Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Ahalyň 'türme prokuroryny' täzeläp, 'nogsanlyklaryň' öňüni almaga çagyrdy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji sentýabrda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Arhis suraty
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji sentýabrda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Arhis suraty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji sentýabrda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirip, ýene bir gezek “ýaramaz nogsanlyklaryň ýüze çykmagyna sebäp bolýan şertleri aradan aýyrmagy" talap etdi we prokurorlary wezipä bellemek hem-de boşatmak hakyndaky kararlara gol çekdi.

Hususan-da 1-nji derejeli ýurist Baýmyrat Nurnazarow Düzediş edaralarynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçilik boýunça Ahal prokurory wezipesinden boşadyldy. Resmi düşündirişe görä, ol bu wezipeden ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli boşadyldy.

Bu habar Owadandepedäki ýapyk türmede saklanýan tussaglaryň otuzdan gowragyna, şol sanda wyždan ýesirlerine öz garyndaşlary bilen görüşmäge rugsat berilmeginiň iki aýa golaý yz ýanyna gabat geldi.

Şol bir wagtda bu habar Türkmenistanyň türmelerinde saklanylýan tussaglaryň sanynyň birnäçe esse köpelendigi, netijede bendileriň esasan yzlaryndan, maşgalalaryndan getirilýän azyk önümleriniň hasabyna ýaşamaly bolýandygy barada syzyp çykan maglumatlaryň yz ýanyna gabat geldi.

Türkmenistan geçen ýylyň maýynda korrupsiýa garşy barlyşyksyz göreş yglan etdi we dollaryň gara bazar nyrhlarynyň barha ýokary galmagy bilen türmä basylan adamlaryň sany has köpeldi diýip, Azatlygyň hökümetdäki çeşmesi aýdýar.

Korrupsiýa garşy göreş dindarlara ýa-da gülençiler hereketi bilen baglanyşykly diýilýänlere garşy açylan jenaýat işleri bilen hem utgaşdy. Netijede, tussag sanynyň aşa köpelmegi we azyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy düzediş edaralarynda çuň ornaşan korrupsiýanyň has güýçlenmegine alyp geldi diýip, hökümete ýakyn çeşme habar berýär.

Mundanam başga, düzediş edaralarynda kanunlara gözegçilik edýän prokuror ilat arasynda, belki-de hökümetiň öz adamlary tarapyndan, “basym uly amnistiýa boljakmyş” diýen gürrüňleriň ýaýradylýan wagtynda täzelenýär.

Ozal şeýle gürrüňler maý aýynda, öňde duran Gadyr gijesi bilen baglylykda ýaýran bolsa, indi öňde duran Garaşzylyk baýramy bilen baglylykda ýaýraýar. Bellemeli ýeri, maý aýynda "gülençiler bilen baglanyşykda aýyplanyp tussag edilenleriň hem birnäçesi boşadyljakmyş" diýen gürrüň ýaýardy, ýöne ol tassyk bolmady.

Gepiň gerdişine aýdylsa, Berdimuhamedow özüniň her baýramçylykda günä geçmek planyny ilkinji gezek 2007-nji ýylyň sentýabrynda, Nýu-Ýorkdaky Kolumbiýa uniwersitetinde türkmen türmelerindäki tussaglaryň ykbaly barada berlen soraga jogap berende aýdypdy. Şonda ol Türkmenistanda baýramçylyklaryň kändigini hem nygtapdy.

Emma ýerli synçylar türkmen türmeleriniň tussag ýüküni Berdimuhamedowyň her baýramçylykda geçirýän amnistiýalarynyň-da, baýramçylyklaryň köp bolmagynyň-da ýeňledip bilmändigini, ýurtdaky işsizlik, ykdysady krizis çuňlaşdygyça, tussaglar problemasynyň hem çylşyrymlaşýandygyny gürrüň berýärler.

“Türmen türmeleri türkmenistanlylaryň iň kän pikir etmäge, öz düşen ýagdaýlary barada çynlakaý oýlanmaga mejbur bolýan ýeri. Ol ýerde ozal namazyň “n” harpyny bilmeýän adamlar namazhon, syýasatyň “s” harpyny bilmeýän adamlar syýasatçy bolýar, türmeden hökümete ýa kanunçylyga ynamy köpelip çykýan bir adamam ýok” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ozalky tussag Azatlyk radiosyna aýtdy.

Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň dowamynda, saglyk ýagdaýy sebäpli diýlip, Daşoguz welaýatynyň prokurorynyň orunbasary Bäşimmuhammet Amanow hem wezipesinden boşadyldy. Şol bir wagtda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň prokurory Ahal Rejebowyň wezipesinden näme sebäpli boşadylandygy anyklaşdyrylmaýar.

Şeýle-de mejlisde Ykdysady jenaýatlara garşy göreş gullugynyň direktory Maksat Hudaýgulyýewiň geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada hasabat berendigi aýdylýar, emma üsti açylan ýa açylýan korrupsiýa işleri barada hiç bir detal aýdylmaýar.

TDH-nyň maglumatyna görä, prezident Berdimuhamedow mejlisde ýene bir gezek “ýaramaz nogsanlyklaryň ýüze çykmagyna sebäp bolýan şertleri aradan aýyrmagy" talap etdi.

Halkara hukuk toparlary Türkmenistanyň türme şertlerini yzygiderli tankyt edýärler.

XS
SM
MD
LG