Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan munisipal saýlawlarda möhüm şowsuzlykdan ejir çekýän ýaly bolup görünýär


31-nji martda Ankarada türkler ses berýär.
31-nji martda Ankarada türkler ses berýär.

Türk prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan we onuň yslama esaslanýan “Ak partiýasy” ýurduň munisipal saýlawlarynda Ankarada ýeňilip, möhüm şowsuzlykdan ejir çekýän ýaly bolup görünýär.

1-nji aprelde Türkiýäniň media serişdeleriniň maglumatyna görä, oppozision Respublikan Halk partiýanyň (CHP) kandidaty Mansur Ýawaş Ankarada anyk ýeňiş gazandy. Şeýle-de, Stambulda netijeleriň biri-birine örän golaý bolandygy sebäpli kimiň ýeňiş gazanandygy nämälim bolup galsa-da, Erdogan bu şäherde hem ýeňlişi kabul eden ýaly bolup görünýär.

“Stambulda etraplaryň aglabasy biziňki ýa-da biz deňe-deň. Bu nämäni aňladýar? Biziň halkymyz şäheriň ýolbaşçylygyny alsa-da, etraplary Ak partiýa berdi” diýip, Erdogan Ankarada eden çykyşynda aýtdy.

CHP sesleriň 98,8 prosentiniň sanalmagy netijesinde öz dalaşgärlerine 4,111,219 saýlawçynyň, AKP-niň goldaýan kandidatyna 4,106,776 saýlawçynyň ses berendigini aýtdy.

Erdogan we onuň partiýasy 2002-nji ýyldan bäri ýurtda geçirilýän saýlawlaryň ählisinde ýeňiş gazanyp gelýärdi.

XS
SM
MD
LG