Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow BMG-de howpsuzlyk, azyk, suw, gender deňligi barada gürrüň edip, öz Aral başlangyjyny goldamaga çagyrdy


Gazagystan, Kokaral bendi
Gazagystan, Kokaral bendi

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 29-nhy sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasyndaky çykyşynda rus dilinde çykyş edip, halkara howpsuzlygy, dartgynlyklary gowşatmak, Merkezi Aziýadaky we Owgansytandaky ýagdaýlar, terrorizme, neşe gaçakçylygyna garşy göreş, durnukly ösüş meseleleri barada durup geçdi.

Berdimuhamedow hususan-da Türkmenistanyň inisiatiwasy bilen gurulýan TOPH gaz geçirijisi, elektrik geçirijisi, demirýol proýektleri we olaryň sebitdäki durnuklylyga, ykdysady ösüşe ýetirjek täsiri barada gürrüň berdi.

Ol sözüniň dowamynda ynam krizizsini ýeňip geçmek we agza döwletleriň özara düşünişmegini berkitmek üçin, Türkmenistanyň gelýän 2019-njy ýyly “Parahatçylyk we Ynam” şygary astynda geçirmegi teklip edýändigini aýtdy.

Türkmen lideri Aşgabadyň durnukly ösüş programmasy boýunça alyp barýan işleri, ýurtda azyk bolçulygyny üpjün etmek, ilatyň naharlanmagy, sagdyn durmuş ýörelgelerine uýgunlaşmagy, doly gender deňligi, gyzlaryň doly we döwrebap bilim almagy ugrunda edilýän tagallalar barada gürrüň berdi.

Şeýle-de Berdimuhamedow suwy tygşytly ulanmak, arassa agyz suwunyň hemmelere elýeterli bolmalydygy barada aýdyp, bu meselede Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda deň hukuklylygyň we birek-birege hormat goýmagyň, jogapkärçiligiň çelgi bolup durmalydygyny belledi.

Şeýle-de Berdimuhamedow BMG-niň agza döwletlerini Aral deňzini gorap saklamak boýunça ýörite BMG programmasyny döretmek baradaky başlangyçlary goldamaga çagyrdy diýip, TASS habar gullugy 30-njy sentýabrda habar berdi.

"Biz Türkmenistanyň Aral deňzi boýunça ýörite BMG programmasyny işläp düzmek baradaky inisitaiwasyny durmuşa geçirmäge hem-de Aral problemasyny Guramanyň işiniň aýratyn alnan bölegi hökmünde çözmäge girişdik. Men BMG-niň agza döwletlerini bu başlangyjy goldamaga çagyrýaryn” diýip, ol aýtdy.

Türkmen prezidenti Aral deňzini gorap saklamagyň indi içerki regional problema hasaplanyp bilmejegini hem sözüne goşdy.

Berdimuhamedowyň sözlerine görä, BMG-niň Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça şu ýylyň 18-nji aprelinde kabul eden karary bu başlangyja gowy esas bolup hyzmat eder.

Türkmen prezidentiniň bu çagyryşy Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna (AHHG) agza ýurtlaryň baştutanlarynyň awgust aýynyň aýagynda Türkmenistanda geçirilen sammittiniň yz ýanyna gabat geldi.

Araly halas etmegiň Halkara gaznasy 1993-nji ýylyň ýanwarynda Daşkentde esaslandyryldy. Onuň maksady Aral basseýnindäki sosial-ykdysady we ekologik ýagdaýlary gowulandyrmakdan ybarat.

Emma ýerli synçylar Aral problemasynyň döremegine getiren sebäpleriň, gowaça ekişi üçin aşa kän suw harçlamagyň we beýleki zyýanly praktikalaryň dowam etdirilýändigini, ýygnaklarda we duşuşyklarda edilýän çagyryşlaryň köplenç howada galýandygyny belleýärler.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň baş redaktory Farid Tuhbatulliniň Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, “Aral problemasy tutuş Merkezi Aziýa regionyny ynjalykdan gaçyrýar we şu ýyl regionda turan duzly tozan bu aladanyň uly esaslarynyň bardygyny görkezdi”.

Tuhbatulliniň pikirine görä,Aral problemasy boýunça diňe alada edilmegi, çagyryşlar ýeterlik däl, sebäbi Aral problemasynyň dowam etmegi regionda ýaşaýan adamlaryň jan-saglygyna gündelik ýagdaýda ýaramaz täsir ýetirýär.

Berdimuhamedowyň azyk bolçulygy, arassa agyz suwunyň hemmelere elýeterli bolmagy, gender deňligi we beýleki adam hukuklary hakynda BMG-niň münberinden aýdan sözlerinden tapawutlylykda, Azatlygyň ýerli çeşmeleri ýurtda ýiti azyk ýetmezçiliginiň dowam edýändigini, gowaça hem-de galla meýdanlarynda mejbury zähmetiň saklanyp galýandygyny, agyz suwunyň bolsa köp ýerde problemadygyny habar berýärler.

XS
SM
MD
LG