Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatlylar 'mugtçulyk' döwründe oturdan suw ölçeýjilerini gaýtadan barlatmaly bolýarlar


illýustrasiýa suraty
illýustrasiýa suraty

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň sözlerine görä, Aşgabadyň ýaşaýjylary suw üçin töleg tölemekde täze kynçylyklara duçar bolupdyrlar. Bu gezek harçlanan suw ölçeýjileri öz öýlerinde 2016-njy ýylda oturdan ýaşaýjylardan gurallaryny gaýtadan barlatmak talap edilýär.

Ýatlatsak, Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň suw, gaz we tok mugtçulygyny ýatyrmak barada 2018-nji ýylyň güýzünde yglan eden kararyna laýyklykda, ýurduň ilaty ulanýan serişdeleri üçin tölegleri hasaplaýjy gurallaryň esasynda tölemäge borçly.

"Aşgabatagyzsuwyň düzgünlerine görä, hasaplaýjylaryň barlaglaryny onuň öz laboratoriýasynda geçirmelidigi mälim boldy. Ulanyja ussany özbaşdak tapmagy maslahat berýärler (olar öz ussalaryny bermeýärler), soň ölçeýjini duran ýerinden aýryp, ony barlag üçin laboratoriýa alyp barmagy, soňra täze açylan Tükmenstandart edarasynda (Parahat-7) belletmegi, bu ýerde diňe möhür basýarlar, ondan soň ýene laboratoriýa dolanmagy, soň hyzmat üçin bankda (Wodokanalyň öz kassasy ýok) töleg etmegi talap edýärler. Bulardan soň ýene-de ussa gözläp, öz hasaplaýjy guralyňy öýüňde oturtmaly" diýip, 8-nji aprelde Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Aprel aýynyň başynda “Aşgabatagyzsuw” paýtagtyň ýaşaýjylaryny suwy tygşytly ulanmaga we onuň töleglerini wagtynda geçirmäge çagyrýan bildiriş çap etdi.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, şu günki gün suw ölçeýjileri barlatmagyň çylşyrymly düzgünlerinden daşary, munuň maliýe çykdajysy hem bar.

"Laboratoriýadaky barlaglar we döwlet standart edarasynyň möhüri 40 manada düşdi. Ölçeýjiniň duran ýerinden aýrylyp, soň gaýtadan oturdylmagy ortaça hasapdan 100 manada (her bir iş üçin 50 manatdan) düşýär. Pensionerler, az girdejili maşgalalar we işsizler üçin bu maliýe betbagtçylygykdyr" diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.

Türkmenistanda gaz we suw ölçeýjileriniň oturdylmagy 2016-njy ýylda başlanypdy, emma 2018-nji ýylyň güýzünde köpçülikleýin häsiýete eýe bolupdy. Gurallaryň ýaşaýyş jaýlarda gurdurmak işi şäher we oba häkimiýetleriniň gözegçiliginde ýaşaýjylaryň hasabyna amala aşyryldy. Soňky aýlarda bu hojalyk işlerine gözegçilige käbir halatlarda polisiýa gatnaşypdy.

Munuň bilen bir wagtda Azatlyk bilen söhbetdeş bolan aşgabatlylar, öý hojalyk hyzmatlaryny hasaplamak boýunça düzgünleriň, ölçeýji gurallaryň hasaba alynmagynyň köplenç düşnüksizdigini aýdýarlar we jemagat edaralarynyň işgärleriniň bolsa ilata düşündiriş bermeýändigini belleýärler.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary, şu ýylyň ýanwar aýynda paýtagtyň ýaşaýjylarynyň ozalky ýyllarda ilata "mugt" hökmünde berlen suw üçin tölemäge mejbur bolandygyny, jerimä sezewar edilendigini habar beripdi. Hususan-da, ýaşaýjylardan 2017-nji we 2018-nji ýyllarda berlen suw üçin her aý üçin 84 manatdan tölemek talap edilipdi.

Üstesine, soňky aýlarda Azatlygyň habarçylary we aşgabatly söhbetdeşleri suw üçin ýaşaýjylardan alynýan tölegleriň artdyrylyp alynýandygy we nädogry hasap çykarylýandygy barada habar beripdi.

​"Aşgabatagyzsuw" edarasynyň işgärleriniň Azatlyk Radiosynyň habarçysyna aýtmagyna görä, häzirki wagtda kärhanada prokuror barlaglary geçirilýär.

Azatlyk Radiosy aýdylýan barlaglaryň sebäplerini entek anyklap bilmedi, şeýle-de, "Aşgabatagyzsuw" kärhanasynyň özünden resmi kommentariý alyp bolmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG