5-nji dekabrda Türkmenistanyň Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň merkezlerinde “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň düýbüni tutmak dabaralary boldy.
Türkmen mediasy bu kaşaň binalaryňgapdalynda dikuçar meýdançalarynyň, awtoduralgalaryň, dürli inženerçilik-tehniki desgalaryňboljakdygyny habar berýär.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 30-njy noýabrda gol çeken kararyna laýyklykda, her biri3000 orunlyk “ak öýleriň” gapdalyndan 3000 orunlyk sadaka jaýlary hem gurulmaly.
Kararda aýdylmagyna görä, welaýatlaryň öz serişdeleriniň hasabyna gurulmaly binalaryň döwlet gaznasyna näçä düşjekdigi anyklaşdyrylmaýar.
Türkmenistanda guralýan dabara-şowhunlary ägirt uly “Ak öý” binalarynda geçirmek däbi 2015-nji ýylda Mary welaýatyndan başlandy we geçen ýyl şeýle bina Ahal welaýatynda hem açyldy.
Emma bu binada Nowruz baýramçylygyna gatnaşan bir raýat, “Nowruz ýaýlasynda” gurlan “ak öý” binasy gurlanda, baýramçylyga toplanjak ýüzlerçe adamyň "hajathana zerurlyklarynyň ýeterlik nazarda tutulmandygyny" Azatlyk radiosyna habar berdi.
Türkmen mediasy ýurtda gurulýan kaşaň binalaryň “ösüşiň we ruhubelentligiň nyşanydygny” tekrarlaýar. Emma Türkmenistanyň Türkiýedäki we Ysraýyldaky ozalky ilçisi Nurmuhammet Hanamow bu gurluşyklary diňe “halkyň agzyndaky çöregini kesip almak” hasaplaýar.
“Edilýän gurluşyklar halkyň durmuşyny görkezmeýär, sebäbi olar daşy jäjek, içi möjek diýilýän bolýar. Olar bir ýöne öli heýkel. Ol halkyň durmuşyny hem gowulandyrmaýar, hakyky ýagdaýyny hem görkezmeýär” diýip, Hanamow Azatlyk radiosy bilen telefon söhbetdeşliginde aýtdy.
Wenada ýaşaýan raýat aktiwistiniň pikirine görä, “türkmen häkimiýetleri Halkara walýuta fondunyň ekspertleriniň döwlet harajatlaryny azaltmak hakynda beren maslahatlaryna çynlakaý seretseler, özleri üçin-de, kyn günleri başdan geçirýän ilat üçin-de gowy bolar”.
Şeýle-de ol mundan öňki ýyllarda ýüzlerçe million dollar serişdä gurlan desgalaryň köpüsiniň "boş durandygyny, olary kadaly ýagdaýda saklamak üçinem uly döwlet serişdesiniň harç edilýändigini", Türkmenistanda guralýan dabara-şowhunlaryň “Garynja gara günde, gurbaga saz bilen söhbetde” diýen sözi ýada salýandygyny belledi.
Ýurduň çar künjeginden Azatlyga radiosyna gelip gowuşýan fotosuratlar Türkmenistanda oba, etrap ýerlerindäki ýollaryň, köprüleriň, suw, elektrik we gaz geçirijileriniň töwerekleýin idege, bejerişe mätäçdigini görkezýär.
Türkmenistanyň prezidenti bu ýagdaýy wagtal-wagtal, hökümet maslahatlarynyň çäginde boýun hem alýar. Ýöne oba ýollaryny bejermek, köprüleri düzetmek ýaly talaplary ýyldan-ýyla bitirilmän galýar.
Azatlyk bilen anonim şertde gürleşen ýerli synçynyň pikirine görä, täze guruljak “ak öý” we sadaka binalary býujetde ýollara we beýleki zerur gurluşyklara niýetlenen serişdeleri iýer.
Türkmenistanda 2007-nji ýyldan bäri gurlan we gurulýan iri gurluşyklaryň köpüsi prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň karary we oňlamagy bilen başlanýar.