Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkezi Aziýanyň dört prezidenti ähli regional meseleleri bilelikde maslahat etmegi ylalaşdy


Çepden saga: Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Jeenbekow, Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew, Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Astana,15-nji mart, 2018
Çepden saga: Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Jeenbekow, Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew, Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Astana,15-nji mart, 2018

Merkezi Aziýanyň dört ýurdunyň prezidenti ähli regional meseleleri bilelikde maslahat etmegi ylalaşdylar.

15-nji martda Astanada geçirilen sammite baştutanlyk eden Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew, hususan-da, Merkezi Aziýada suw resurslary problemasynyň çözgüdinde syýasy söwdanyň bolmaly däldigini aýtdy.

“Iň esasy mesele – suw problemasy. Biziň döwletlerimiz – iki uly derýanyň Amyderýanyň we Syrderýanyň boýunda ýaşaýan 70 million adamdyr. Bu ýerde biz syýasy söwdanyň bolmaly däldigi barada ylalaşdyk” diýip, Nazarbaýew 15-nji martda Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlarynyň iş maslahatynyň yzýany aýtdy.

Amyderýanyň we Syrderýanyň suwunyň çakdan aşa ulanylmagy suw resurslarynyň azalmagyna, Aral deňziniň guramagyna getirdi.

Astanada Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň, Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Jeenbekowyň, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň we Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmonyň, şeýle-de Türkmenistan tarapyndan parlamentiň baştutany Akja Nurberdiýewanyň gatnaşmagynda geçirilen sammitiň netijesinde regionyň liderleri her ýylda duşuşmak niýetini mälim etdiler.

XS
SM
MD
LG