Şu ýyl Indoneziýada geçirilen XVIII tomusky Aziýa oýunlarynda türkmen türgenleri üç medal gazanyp, 45 ýurduň arasynda 32-nji orny eýelediler.
18-nji awgust-2-nji sentýabr aralygynda Indoneziýanyň paýtagty Jakarta bilen Palembang şäherlerinde geçen oýunlarda agyr atletika boýunça 53 kilogram agramda çykyş eden türkmenistanly türgen Kristina Şermetowa kümüş medala, sportuň ju-jitsu görnüşi boýunça 56 kilogram agramda çykyş eden Kemal Meredow bürünç medala, şeýle-de 87 kilogram agramda çykyş eden greko-rim göreşçisi Öwelekow Şyhazberdi bürünç medala mynasyp bolupdylar.
Oýunlarda medal sany boýunça birinji orny Hytaý (289 medal), ikinji orny Ýaponiýa (205 medal) we üçünji orny Günorta Koreýa (177 medal) eýeledi.
Merkezi Aziýa döwletlerinden Täjigistan ýedi medaly bilen 30-njy orny , Gyrgyzystan 20 medaly bilen 22-nji orny, Gazagystan 76 medaly bilen 9-njy orny we Özbegistan 70 medaly bilen 5-nji orny eýelediler.
Bellemeli ýeri, Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda türkmen sportsmenleri jemi 245 medal gazanypdylar.