Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak mediasy türkmen prezidentiniň 'zehinlerini' ýaňsylaýar


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow "Amul-Hazar" rallisine gatnaşýar. Arhiw suraty.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow "Amul-Hazar" rallisine gatnaşýar. Arhiw suraty.

Türkmenistanyň prezidenti gazak mediasy üçin hem "ýaňsy ýassygyna" öwrülýäne meňzeýär.

Gazagystanyň “Tengri News neşiri türkmen prezidentiniň hereketleri barada ilkinji “ýaňsyly” habaryny çap etdi. Bu habar “Ýene bir zehin: Türkmenistanyň prezidenti bouling oýnamakdaky ussatlygyny görkezdi” diýip atlandyrylýar.

Mundan öň gazak mediasy Türkmenistandaky wakalar hakynda beýle äheňde material çap etmeýärdi.

Türkmenistandaky problemalar sebitde ilki özbek žurnalistleriniň gözüne ildi, özbek telewideniýesi tomusda türkmenistanlylaryň çörek we beýleki azyk harytlaryny almak üçin nobata durşuny görkezdi.

Bu ýagdaý Özbegistanda prezident täzelenenden soň ýerli metbugatyň arkasyna şemal çalmak ähtimallygyndan yşarat etdi.

Türkmen häkimiýetleri özbek mediasynyň bu “batyrlygyna” hiç bir reaksiýa bildirmedi. Soňra gyrgyz mediasynda hem Türkmenistandaky çörek nobatlaryny, çörek getirýän maşynyň yzyndan ylgaýan adamlary görkezýän wideo peýda boldy. Bu wideo ilki “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri tarapyndan çap edildi. Gyrgyz mediasy, Azatlyga salgylanyp, häzir hem ýurytdaky un, çörek gytçylygy hakynda habar bermegini dowam etdirýär.

Gazak mediasynyň ýaňsylan täzeligi prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 9-njy dekabrda sport resmileriniň işinden nägile bolşy we soňra bouling oýnap, sport maşklaryny ýerine ýetirişi bilen bagly.

“Tengri News” neşiriniň habarynda şeýle göräýmäge resmi metbugatda aýdylan zatlardan artyk zat aýdylmaýar we habar tekstiniň üsti türkmen telewideniýesiniň sýužetinden alnan suratlar bilen ýetirilýär.

Ol suratlarda bouling oýnaýan prezident, Berdimuhamedowyň birmeňzeş geýnen we başlaryny aşak salyp,dik duran ýerlerinden özüne baş atýan resmileriň öňünde oturyp gürrüň edişi, döwlet baştutanynyň täze guruljak desgalaryň taslamalary boýunça bellik edişi we resmileriň onuň aýdýan zatlaryny gyssanmaç belläp alşy, soňra prezidentiň sport zalynda maşk edişi we beýlekiler görkezilýär.

Habaryň soňy türkmen prezidentiniň gije goşunlary örüzip, barlag geçirişi, kwadrosiklde gezim edişi, tigirli basketbol oýnaýşy we agtygy bilen saz çalyp, aýdym aýdyşy, sport maşynynda “göz görkezişi” we Ministrler kabinetiniň mejlisinde altyn çaýylan ştanga sütünini galdyryşy... bilen jemlenýär.

Gazak mediasy ozal bu täzelikler günbatar mediasynda çykanda, näme üçindir, olara beýle gyzyklanma bildirmändi.

Azatlyk radiosy gazak metbugatynyň, şol sanda beýleki goňşularyň birden Türkmenistana nazar aýlamagynyň sebäpleri bilen gyzyklanyp, Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça ekspet Brýus Panniýer bilen söhbetdeş boldy.

Ol türkmen temasynyň biraz öň “Akipres” neşiriniň hem gözüne ilendigini belläp, goňşularyň Türkmenistandaky problemalardan hemme kişiden gowy habarlydygyny nygtady.

Türkmenistan hemme zat ajaýyp diýen manydaky habarlary çap edip, daşarky dünýäniň gözüne näçe çöp atsa-da, öz goňşularyny aldap bilmez. Türkmenistandaky gazaklar, Türkmenistandaky özbekler serhetden aňyrdaky adamlar bilen habarlaşýar, olar nämeleriň bolup geçýändigini gowy bilýärler” diýip, Panniýer aýtdy.

Ekspertiň pikirçe, goňşy ýurtlarda Türkmenistan barada “ýaramaz” habarlaryň berlip başlanmagyna dürli tarapdan seredip bolar. Olaryň birinji jemgyýetçiligi habardar etmek bilen bagly bolsa, ikinjisi goňşy ýurtlaryň sebitde öz ýagdaýlarynyň gowudygyny görkezmek zerurlygy bilen bagly.

Türkmenistanda bolýan zatlary görkezmek, "biziň ýurdumyzda ýagdaý nähili hem bolsa, biz edil Türkmenistan ýaly däl” diýmegi aňladýar. Muňa hemişe çydap oturmak hökman däl, deňeşdirilende olar has gowy görünýär” diýip, Panniýer Azatlyk radiosyna aýtdy.

XS
SM
MD
LG