Alymlar ene-atalaryň ertekileri nähili äheňde ýa-da nähili ýagdaýda okan halatynda çagalaryň ukyplarynyň has kämilleşmegine peýdaly bolýandygyna göz ýetirmäge synanyşypdyrlar.
Ertekiler jadylydyr. Olar çagalary arzuw-hyýal äleminde alyslara alyp gidýär. Her birimiz çagalykda ertekileri hem-de hekaýalary diňläp, olary diýseň halaýardyk. Olar näme barada bolanda-da, biziň üçin tapawudy ýokdy! Ene-atalaryň özünden toslanlary bolsun ýa-da kitapdan okany parhy ýok, çagalar erteki diňlemegi halaýarlar.
Awstraliýaly alymlaryň geçiren ylmy barlaglarynyň netijesine görä, çagalara kitap okamak olaryň saýlap aljak uzak möhletli akademiki ugurlary bilen bir hatarda ähli döredijilik ugurlarynda (saz çalmak, goşgy düzmek we ş.m) diýseň ähmiýetli rol oýnaýar. Ene-atasy çagalaryna näçe köp kitap okasa, olaryň belli bilimler boýunça bahalary şonça ýokary bolýar.
Barlag mahalynda alymlar ene-atalardan 3-5 ýaşyndaky çagalaryna "Möjek we ýedi owlak” atly sözsüz kitaby okamagyny haýyş edipdirler. Şeýlelik-de, olar çagalaryň dil, ýatkeşlik, eserdeňlik we dostluk ýaly tapawutly ukyplaryny barlapdyrlar.
Alymlar ene-atalaryň ertekileri dürli görnüşde okaýşy bilen bilelikde, umuman kitap okamagyň haýsy pursadynyň çagalaryň ukyplarynyň kämilleşmegine has köp peýda ýetirýändigini anyklamaga synanyşypdyr.
1. Çagalaryňyzyň ruhy ýagdaýyna utgaşykly boluň
Bu belki-de çaga kitap okamagyň iň wajyp tarapydyr. Çagaňyzyň aýdýanlaryna üns beriň. Çaga ertekini halaýarmy? Ertekidäki sözlere düşünýärmi? Suratlaramy ýa-da has köp gürrüňe üns berýär?
Çagaňyza buýruk bermäge däl, eýsem ony ugrukdyrmaga synanyşyň. “Bärik seret, olar nahar bişirmek isleýärler. Olar ajygan bolmaly” diýmegiň deregine, “Olar näme edýär?” diýip, soramak has ýerlikli bolar.
Çaganyň üns berip diňlemegine bolşy ýaly gyzyklanma bildirmegine-de eserdeň çemeleşiň. Eger ol gyzyklanmaýan bolsa, onda onuň ünsüni çekip biljek sowallar barmy? Siziň pikriňize görä, çagaňyz nähili ertekileri halaýar? Çagaňyz üçin iň gowy kitaplar onuň iň köp halaýan kitaplarydyr.
2. Sowallary beriň
Köp sorag soraýan ene-atalar çagalary bilen has gyzykly hem has gowy kämilleşdirýän görnüşde aragatnaşyga geçip biler. Çagalaryňyzyň sözlere düşünip-düşünmeýändigini, gahrymanlaryň ondan soň näme edip biljegini, näme üçin şeýle hereket edýändigini soraň. Bu sowallar çagalara diňe bir täze maglumat we pikir edinmegiň ýollaryny öwretmek bilen bir hatarda, çagalar bilen ene-atalarynyň arasyndaky duýgy baglarynyň pugtalanmagy taýdan hem örän möhüm ähmiýete eýedir. Çagalar buýruk berilmegini däl, eýsem ol işe bilelikde gatnaşmagy halaýarlar.
3. Suratlary düşündirmek we teksti okamak ýeterlik däldir
Geçirilen ylmy barlag mahalynda, ene-atalaryň diňe kitabyň suratlarynda görýän ýagdaýyny gürrüň berýändigi, käbiriniň bolsa onuň üstüne öz arzuw-hyýallaryny hem goşýandygy äşgär bolupdyr. Meselem, owlaklaryň enesi öýe gelip, gapyny açyp içerik seredýär. Ene-atalardan biri çagasyna şeýle diýýär: “Enesi çagalaryny görmek we olary gujaklamak üçin howlugyp öýüne barýar. Ol öýüň gapysynyň açykdygyny görüp, ör-gökden gelýär!”.
Başga ene-ata bolsa muny şeýle gürrüň berýär: “Enesi öýe gelende gapynyň açykdygyny görýär we içerik girip balalaryny gözlemäge başlaýar”. Ýagny bu ene-ata diňe suratda görýän ýagdaýyny aýdýar.
Birinji ene-ata suratda we kitapda aýdylýanlar bilen çäklenmeýär. Bu çaga erteki gürrüň bermegiň baýlaşdyrylan görnüşidir we netijede çaganyň ukyplarynyň kämilleşmeginde örän peýdalydyr. Çünki bu usul aň-düşünjäniň ösmegine täsir edýär. Bu bolsa çaganyň dünýägaraýşyny hasam kämilleşdirmeginiň özenini emele getirýär. Şol bir wagtyň özünde, bu meseläni pikir alyşyp çözmek we tankytly garaýyş beýan etmek ýaly ukyplary hem ösdürýär.
4. Ertekiniň tapawutly bölümleriniň arasynda ýerlikli arabaglanyşyk guruň
Kämahal kitapda hadysalar dürli görnüşe eýe bolup bilýär. Sähel salymyň içinde möjek owlaklary iýýär we olaryň enesi bolan geçi derrew möjegi tapýar. Käbir ene-atalar hadysalary has gowy heňe geljek ýagdaýa getirmegi alada edýärler. Meselem, möjegiň baryp öýüň gapysyny döwen sahnasynda bir ene-ata şeýle diýýär: “Möjek ene geçiniň öýde ýokdugyny aňýar. Onsoň baryp gapyny kakýar”. Bu ýerde gyzykly arabaglanyşyk gurmaga synanyşmaýar. Möjek ene geçiniň öýde däldigini nireden bilýär? Ol näme üçin gönümel baryp gapyny kakýar? Näme isleýär?
Başga maşgala bolsa muny şeýle gürrüň berýär: “Bukulyp ýatan möjek ene geçiniň otlamaga gidendigini gördi. Owlaklaryň öýde ýeke galandygyna göz ýetirdi. Baryp olary iýip, garnyny doýurmagyň kül-küline düşdi”. Ynha bu ýerde ene-ata çagasy üçin tapawutly ýagdaýlaryň arasynda heňe gelýän gyzykly arabaglanyşyk gurýar.
5. Özüňizden gyzykly suratlandyrmalary goşuň
Maşgalalar ertekiniň has gyzykly bolmagy we üns çekmegi üçin oňa özünden käbir zatlary goşýarlar. Ýöne çaganyň öwrenmek ukybynyň kämilleşmegi taýdan goşulýan zatlaryň tema bilen arabaglanyşykly bolmagy örän wajypdyr. Meselem, bir ene-ata şeýle diýýär: “Owlaklaryň arasyndaky sary köýnekli iň körpesi şeýle diýýär: “Gapyny açmalyň! Biz nireden bilýäris onuň biziň enemizdigini. Ol ýaňy gitdi ahbetin”. Bu ýerde owlagyň sary köýnegi gürrüňe goşulan gyzykly suratlandyrmadyr.
Başga bir maşgala bolsa: “Iň kiçi, iň akylly we iň ätiýaçly bolan owlajyk şeýle diýdi...”. Bu goşmaça suratlandyrma bolsa gürrüňi has gyzykly, manyly we düşnükli ýagdaýa öwürýär.
6. Ruhy we duýgy taýdan çemeleşiň
Duýgylar, arzuw we pikirler bilen baglanyşykly ýagdaýlardan söz açýan ene-atalaryň çagalarynyň düşbiligi has kämilleşen bolýar. Şeýle çagalar başga adamlaryň duýgylaryna has gowy düşünýärler. Olar has gowy dostlyk ukybyna eýe bolýarlar. Şeýle-de ömrüniň soňky sepgitlerinde has peýdaly boljak ýatkeşlik we düşbilik ukyplaryna iň ýokary derejede eýe bolýarlar.