Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Interpolyň prezidentligine günorta koreýaly dalaşgär saýlandy


Kim Jong-ýang
Kim Jong-ýang

Interpol günorta koreýaly dalaşgäri özüniň prezidenti hökmünde saýlady. Mundan öň ABŞ, Britaniýa we Ýewropa ýurtlary rus kandidatyna garşy çürt-kesik garşy çykypdylar.

“Wagtlaýyn prezident Kim Jong-ýang 21-nji noýabrda geçirilen ses berilişikde iki ýyl möhlet bilen halkara polisiýa agentliginiň başlyklygyna saýlandy” diýip, Interpol özüniň Twitter hasabynda mälim etdi.

Ses berilişigiň öňüsyrasy, Kremliň tankytçylary we Günbatar kanunçykaryjylary bu wezipä rus generaly Aleksandr Prokopçugyň saýlanmagyna garşy duýduryş beripdiler. Prokopçuk häzir agentligiň wise-prezidenti boldy.

Prokopçugyň kandidaturasyna garşy çykanlar, Moskwanyň agentligiň proseduralaryny öz syýasy duşmanlaryny yzarlamak üçin ulanandygy baradaky bildirilen aýyplamalar sebäpli, rus dalaşgäriniň saýlanmagynyň howply ädim boljakdygyny duýdurypdylar.

Russiýa Prokopçugyň tankytçylarynyň ony “abraýdan düşürmek ugrunda kampaniýa alyp barandyklaryny” aýtdy, şeýle-de rus kandidatynyň saýlanmagyna garşy çykyş eden ABŞ senatorlaryny ses berilişik prosesine goşulmakda aýyplady.

XS
SM
MD
LG