Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 23-nji fewralda Çoganlyda gurulýan “ýaşaýyş jaýlaryndaky basgançaklaryň gyrasynda oturdylan tutawaçlaryň ygtybarly bolmalydygyny” aýtdy.
“Çünki olar maşgala agzalary, aýratyn-da çagalar üçin zerur amatlyklary döretmelidir” diýip, türkmen döwlet telewideniýesi döwlet baştutanynyň sözlerini sitirleýär.
Berdimuhamedow bu sözleri Aşgabadyň demirgazygyndaky Çoganlyda IIM-niň işgärleri üçin gurulýan ýaşaýyş jaý toplumyndaky işler bilen tanşanda aýtdy.
Şeýle-de prezident “jaýlaryň otaglarynda... telefon aragatnaşygynyň, internet ulgamynyň, kabelli teleýaýlymlaryň birikdirilmegi bilen baglanyşykly wezipeleriň oňyn çözülmelidigini” aýdyp, “munuň üçin otaglarda degişli enjamlaryň oturdylmagyny” tabşyrdy.
Içeri işler ministri Isgender Mulikowyň prezidente beren hasabatynda aýdylmagyna görä, täze jaýlaryň gurluşygynda we olaryň üpjünçiliginde diňe ýerli serişdeler ulanyldy.
Çoganlyda häzir Içeri işler ministrliginiň işgärlerine niýetlenen iki gatly, 5 otagly kottežleriň 40-sy ulanmaga berildi, 50-siniň gurluşygy tamamlanyp barýar, ýene 36 jaýyň düýbi tutuldy diýip, türkmen mediasy habar berýär.
Mundan öň häkimiýetler Çoganlyda ilat tarapyndan gurlan ýaşaýyş jaýlaryny birnäçe ýylyň dowamynda, tapgyrlaýyn ýykmak bilen meşgul boldular.
Mysal üçin, 2017-nji ýylyň aýagynda ozalky ‘Jygyllyk’bazarynyň golaýynda, “Tüwi bazary” adyny alan ýerdeýaşaýyş jaýlarynyň 100-e golaýy ýumrulyp, ol jaýlaryň ýaşaýjylary sowuk howada oturan ýerlerinden göçmäge mejbur edildi.
Şonda Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ýerli ýaşaýjylar jaýy ýykylan adamlaryň köpüsiniň wagtlaýyn ýa kireýine jaýlarda ýaşamaga mejbur edilýändigini, häkimiýetleriň emlägini ýitiren raýatlaryň ählisine deň göz bilen garamaýandygyny habar berdiler.
Çoganlydaky ýaşaýyş jaýlarynyň ýykylmagy bu ýerlere kanuny eýeçilik eden “Bagbanlar jemgyýetiniň” 2015-nji ýylyň 19-njy martynda öz-özüni ýapyp, garamagyndaky daça ýerlerini döwlet eýeçiligine geçirmeginden we ozaly daça ýerlerinde gurlan jaýlaryň köpçülikleýin ýykylmagynda başlandy.
"Çoganlynyň daçalary" diýip atandyrylýandygyna garamazdan, bag ekmek üçin berlen ýerlerde gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň ýyldan-ýyldan gürelmegi netijesinde, şol wagt bu ýer eýýäm şäherçä öwrülipdi.
Adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Amensty International” guramasy şonda, 2015-nji ýylyň 24-nji aprelinde Aşgabadyň demirgazygyndaky Çoganly daçalyklarynda ýüzlerçe adamyň jaýlarynyň ýumrulmagy bilen baglylykda gyssagly herekete geçmäge çagyrýan beýanat ýaýratdy.