Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan ‘Western Union’ hyzmatlaryna täze çäklendirmeleri girizdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň banklary “Western Union” halkara pul geçirmek ulgamy arkaly daşary ýurtlardaky studentlere pul ibermek mümkinçiliklerine täze çäklendirmeleri girizdi.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran Aşgabatdaky habarçylarymyzyň biri şu aýyň başyndan bäri türkmen banklarynyň “Western Union” arkaly daşary ýurtlara pul iberjek müşderileriň günde 20 sanysyny kabul edýändigini aýtdy.

“Mundan öňki aýlarda Türkmenistanyň “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankyndan we “Türkmenistan” döwlet bankyndan talon alan adamlar nobata durup, şol nobata görä “Western Union” arkaly pul iberip bilýärdi. Indi adamlar talony alyp, şol banklaryň pul ibermek hyzmatlary bolan şahamçalaryndan ýörite nobat kartoçkasyny almaly. Şol berlen kartoçkadaky nomere görä, saňa ýene näçe günden gelmelidigiňi aýdýarlar. Ýöne her gün kabul edilýän adamyň sany 20-den geçmeýär” diýip, habarçy gürüň berdi.

Onuň sözlerine görä, bu täze çäklendirmeler sebäpli çagasy daşary ýurtlarda okaýan ene-atalaryň käbiri indi dekabryň başyndan bäri pul iberip bilmeýär.

“Adamlar ilki talon, soňra-da nobat kartoçkasy üçin nobata durmaly. Käbir ene-atalar dekabryň birinji ongünlüginde nobat kartoçkasyny alan bolsa, olara aýyň üçünji ongünlüginde gelmek tabşyrylypdyr. Häzir wagt talon we nobat kartoçkasyny almak üçin banklaryň öňünde nobata duran adamlaryň sany her gün 200-e ýetýär” diýip, habarçy belledi.

Aýdylmagyna görä, bu nobatlar we täze çäklendirme Ahal welaýatynyň dürli sebitlerinden gelýän adamlary has-da köseýär. Sebäbi Ahal welaýatynyň ýaşaýjylary diňe Aşgabat şäherinde ýerleşýän banklardaky “Western Union” hyzmatlaryndan pul iberip bilýär.

Habarçy türkmen banklaryndan “Western Union” hyzmatlary arkaly daşary ýurda pul iberip bilýän adamlaryň sanyna gündelik çäklendirmäniň girizilmeginiň sebäpleri bilen gyzyklanyp, Türkmenistanyň “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň Oguzhan köçesiniň ugrundaky şahamçasynyň bank resmisi bilen söhbetdeş boldy.

Anonim şertde maglumat beren bank resmisi bu barada özlerinde hem hiç hili maglumatyň ýokdugyny, ýöne täze düzgünler bilen bir hatarda şahamçadaky “Western Union” penjiresiniň sanynyň hem diňe 1-e çäklendirilendigini aýtdy.

Häzirki wagt Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň ýaşaýjylary “Western Union” hyzmatlary arkaly her aýda 300 amerikan dollaryny daşary ýurtdaky student dogan-garyndaşlaryna iberip bilýärler.

2016-njy ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Merkezi banky dollaryň resmi söwdasyny ýatyrandan soň, ýurtda dollaryň resmi kursy 3,5 manat möçberinde saklanylýan mahaly, onuň “gara bazardaky” bahasy bäş esse gymmatlap, 18 manada çenli ýetdi.

Munuň yz ýany, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky halkara bank kartlary boýunça we ýurduň daşyna ugradyp bolýan puluň möçberine dürli çäklendirmeleri girizdi.

Häzirki wagt Türkmenistanyň plastik bank kartlary we “Western Union” halkara pul geçirmek ulgamy türkmen studentleri üçin resmi kurs arkaly manady dollara çalyşmagyň ýeke-täk usullarynyň biri bolup galýar.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň girizen çäklendirmelerinden soň daşary ýurtlardaky türkmen studentleri özleriniň okuw we ýaşaýyş jaý töleglerini tölemekde dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolup gelýärler.

14-nji dekabrda Belarusyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmenistanly studentleriň ençemesi türkmen banklary tarapyndan berlen plastik kartlardan indi iki hepdä golaý wagt bäri nagt pul alyp bolmaýandygyny habar berdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG