2014-nji ýylyň 27-nji fewral güni heniz jahan ýagtylmanka agyr ýaragly, ýaşyl uniformaly harby nyşan dakynmadyk adamlar Ukrainanyň Krym ýarymadasynyň paýtagty Simferopolyň regional parlamentine kürsäp girdi hem-de binanyň depesine Russiýanyň baýdagyny dikdi.
Bu hereket Kremliň wezipeden kowlan tarapdary ukrain prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň Kiýewden gaçyp çykmagynyň yzýany, ýarymadanyň ykbalyny kesgitlemek üçin parlament binanysynyň daşynda russiýaçylar bilen olara garşydaş protestçileriň arasynda dörän çaknyşygyň ertesi gününe gabat geldi. Bu entek başlangyçdy.
Şondan soňky iki hepdäniň dowamynda ýüzi nikaply “komandolar” ýarymadanyň çar künjüne ýaýrap, Ukrainanyň harby bazalaryny we strategiki desgalary ele geçirdi. Hemmeler olaryň rus harbylarydygyny bilýärdi. Harbylardan biri kameranyň öňünde şunça gürrüň etdi.
Moskwanyň bu güýçleri, ýagny köpleriň arasynda “ýaşyl adamjyklar” diýlip tanalýanlary iberendigi barada bar bolan anyk alamatlara garamazdan Russiýa 2014-nji ýylyň martynda harbylaryň birden peýda bolup, 2014-nji ýylyň martynda Moskwanyň Krymy anneksiýa etmeginde olaryň beren ýardamyny bassyr-ýussur etmäge hem-de bolan zatlary inkär etmek kampaniýalaryna girişdi.
Russiýa olary Krymyň rus dilli ilatyna ukrainaly aşa milletçilerden abanýandygy öňe sürülýän wehimlerden biynjalyk bolan ýerlileriň döreden “özbaşdak gorag birikmeleri” diýip düşündirdi.
Ýöne soňra waka üýtgäp başlady.
Bu ýerde görer ýaly zat ýok
Krym parlamentiniň hem-de regional hökümet binalarynyň basylyp alynmagyndan bir gün soňra ýüzi nikaply rus harbylary Simferopol aeroportunda gözegçiligi ele geçirdi. Ýygnananlaryň arasynda bir aýal harbylaryň milletini anyk bilýän ýalydy. Olar harby ýük ulagyna özleriniň ýaraglaryny ýükleýän pursadynda ol zenan “Russiýa, Russiýa!” diýip gygyrýardy.
Ýöne şol gün Russiýanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisi Euronews kanalyna beren interwýusynda aeroportdaky goşunlaryň rus harbylary däldigini aýtdy. “Ol ýerde düýbünden goşun ýok, iň azyndan, rus goşuny ýok” diýip, Wladimir Çižow aýtdy.
Aradan birnäçe gün geçenden soň, Krymda bolup geçýän wakalar barada özüniň jemgyýetçiligiň öňünde ilkinji çykyşynyň dowamynda rus prezidenti Wladimir Putinden göni, rus goşunlarynyň ýarymadada ukrain harbylaryny öz bazalarynyň içine gabap gabamaýandygy soraldy.
Bu gabawlarda rus harbylarynyň roly boýunça bar bolan anyk subutnamalara garamazdan, Putin: “Olar özbaşdak gorag birikmeleri” diýip, jogap berdi.
Bloomberg kanalynyň sorag soran habarçysy ýaragly adamlaryň “uniformalarynyň Russiýanyň Ýaragly güýçleriniň harby lybaslaryna gaty meňzeýandigini” aýtdy.
Muňa Putin şeýle jogap berdi: “Post sowet ýurtlaryna serediň! Olarda şoňa meňzeş harby lybas köp. Dükana baryp, islendik harby lybasy satyn alyp bolýar”
Şol gün ukrainaly žurnalistler Kryma ýerleşdirilen birnäçe harbynyň özleriniň we kärdeşleriniň “Biz rus” diýýändiklerini görkezýän wideolary YouTube saýtynda çap etdiler.
Krymda özlerine rus diýýän adamlary görkezýän wideolar boýunça berlen soraga, Putiniň goranmak ministri Sergeý Şoýgunyň: “Bularyň hemmesi tutuşlygyna bolgusyz gürrüň” diýip, jogap berendigini şol döwürlerde Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki RIA Nowosti habar agentligi habar beripdi.
Krymdaky nyşansyz uniforma geýnen adamlaryň ruslardygy ýa-da däldigi barada özüne berlen soraga Şoýgunyň “elbetde däl, siz adam oýnaýaňyzmy?” diýip, jogap berendigini Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki TASS habar agentligi habar berdi
Bu aralykda Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Madridde özüniň ispaniýaly kärdeşi bilen geçiren metbugat maslahatynda Krymdaky russiýaçy güýçleriň Moskwadan buýruk almaýandygyny, şeýle-de Krymyň port şäheri bolan Sewastopoldadaky rus harby-deňz güýçleriniň harbylarynyň öz ýerlerinden hiç ýere bytnamandygyny aýtdy.
“Russiýanyň Gara deňizdäki goşunlary barada aýdylanda, olar özleriniň hemişlik ýerlerinden galýar. Hawa, Gara deňizdäki harby güýçleriň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça goşmaça çäre görüldi” diýip, Lawrow aýtdy.
Boýun alýana çalymdaş...
Russiýa birnäçe hepdeläp bu gürrüňleri inkär edenden soň, 2014-nji ýylyň 16-njy martynda Krymda geçirilen referendumyň yzýany äheňini ýuwaş-ýuwaş üýtgedip başlady. Referendumdan iki gün soň Moskwa ýarymadany resmi taýdan anneksiýa etdi. Bu referendum BMG-niň Baş Assambleýasynda 100 agzanyň sesi bilen legitim däl diýlip, ret edildi.
Anneksiýa ylalaşygyna gol çekilen güni Putiniň metbugat wekili BBC kanalyna beren interwýusynda “Krymyň özbaşdak gorag düzümleriniň” “käbir” ukrain harbylarynyň ýoluny baglandygyny aýdyp aýak diräpdi. Ol Krymyň çäginde, şol sanda ýarymada bilen Ukrainanyň galan böleginiň çäginde iň äzyndan käbir rus harbylarynyň gözegçilik edýändigini boýun alýan ýaly çykyş etdi.
“Olaryň ählisi Russiýanyň güýçleri däl. Russiýanyň harby-deňiz bazasynyň howpsuzlygyny pugtalandyrmak üçin ol ýerde rus güýçleri saklanylýar. Mundan beýläk, men bilmedim, sebäbi mundan beýläk, şu günden başlap, Krym Russiýa Federasiýasyna goşuldy. Häzir ol ýerde ýagdaý düýpgöter başga” diýip, Peskow aýtdy.
Mundan 10 gün soňra, Putin Kremlde howpsuzlyk güýçlerine ýüzlenip, Gara Deňiz Flotuna we “Krymda ýerleşdirilen beýleki birikmelere” gandöküşlige ýol bermändikleri, şeýle-de “referendumyň parahat we açyk ýagdaýda geçendigi” üçin minnetdarlygyny bildirdi.
Şol aýyň özünde, Putin Russiýanyň harby güýçleriniň referendumyň öňüsyrasy ýarymadada hereket edendiklerini ilkinji gezek boýun aldy. Emma, Putin olaryň ýerlileri goldamak üçin ýerleşdirilendiklerini öňe sürdi.
Putiniň telewideniýede geçirýän ýyllyk sorag-jogap çäresinde “ýaşyl adamjyklar” barada göni soralanda, ol “elbetde, biziň ofiserlerimiz Krymy goraýjylaryň arkasyny tutdy” diýip, jogap berdi.
“Referendumy açyk, aýdyň, ynsaply geçirip bilmek üçin, şeýle-de olaryň öz pikirlerini beýan edip bilmekleri üçin başga çäre ýokdy” diýip, Putin 2014-nji ýylyň 17-nji aprelinde göni ýaýlymda eden çykyşynda belledi.
Bolýar, olar bizdik
Anneksiýadan tas bir ýyl soň, Moskwa rus harbylarynyň Krymyň basylyp alynmagyna gatnaşmandygy baradaky bahanalaryny ahyrsoňy bir gyra oklady. 2015-nji ýylyň martynda efire berlen dokumental filimde Putin Ýanukowiç häkimiýetden gideninden soň, özüniň ýokary derejeli howpsuzlyk resmilerine Krymy ele geçirmek boýunça öz niýetini äşgär edendigini aýtdy.
“Men Ukrainadaky ýagdaýlar sebäpli, Krymy Russiýa gaýtarmak boýunça işleri geçirmäge mejbur galandygymyzy aýtdym” diýip, Putin şol dokumental filimde belledi.
Ol Ýakunowiçiň janyny halas etmek üçin özüniň harby we howpsuzlyk resmilerine tabşyryk berendigini hem sözüne goşdy. Ýanukowiç 2014-nji ýylyň 22-nji fewralynda Kiýewi terk edip, mundan bir hepde soň Russiýanyň günortasynda peýda bolupdy.
“Krym: Öýe tarap ýol” ady bilen çykan dokumental filimde Krymyň hökümet binalarynyň, aeroportlarynyň we beýleki desgalarynyň gözegçiligini ellerine geçiren “ýaşyl adamjyklaryň” rus esgerleri bolandygy aýan edildi.
Filimdäki berlen maglumatlara görä, Simferopolyň aeroporty Russiýanyň Sewastopoldaky Gara Deňiz Flotunyň gullukçylary tarapyndan ele geçirilipdir. Şol bir wagtda, Putiniň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisi Wladimir Çižow şol pursat rus esgerleriniň aeroportda hereket etmändigini aýdypdy.
Filimde Putiniň Russiýadan Kryma dürli harby derejelerdäki ofiserleri we esgerleri ýollandygy hem bellenildi. Şeýle-de filimde Russiýanyň şol ýerdäki harby deňiz güýçleriniň hereketlerini düzgünleşdirýän ikitaraplaýyn ylalaşyga laýyklykda, Moskwanyň 25 müňe çenli gullukçyny saklamaga rugsadynyň bardygy, şol sebäpli-de bu ädimiň kanunydygy öňe sürüldi.
Emma, bu ylalaşyga görä, Sewastopolyň çäklerinden daşarda rus güýçleriniň islendik hereketi Ukraina tarapyndan makullanmalydy. Mundanam başga, dokument Krymdaky rus güýçleriniň “Ukrainanyň içerki işlerine goşulmagyna” rugsat bermeýärdi.
Putin aglaba rusça gürleýän krymlylary Ukrainanyň milletçilerinden goramak üçin rus esgerleriniň ugradylmagynyň zerur bolandygyny nygtady. Bu düşündirişi Kremliň tankytçylary we Günbatar hökümetleri ret etdiler.
“20 müň sany gowy ýaraglanan [ukrain esgerlerini] duruzmak we ýaragsyzlandyrmak üçin, belli bir görnüşdäki şahsy düzümiň bolmagy zerur. Diňe bir san taýdan däl, eýse hil taýdan-da. Bize bu işleri edip biljek hünärmenler gerekdi” diýip, Putin dokumental filimde çykyş etdi.
“Şol sebäpli, men Goranmak ministrligine – muny näme üçin gizlemeli? – Krymdaky harby desgalarymyzyň goraglygyny üpjün etmek üçin GRU-nyň [harby aňtaw] ýörite güýçlerini, deňizçileri, kommandos güýçlerini ugratmak baradaky degişli buýruklary berdim” diýip, Putin sözüne goşdy.
Putinde Krymdaky ýaragly adamlaryň şahsyýetleri baradaky üýtgäp duran çykyşlaryny düşündirmek üçin gowy bir mümkinçilik döräpdi.
Geçen ýyl Putin awstriýanyň žurnalisti Armin Wolfa giň göwrümli interwýu beripdi. Şonda žurnalist “ýaşyl adamjyklar” we Moskwanyň Krymdaky harby hereketleri barada dowamly soraglary berdi. Emma, Putin özüniň biri-birinden tapawutly çykyşlarynyň üstünde durmady.
Munuň deregine ol Kiýewdäki “ýaragly agdarylyşyk” diýip häsiýetlendiren wakalary barada gürrüň etmegi saýlady. Putin “biziň ýaragly güýçlerimiz Krymdaky ýaşaýan adamlara özleriniň erk-ygtyýarlygyny beýan etmegine mümkinçilik berdi” diýdi. Putin Kiýew bilen baglaşylan ikitaraplaýyn ylalaşykda kesgitlenen esgerleriň sanyndan artykmaç güýçleriň ýollanmandygyny ýene bir gezek tekrarlady.
Interwýunyň bir ýerinde Wolf Putine “Siz soňy bilen rus harbylarynyň Krymda bolandygyny boýun aldyňyz. Ýöne siz muny inkär edýärdiňiz” diýen soragy berdi.
“Biz hiç zady inkär etmedik. Russiýanyň armiýasy elmydama-da ol ýerde bardy” diýip, jogap berdi.
Putiniň “biz hiç zady inkär etmedik” diýen sözleri Kremliň interwýunyň kagyz ýüzüne geçiren resmi nusgasyndan aýryldy.