Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çagalary “abraýly” mekdeplere salmak üçin ene-atalardan para almak tejribesi Daşoguza ýetdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda birinji klasa başlajak çagalary ilat arasynda “abraýly” ýa-da “gowy” diýlip atlandyrylýan mekdeplere okuwa salmak üçin ene-atalardan para almak tejribesi Daşoguz welaýatyna hem baryp ýetdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky çeşmeleri habar berýärler.

“Geçen ýyllarda adamlar Aşgabatda we ýurduň käbir beýleki uly şäherlerinde ene-atalaryň öz çagalaryny ýöriteleşdirilen ýa-da “abraýly” hasaplanýan mekdeplere salmak üçin para berýändigini eşidende geň görýärdiler. Indi parahorlugyň barha möwç almagy bilen, bu dermansyz dert, ýagny çagaňy “gowy” diýilýän mekdeplerde ýa-da mugallymlarda okatmak Daşoguza hem geldi” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran söhbetdeşimiz aýtdy.

Belläp geçsek, Türkmenistanda adatça “abraýly” ýa-da “gowy” diýlip atlandyrylýan mekdepler olarda berilýän bilimiň hiliniň beýleki mekdepleriňkiden ýokary diýlip hasaplanmagy bilen düşündirilýär. Şeýle-de bu mekdeplerde haýsy-da bolsa bir ugur, şol sanda daşary ýurt dilleri boýunça çuňlaşdyrylan bilim berilýär.

Şu hepdäniň başynda türkmenistanly çagalaryň müňlerçesi ýurduň orta mekdepleriniň bosagasyndan ilkinji gezek ätläp, birinji klasa okuwa başlady. Aýdylmagyna görä, şondan öň daşoguzly ene-atalaryň käbirleri çagalaryny “gowy” diýilýän mekdeplere ýa-da mugallymlaryň klasyna ýerleşdirmäge synanyşanda, ýüzlerçe manat möçberinde parany bermelidiklerini bilip galýarlar.

“Edil şu ýyl birinji klasa başlajak çagany Daşogzuň 1-nji we 5-nji mekdeplerine okuwa bermek üçin 500 manat bermeli. Ene-atalar şu parany bermese, olar mekdebiň iň golaýynda, gapdalynda ýaşaýan bolsa-da, olaryň çagasyny bu mekdebe okuwa almaýarlar. Şeýle-de, çagany “gowy” mugallymyň klasyna salmak üçin hem 50 manat bermeli” diýip, çeşmämiz belledi.

Şeýle-de, ol eli gysga maşgalalaryň çagalaryny tejribesiz, gurply maşgalalaryň çagalaryny tejribeli mugallymyň klasyna geçirmek bilen, halkyň arasynda ikä bölünişigiň göze ilýändigini we bu tejribä welaýatyň käbir etrap mekdeplerinde hem seýrek ýagdaýda duş gelse bolýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

“Bu ýagdaýlary görüp ulalýan çagalardan geljekde nämä garaşmaly? Häzir puluň bolsa ýaşa, bolmasa öläý diýen döwür boldy. Işsiz maşgalalaryň çagalary kemsinýärler” diýip, Daşoguzdaky çeşmämiz sözüni jemledi.

Azatlyk Radiosy ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar dogrusynda Daşoguz welaýatynyň Bilim bölümi, 1-nji we 5-nji mekdepleri bilen habarlaşanda, bu barada kommentariýa almak häzirlikçe başartmady.

Türkmenistanda ene-atalaryň öz çagalaryny “abraýly” hasaplanýan ýa-da ýöriteleşdirilen mekdeplere okuwa salmak üçin para bermeli bolýandygy barada Azatlyk Radiosy mundan ozal hem ençeme gezek habar beripdi. Aşgabatda bu paranyň möçberiniň 500-den 2000 amerikan dollaryna çenli baryp ýetýändigini, ene-atalaryň we mugallymlaryň ençemesi gürrüň beripdi.

Belläp geçsek, 31-nji awgustda geçirilen hökümet maslahatynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “wezipe borçlaryny talabalaýyk berjaý etmän, täze okuw ýylyna taýýarlyk görmekde ýol beren kemçilikleri üçin” diýip, wise-premýer P.Agamyradowa berk käýinç we bilim ministri M.Geldinyýazowa duýduryş yglan etdi.

Bilime gözegçilik edýän iň ýokary ýolbaşçylaryň anyk nähili kemçiliklere ýol berendigi we olary nädip düzetmelidigi anyklaşdyrylmasa-da, olara berlen käýinç we duýduryş Azatlyk radiosynda mekdeplerde okuw kitaplarynyň ýiti ýetmezçiligi, Daşoguzda okuwa başlajak çagalaryň saglyk kepilnamasy we Lebabyň käbir mekdeplerinde täze okuw ýylyna görüljek taýýarlyklar üçin para talap edilýändigi barada berlen maglumatlaryň yz ýanyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG