Eýranyň mart aýyndan başlanýan ýyl senenamasynyň ilkinji dokuz aýynda Türkmenistan bilen serhetde ýerleşýän Sarahs demirýol menzili arkaly geçirilen eksport harytlarynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6% ýokarlandy.
“Biznes Türkmenistan” neşiriniň Eýranyň IRNA habar gullugyna salgylanyp ýazmagyna görä, demirýol menzili arkaly daşalýan ýükleriň möçberi, eksporty, importy we üstaşyr geçirilýän ýükleri öz içine alyp, 2,2 million tonna ýetdi
Horasan sebitiniň demirýol edarasynyň başlygy Mustafa Nasiriniň tassyklamagyna görä, ýükleriň esasy bölegini sement we metal gurnamalaryndan ybarat eksport harytlary (840 müň tonnadan gowrak) tutýar. Ýükleriň uly bölegi, eýran wagonlaryny ulanmak bilen, Türkmenistana eltildi.
Demirýol menzili arkaly geçirilen import harytlary hem 37% artyp, 61 müň tonna ýetdi. “Getirilen esasy harytlaryň hatarynda ýüplüge we oba hojalyk önümlerine aýratyn orun degişli” diýip, habarda anyklaşdyrylman aýdylýar.
Şeýle-de, geçen ýylda Sarahs menzili arkaly 1,035 million tonna ýüküň eksport edilendigi aýdylýar.