Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji oktýabrda Ahal welaýatynda gurlan 3 müň adamlyk dabaralar zalyny - “Nowruz ýaýlasynyň ak öýini” açmaga hem-de täze binanyň töwereginde bag nahallaryny oturtmak üçin guralan ýowara gatnaşdy.
Täze Ak öýüň açylyş dabarasyna prezident bilen bilelikde býujet işgärleri, studentler, pensionerler, daşary ýurt ilçihanalarynyň wekilleri gatnaşdy.
Prezident Berdimuhamedow täze gurlan ak öýe dikuçarly geldi we bu ýere ýygnananlaryň öňünde Nowruz baýramy, Nowruz däpleriniň Türkmenistanda dowam etdirilişi, Türkmenistanyň bitaraplygy we halkyň ‘bagtly, bol-elin durmyşy’, Ýaşulular maslahaty we olaryň döwlet dolandyryşyndaky roly hakynda söz sözledi.
Ol Köpetdagyň eteginde, Nowruz ýaýlasynda gurlan täze binanyň “rysgal-döwletiň özboluşly bir nyşanyna öwrüljekdigini”, “bu ýerde il-ýurt bähbitli möhüm çözgütleriň kabul ediljekdigini” aýtdy.
Şeýle-de prezident Ak öýüň gapdalynda gurlan binada köpçülikleýin çäreleriň geçiriljekdigini belledi.
Döwlet baştutany sözüni dowam etdirip, “bitarap Türkmenistanyň häzirki döwürde güýçli depginler bilen ösýän döwletleriň birine öwrülendigini”, raýatlaryň bol-elin durmuşda, bagtyýar ýaşaýandygyny nygtap geçdi.
Habarda aýdylmagyna görä, 9-10-njy oktýabrda bu binada Türkmenistanyň Ýaşulular maslahaty geçiriler.
Şeýle-de prezident bu hili ak öýleriň geljekde Lebap, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda hem guruljakdygynya ýtdy.
Mundan öň şeýle Ak öý 2015-nji ýylda Mary welaýatynda guruldy we dünýäde şeýle görnxşde gurlan iň uly öý hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Şeýle-de bu öýde prezidentiň “Öňe, eziz watan Türkmenistan, öňe” atly aýdymy 4 müň çemesi adamyň bilelikde aýtmagynda ýerine ýetirildi we bu täsinlik hem Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Emma döwlet eýeçiligindäki media täze desgalaryň bahasy ýa olara edilen harajatlaryň möçberi barada maglumat bermeýär.
Ak öý dabaraly ýagdaýda açylandan soň, prezident bag ekişlik ýowarynyň başlanýandygyny yglan etdi. Türkmen telewideniýesi prezidente alkyş aýdyp goşgy okaýan çagalary görkezdi we şondan soň ministrler, daşary ýurt ilçileri hem agaç nahallaryny oturtmaga gatnaşdylar.
Türkmen döwlet habar gullugynyň maglumatyna görä, bu gezekki ýowara ýurt boýunça 364 müň 700 adam gatnaşyp, 417 müň 715 bag nahaly ekildi.
Resmi metbugatyň maglumatyna görä, Berdimuhamedow ýowardan soň oňa gatnaşanlaryň ählisini boldan tutulan toý saçagynyň başyna çagyrdy. Emma “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri türkmen TW-sine salgylanyp, toý saçagynyň başynda diňe ministrleriň we ilçihanalaryň wekilleriniň görnendigigini, aksakallaryň, býujet işgärleriniň we studentleriň görünmändigini habar berýär.
Türkmenistan, ekspertleriň pikirine görä, soňky iki ýylda garaşszylyk ýyllaryndaky iň agyr ykdysady krizisini başdan geçirýär. Emma muňa garamazdan, Aşgabatda we regionlarda döwlet gaznasyna gymmat düşýän desgalary gurmak işi öňküleri ýaly dowam etdirilýär.
Geçen hepde prezident, serişde tygşytlamak çäreleri bilen baglylykda, iki ministriligi – Ykdysadyýet we Maliýe ministrliklerini birikdirdi. Geçen ýyl ol Netbit-gaz ministrligini ýatyrmak kararyna geldi we beýleki bir topar edara-kärhanalarda hem iş orunlarynyň gysgaldylandygy, ýüzlerçe adamyň işini ýitirendigi aýdylýar.