Hong Kongyň sudy 2014-nji ýyldaky demokratiýa tarapdar “Okkupirlemek” hereketiniň sekiz liderini degişlilikde 16 aýa çenli türme tussaglygyna höküm etdi. Bu Hong Kongda aktiwistler köçelerde köpçülikleýin protestlere başlanyndan bäş ýyla golaý wagt soň, Hytaý tarapyndan dolandyrylýan şäherde azatlyklaryň aşaklaýandygynyň iň soňky alamaty ýaly bolup görünýär.
24-nji aprelde çykarylan höküm, Hytaýyň Kommunist partiýasynyň liderleriniň Hong Kong awtonomiýasyna basyşlaryny artdyran mahalynda, bir aýa golaý wagt dowam eden sud prosesiniň yzýanyna gabat geldi.
Bu sud işi daşary ýurt hökümetleriniň, adam hukuklaryny gorap çykyş edýän toparlaryň we biznes işewürleriniň arasynda aladalanmalary artdyrdy.
54 ýaşly hukuk professory Benny Taýyň (Benny Tai) we pensiýa çykan sosiolog Çan Kin-manyň (Chan Kin-man) ikisi hem 16 aýtürme tussaglygyna höküm edildi.
Olar demonstrasiýalar bilen ilteşikli jemgyýetçilikde bidüzgünçilik döretmäge gönükdirilen dildüwşükde günäli tapyldylar. 2014-nji ýylyň ahyrynda bolan şol demonstrasiýalar Hong Kongyň käbir bölekleriniň 79 günläp ýapylmagyna getiripdi.
75 ýaşyndaky pastor Çu Ýiu-ming (Chu Yiu-ming) şertli tussaglyga höküm edildi.