Belarus Türkmenistanda Garlykdaky dag magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinatynyň gurluşygy üçin puly henize çenli almandyr. Bu barada Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka 23-nji noýabrda aýtdy.
"Garlykdaky dag magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinatynyň gurluşygy üçin puluň henizem alynmandygy barada maňa hasabat berýärler. Men bu meseläniň çözgüdine garaşýaryn" diýip, Belarusyň "Belta" agentligi Lukaşenkany sitirleýär.
Media maglumatyna görä, prezident Lukaşenka Garlykdaky kombinat üçin algy meselesini Belarusyň gurluşyk pudagynyň netijeliligini galdyrmak boýunça maslahatynda gozgapdyr. Lukaşenka eksportyň we walýuta girdejisiniň Belarus üçin iňňän möhümdigini belledi.
"Şeýle-de, bu girdejiniň wagtynda gelmegi möhüm, şonuň üçin zyýan çekip, satmak we işlemek, ýyllarboýy hasaplaşyga garaşmak, ýol bererlikli däl" diýip, Belarusyň prezidenti aýtdy.
Belarus metbugatynyň maglumatynda, Belarusyň Garlykdaky dag magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinatynyň gurluşygy üçin algysynyň möçberi takyk edilmändir.
Şu ýylyň iýul aýynda Belarusyň media serişdeleri türkmen kompaniýalarynyň Belarusyň öňündäki möhleti geçen bergileriniň 2018-nji ýylyň birinji çäreýeginde alty esse ýokarlanyp, 85 million rubla ýetendigini ýurduň Milli bankyna salgylanyp habar berdiler.
Türkmenistanyň resmi maglumatlaryna görä, Garlykdaky dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinatyň gurluşygy tutuşlygyna Türkmenistanyň döwlet serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilip, 1 milliard amerikan dollaryna düşüpdir.
2009-2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň gündogarynda Garlykda gurlan dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinat 2017-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň we Belarusyň prezidentleriniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylypdy.
Türkmenistan kombinatyň ulanylyşyna berilmeginden soň ýylda 1.4 million tonna kaliý önümlerini öndürip, dünýä derejesinde kaliý öndürijileriniň we eksportýorlarynyň öňdebaryjy orunlaryň birine çykmagy planlaşdyrypdy.
Kaliý kombinatynyň gurluşygy “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň zakazy boýunça Belarusyň “Belgorhimprom” döwlet kärhanasynyň, şeýle-de iri belarus kompaniýalaryň gatnaşmagynda amala aşyrylypdy.
Öz tarapyndan Türkmenistan ýaňy-ýakynda Garlykdaky dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinatyň işi bilen baglylykda dawalary çözýän halkara suduna ýüzlenjegini mälim etdi.
5-nji noýabrda Türkmenistanyň prezidenti “senagat ägirdiniň” işiniň göz öňünde tutulan kuwwatyna çykmandygyny aýdyp, “kompleksiň işine degişli ähli meseleleri çözmek üçin, bar bolan kemçilikleri jikme-jik analiz etmegi we degişli dokumentleri taýýarlap, halkara arbitražyna tabşyrmagy wise-premýerine tabşyrdy.
Garlykdaky dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinat birnäçe ýyl bäri Türkmenistanyň we Belarusyň arasyndaky dawa sebäp bolup gelýär. 2016-njy ýylyň güýzünde Belarusyň döwlet kompaniýasy türkmen tarapyny gurluşykçylara aýlyk tölemezlikde aýyplady. Türkmenistan “Belgorhimpromy” ylalaşygyň şertlerini berjaý etmezlikde aýyplady.
Taraplaryň arasyndaky gapma-garşylyklara garamazdan, Garlykdaky kombinatyň 2017-nji ýylyň baharynda işe girizilmeginden soň Belarusyň prezidenti Lukaşenka Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Belarusdan Garlykdaky kombinata meňzeş dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy ikinji kombinaty gurmagy sorandygyny mälim edipdi. Soňra Belarusyň “Belgorhimprom” kärhanasy Türkmenistanda ikinji kaliý zawodyny gurmakdan ýüz öwürdi.
Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka ozalky çykyşlarynda Belarusyň Türkmenistan üçin Ýewropanyň merkezindäki “ynamdar diregdigini” aýdypdy.