Türkmenistanda bilim we oba hojalyk pudaklarynyň işgärleri döwlete köne demir ýygnap-tabşyrmaga mejbur edilýärler.
Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary bu ýagdaýyň şu günler Daşoguz welaýatynda köp duş gelýändigini gürrüň berýärler.
“Bilim pudagynyň we oba hojalygynyň işgärlerini her adama 200 kilogramdan demir ýygnap, döwlet demir zawody üçin tabşyrmaly etdiler. Bu çäre şu ýyl sentýabr-oktýabr aýlarynda agzalan pudaklara plan edilip, welaýat resmileri tarapyndan tabşyrlypdyr" diýip, habarçymyz 1-nji oktýabrda habar berdi.
Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan daşoguzly mugallym öz kärdeşleri bilen bilelikde şu günler köne demir tapmak meselesi bilen başagaý bolýandygyny we demir ýygnamak işine hatda mekdep okuwçylaryny çekmäge mejbur bolýandygyny gürrüň berdi.
"Häzir işden soň musorlaryň arasyndan nirede taşlanan demir bar bolsa ýygnap ýörüs. Öýümizde demir galmady. Käbir mugallymlar öz okuwçylaryndan hiç bolmanda 3 kilogram demir tapyp bermegi talap edýärler" diýip, Daşoguz welaýatynyň Ýylanly etrabyndaky orta mekdepleriň birinde işleýän mugallym gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen söhbetdeş bolan daşoguzlylaryň aýtmagyna görä, şu günler oba hojalyk pudagynyň işgärleri bolsa regional häkimiýetleriň köne demir tabşyrmak talabyny ýerine ýetirmek üçin abat tehnikany söküp, onuň demir böleklerini tabşyrmak ýaly işlere baş goşýarlar.
"Oba hojalyk işgärleri obahyzmat edaralarynda sähel könelişen, emma ýöräp duran tehnikany metalloloma tabşyryp, planyny dolmaga mejbur bolýarlar. Onsuzam ekin meýdanlarynda tehnika ýetmezçilik edýär" diýip, habarçymyz aýdýar.
Azatlyk Radiosy Daşoguzdan habar berilýän bu ýagdaý boýunça welaýat resmilerinden kommentariý alyp bilmedi. Demir tabşyrmak plany bilen baglylykda ýurduň beýleki welaýatlaryndaky ýagdaý barada häzirlikçe maglumat ýok.
Türkmenistanda býujetden aýlyk alýan döwlet edara-kärhanalaryň işgärleriniň mejbury işlere we çärelere çekilmegi, şeýle-de dürli maksatlar üçin öz gazanjyndan pul tabşyrmagy giňden ulanylýar. Häkimiýetler mugallymlary, lukmanlary we beýleki býujet işgärlerini pagta ýygmak, agaç ekmek, köçeleri arassalamak we binalary abatlamak ýaly işlere ýygy-ýygyndan çekýärler, olaradan tutuş ýurt boýunça ýylda iki gezek ekilýän nahallar, köçe arassaçylygy, syýasy-jemgyýetçilik çäreler üçin maddy serişde toplaýarlar.
Soňky aýlarda Türkmenistanda býujet işgärleri köpçülikleýin pagta ýygyma çekilýärler.
Azatlygyň habarçylarynyň soňky maglumatlaryna görä, käbir halatlarda býujet işgärleri pagta meýdanlaryna ýatymlaýyn äkidilýär. "Pagtaçylara öz ýaşaýan ýerlerinde däl-de, başga obalaryň pagta meýdanlaryna äkidilip, pagta ýygdyrylýar. Olaryň ýatak jaýlarynda amatly ýaşaýyş şertleri döredilmändir" diýip, habarçymyz 28-nji sentýabrda habar berdi.
Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary Türkmenistanda häkimiýetleriň mejbury zähmetiň dürli görnüşlerini giňden ulanýandygyna yzygiderli ünsi çekip gelýärler. Türkmenistanyň häkimiýetleri we habar beriş serişdeleri bolsa, ýurduň batly depginde gülläp-ösýändigini we ilatyň bagtly durmuşda ýaşaýandygyny aýdýarlar.