Türkiýe türkmenistanly raýatlaryň ýykgyn edýän esasy ýurtlarynyň başyny çekmäge dowam edýär. Türkmenistanda raýatlaryň syýahat azatlygyna getirilýän dürli çäklendirmeleriň fonunda, Türkiýä gidýän türkmenistanly raýatlaryň sany barha köpelýär.
Türkiýäniň Medeniýet we turizm ministrliginiň beren maglumatyna görä, 2017-nji ýylyň ilkinji 5 aýynda ýurda 8 762 509 turist gelipdir. Şol sanda Türkmenistandan turist bolup gelenleriň sanynyň hem ýanwar bilen maý aralygynda geçen ýyla görä 31,97 göterim köpelendigi aýan edilýär.
Beýleki tarapdan, "Anadolu" habar gullugynyň Antalýanyň söwda we senagat palatasynyň hasabatyna salgylanyp berýän maglumatyna görä, Antalýada daşary ýurt maýaly firmalaryň sany 2016-njy ýylyň iýun aýy bilen deňeşdirilende 4,3 göterim köpelipdir.
Hasabata görä, türkmenistanlylaryň maýasy bilen gurlan firma sany 25, Özbegistanlylaryňky 26 we Gyrgyzystanlylaryňky hem 27 sany. Hasabatda bellenişine görä, Türkiýede Stambuldan soň iň köp daşary ýurt maýaly firma Antalýada ýerleşýär.
Howpsuzlyk sebäpli adynyň efirde tutulmazlygy sorap Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan Antalýa ýaşamaga gelýän türkmenistanlylara geňeşdarlyk hyzmatyny berýän bir aşgabatly zenanyň aýtmagyna görä, türkmenler soňky döwürlerde Stambuldan soň has köp Antalýada ýaşamaga ürj edýärler.
"Biziň müşderilerimiz owal ýa-da häzir hökümetde möhüm wezipede işleýänler bolup durýar. Häzir dogrydanam Antalýada köp türkmeniň öz firmasy bar we gelip bärde mal-mülk edinýänlerem günsaýyn köpelýär. Meniň özümem birnäçe ýyldan bäri Antalýada ýaşaýaryn we hut türkmenistanly müşderilere hyzmat berýärin. Olar howpsuzlyk sebäpli hakyky adynyň tutulmazlygyny we mal-mülk edinen mahaly hem hiç kime maglumat berilmezligini haýyş edýärler" diýip, Antalýada ýaşaýan türkmen işewür zenany gürrüň berýär.
Gepiň gerdişine görä ýatlap geçsek, Türkiýä gelýän türkmen migrantlarynyň aglaba köpçüligi zähmet migranty, studentler we şol bir wagtyň özünde-de söwda-satyk üçin gelýänler.
Stambul uniwersitetinden ylymlaryň doktory dosent Özge Gökdemir we Marmara uniwersitetinden ylymlaryň doktory Songül Gül tarapyndan Türkiýede ýaşaýan migrantlaryň hoşallyk derejesini öwrenmek maksatnamasy çäginde Stambula daşary ýurtlardan gelip ornaşan migrantlar barasynda golaýda çap edilen habarnamada bolsa, Türkmenistanyň Stambulda kanuny ýaşaýan migrantlar taýdan hem üçünji orunda durýandygy mälim edilýär.
Türkiýäniň Ýokary okuw jaýlary edarasynyň hasabatyna görä bolsa, Türkmenistan Türkiýede bilim alýan studentleriň umumy sany taýdan hem üçünji orunda durýar.
Türkiýäniň Migrasiýa gullugynyň maglumatyna görä, 2016-njy we 2017-nji ýyllarda ýaşaýyş rugsadyny alan türkmenistanly raýatlaryň umumy sany 25 müň adam. Ýene 5 müň türkmen migrant iş rugsadyny alan. Bulardan başga müňe golaý türkmenistanly hem Türkiýede BMG-na bosgunlyga ýüz tutupdyr.
Şeýlelik-de häzirki wagtda Türkiýede diňe 2016-njy we 2017-nji ýyllarda kanuny taýdan hasaba alynan türkmenistanly raýatlaryň sany 30 müň töwereginde. 2012-nji ýyldan bäri Türkiýedäki köne pasportly türkmen migrantlar babatda geçirlen barlaglaryň netijesine görä bolsa, Türkiýede diňe 2012-nji ýyldan bäri takmynan 200 müňe golaý köne pasportly we wiza möhleti gutaran türkmen migrantyň hasaba alynandygy çak edilýär.