Şu ýakynda, yslamyň mukaddes kitaby “Gurhanyň” gadymy hem-de seýrek duş gelýän nusgasynyň sergä çykarylmagyna garaşylýar. “Newsweek” žurnalynyň ýazmagyna görä, Birleşen Arap Emirliklerindäki “Şarjah” kitap sergisine çykaryljak 1350 ýyllyk eser, Gurhanyň 468-645-nji ýyllara degişli golýazmasynyň nusgasydyr. Munuň dünýädäki iň gadymy Gurhanlaryň biridigi aýdylýar.
Eser ilkinji gezek halkara jemgyýetçiligine çykarylýar hem-de ol mundan birnäçe ýyl ozal Angliýanyň Birmingem uniwersitetiniň arhiwinde tapylypdy. Yslam alymlary bu eserleriň Muhammet pygamber döwrüne degişlidigini ret etmeýärler.
Pygamberiň döwründe ýazylypdyrmy?
Birmingem uniwersitetiniň hristianlyk we yslam professory David Thomas, “Yslam dinine görä, Muhammet pygamber Gurhan sürelerini 610-632-nji ýyllarda wahyý arkaly alypdyr. Bu pergamentleriň (ham kagyz) üstünde geçirlen synaglar netijesinde, pergamentleri ýasamak üçin niýetlenen haýwan, Muhammet pygamberiň döwründe ýa-da ondan soňrak döwürde ýaşapdyr” diýýär.
Golýazma, irki döwür arap elipbiýiniň Hijazi grafiginde haýwan derisinden ýasalan 4 pergamendiň üstüne ýazylypdyr we 1930-njy ýyllarda uniwersitetiň arhiwlerinde ýatdan çykarlyp, 2015-nji ýylda gaýtadan tapylypdyr. Derňewçiler, iň azyndan bir eseriň üç halyfa döwrüne degişligini aýdýarlar.
Indi derňewçiler bir meseläni aýdyňlaşdyrmaga çalyşýarlar - bu sahypalar Parižde saklanyp galan beýleki seýrek duş gelýän Gurhan golýazmalarynyň bir bölegimi?. Bu golýazmada diňe dört sahypa bar. Bu hem, 19-njy asyryň başynda Napoleon goşuny Afrikany ele geçirende Müsürden Ýewropa äkidilipdir.
Ilkinji doly görnüşiniň bir bölegi hem bolup biler
Käbir alymlaryň çaklamalaryna görä, bu golýazma Gurhanyň ilkinji doly görnüşi, ýagny Muhammet pygamberiň dosty Ebu-Bekiriň toplan görnüşi hem bolup biler. Bu görnüşi hazirkizaman musulmanlaryň okaýan Gurhanyna meňzeşdigi aýdylýar.
Bu golýazma Angliýa ýerleşýän Birmingemiň muzeý we eserler galereýasynda alty aýlap sergide görkezilende örän meşhurlyk gazanypdy.
Birmingem muzeýiniň Yslam we Günorta Aziýa sungatlary bölüminiň gözegçisi Rebecca Bridgman: “Bu sergi musulman jemagatyndan 65 müň zyýaratçyny özüne çekdi” diýdi.
Dünýäniň iň uly “Şarjah” kitap sergisi 1982-nji ýyldan bäri Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilýär. Bu ýyl bu ýerde 1,5 million kitap satyşa çykarylar.
Bu sergä baranlar gadymy golýazmalar bilen tanyşmak üçin interaktiw sersorly ekranlardan peýdalanyp bilerler.