Türkmen resmileri geljek – 2019-njy ýylyň şygaryny “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” diýip kesgitlediler.
Bu baradaky degişli teklibi 20-nji dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin maslahatynda Mejlisiň başlygy G.Mämmedowa hödürledi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu teklibi makullap, täze şygaryň ýurduň parahatçylygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe gitmegini alamatlandyrýandygyny belledi.
Berdimuhamedow bu teklibi kanunçylyk taýdan resmileşdirmegiň hem-de onuň ähmiýetini köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen ilatyň ähli gatlaklaryna ýetirmegiň möhümdigini belläp, bu babatda Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa hem-de wise-premýer B.Abdyýewa tabşyryklary berdi.
Türkmen resmileri 2018-nji ýylyň şygaryny Berdimuhamedowyň kitabynyň ady bilen, ýagny “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýip atlandyrypdylar.