Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti köpçülikleýin media serişdelerini ösdürmäge "goşan uly goşandy üçin" sylaglandy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmen döwlet habarlar gullugynyň (TDH) maglumatlaryna görä, düýn 4-nji oktýabrda Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisi Aşgabatda öz işine başlady.

Neşiriň maglumatyna görä, Aziýa-Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşigi Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy “sebitde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ösdürilmegine goşan uly goşandy üçin” diýen Güwahat, baýrak hem-de ýadygärlik nyşany bilen sylaglady.

Baýrak gowşurmak dabarasynda çykyş eden birleşigiň baş sekretary Jawad Mottagi forumyň Aşgabatda geçirilmegi bilen bagly türkmen prezidentine minnetdarlyk sözlerini aýdypdyr.

Türkmen prezidenti öz çykyşynda bu baýragyň gowşurylmagyny ýurtda media ulgamynda alnyp barylýandygy aýdylýan işleriň halkara derejede ykrar edilmegi hökmünde teswirläpdir.

Beýleki bir tarapdan dürli halkara hukuk guramalary ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda media we metbugat azatlygynyň ýagdaýynyň gözgynydygyny aýdyp gelýär.

Düýbi Parižde ýerleşýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasy dünýäde metbugat azatlygynyň ýagdaýy boýunça ýaýradan soňky ýyllyk hasabatynda 2018-njy ýylda Türkmenistany 180 ýurduň arasynda 178-nji orunda ýerleşdirdi. Maglumat azatlygyna syn berýän gurama Türkmenistana bagyşlanan sahypasynda ýurduň maglumat atmosferasyny “dyngysyz giňeýän gara girdap” häsiýetlendirdi.

2-nji awgustda “Açyk jemgyýet” guramasy maglumat çap edip, Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary komitetiniň žurnalist Ogulsapar Muradowanyň tussaglykdaky ölüminden türkmen hökümetiniň jogapkärdigini anyklandygyny habar berdi.

“Türkmen hökümeti media serişdeleriniň ählisine gözegçilik edýär. Ýurduň çäkli internet ulanyjylary diňe berk senzuradan geçirilip, süzülip-sykylan internet torlaryndan peýdalanyp bilýärler. Ýöne bu ýagdaý “Arkadag” diýlip tanalýan prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy kanagatlandyrmaýar. Ýurtda gizlinlik şertlerinde daşary ýurtlaryň media guramalarynda işleýän az sanly žurnalistleri gorkuzmak işleri dowam edýär... Soňky ýyllarda žurnalistler tussag edildi, gynaldy, fiziki hüjümlere sezewar edildi ýa-da işlerini bes etmäge mejbur edildi” diýlip, Serhetsiz Reportýorlaryň soňky hasabatynda aýdylýar.

Aziýa-Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşigi türkmen prezidentini media ulgamynda “goşan goşandy üçin” diýen sylag bilen sylaglandan soňra, Azatlyk Radiosy 5-nji oktýabrda birleşigiň Kuala Lumpurdaky baş binasyndan sylag bilen bagly kommentariýa sorady.

Birleşigiň jogapkär işgäri özleriniň bu meselede kommentariýa berip bilmeýändiklerini aýdyp, teswir boýunça birleşigiň baş sekretary bilen habarlaşmagy maslahat berdi.

Agzalýan teleradiogepleşikler birleşiginiň baş sekretary Azatlyk Radiosynyň sylag bilen bagly kommentariý haýyş edip, elektron hat arkaly özüne ugradan habaryna heniz jogap bermedi.

Türkmenistanda AÝ/AR bilen ilteşikli žurnalistler we olaryň maşgala agzalary onýyllyklaryň dowamynda hüjümlere, zorluklara we tussag edilmelere sezewar boldy. Freedom House guramasynyň 2017-nji ýyl üçin Metbugat azatlygy boýunça çap eden hasabatynda Türkmenistan metbugat azatlygynda dünýäde iň ýaramazlykda Demirgazyk Koreýa bilen deňleşdirilýär.

2014 – 2015-nji ýyllar aralygynda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugy hökümetiň howandarlygynda amala aşyrylan yzygiderli hem-de sistematiki gorkuzma kampaniýalary sebäpli özüniň habarçylarynyň ýarysyny ýitirdi diýip, AÝ/AR-yň resmileri 9-njy awgustda maglumat ýaýratdy.

Türkmen metbugaty prezidentiň täze sylagy bilen bagly ýaýradan habarynda, ýurtdaky media ulgamynda gazanyldy diýilýän ösüşlere ulgamyň “maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli täzelenmegini”, “Türkmen Älem 52°E” milli aragatnaşyk hemrasynyň uçurylmagyny we beýlekileri mysal edip görkezýär.

XS
SM
MD
LG