda geçirilen Türkmen aty baýramçylygynda ozalky harajatlaryň üstüne beýik jaýlaryň depesinde oturtmak üçin daşary ýurtlardan import edilen äpet monitorlaryň hem bahalarynyň goşulandygyny habar berýärler.
Aşgabatdaky mekdep okuwçylarynyň, studentleriň ene-atalarynyň käbiri bolsa, çäreler, baýramçylyklar we ýowarlar zerarly çagalarynyň uly wagtynyň, belki-de gelejeginiň ogurlanýandygyny aýdyp zeýrenýärler.
“Azatlyk” bilen anonim şertde gürleşen ýerli synçylar, şol sanda ozalky resmileriň birnäçesi ýurtdaky ýygnaklaryň we köpçülik çäreleriniň Türkmenistanyň ykdysady ösüşne esasy bökdenç döredýän päsgelçilikleriň biridigini öňe sürýärler.
Ozalky türkmen resmisi, häzir Awstirýada ýaşaýan Nurmuhammet Hanamow “Azatlyk” bilen telefon söhbetdeşliginde bu“çäre, adamlary syýasatyň oýunjagyna öwürmek” medeniýetiniň sowet döwründen gelýändigini we juda köp wagt hem serişde ýitirilmegine sebäp bolýandygyny aýtdy.
“Bu öňden gelýän kesel, Saparmyrat Nyýazow döwründe-de şeýledi. Ynha, meniň özüm uly edaranyň ýolbaşçysy bolup işlämde, ir sagat 8-den agşam sagat 9-10-a çenli işleýärdik. Ýöne gündiz köplenç, haýsam bolsa bir orunbasar ýygnak geçirende, saňa degişli bolmasa-da çagyrýarlar. Bir topar ministr 3-4 sagat ýygnakda oturyp, günüň ýarysyny ýitirýär. Şondan soň nähili bolsun?” diýip, öňki resmi sorag berýär.
Onuň pikiriçe, Berdimuhamedow hepdede iki gün ýygnak geçirip, ol ýygnaga barmaly, taýynlyk görmeli resmileriň azyndan iki iş gününi “püçege çykarýar”.
“Prezident beýlekilere iş wagtyny dogry ulanmak barada tabşyryk bermezinden öň, ilki özi hökümet agzalarynyň, beýleki resmileriň, şol sanda buýjet edaralarynyň işgärleriniň, okuwçylaryň, studentleriň, pensioner ýaşulularyňwagtyny we energiýasyny biderek, manysyz çäreler we dabaralar bilen ýele sowurmagyny bes etse, türkmen döwleti üçin-de, türkmen halky üçin-de has peýdaly bolardy” diýip, Hanamow sözüniň üstüni ýetirdi.
Türkmenistanyň Türkiýedäki we Ysraýyldaky ilçisi bolup işlän Hanamow bu çäreleriň ozal S.Nyýazowa, soň G.Berdimuhamedowa beýle gerekli bolmagynyň sebäbini olaryň günäni beýlekileriň üstüne atmak, özlerini “akja jüýje edip görkezmek” islegleri bilen düşündirýär.
“Näme üçin diýseň, muny edýänleriniň sebäbi bar, diňe telewizorda görkezmek üçin, esasanam özi ýygnak geçirende telewizor hökman görkezmeli. “Ynha, prezident pylan çereleri görýär, ony edýär, muny edýär, ýöne diýýänini ýerine ýetirenoklar. Beýlekiler günäkär, prezident günäkär däl” diýdirjek bolup edilýän oýunlar bular” diýip, Hanamow Wenadan telefonda beren gürrüňinde aýtdy.
Berdimuhamedow 2-nji maýda “iş wagtyny dogry ulanmak” barada aýdan sözlerinden soň, mejilise gatnaşan resmilere ýüzlenip, olaryň “ertir gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň 4 aýynda alnyp barlan işleriň jemleri boýunça ýygnak we maslahat geçirmegini" buýurdy we onuň bu tabşyrygy şu gün, 3-nji maýda, ýerli çeşmäniň maglumatyna görä, “gyşarnyksyz ýerine ýetirldi”.