Ak tamda geçirilen brifingde ABŞ-nyň howpsuzlyk we aňtaw gulluklarynyň ýolbaşçylary Orsýetiň amerikan jemgyýetinde agzalalyk döretmek üçin “giň gerimli zyýanly metodlary” ulanmaga dowam edýändigini duýdurdylar, hem-de özleriniň ABŞ-nyň saýlaw howpsuzlygy boýunça howatyrly galýandygyny mälim etdiler.
“Birleşen Ştatlaryny bölüp, ony ejizletmäge synanyşmak üçin Orsýetiň giň gerimli zyýanly habarlaşyk kampaniýalaryna dowam edýändigine şaýat boýarys” diýip, milli aňtawyň direktory Dan Kots 2-nji awgustda aýtdy.
“Biziň bu günki esasy aýtjak bolýan meselämiz amerikan halkyna wehimleri kabul edýändigimizi, howpuň hakykydygyny, howp-hataryň dowam edýändigini, şeýle-de amerikan halkynyň ynamyna girýän legitim saýlawlary geçirmek ugrunda tagalla edýändigimizi aýtmakdyr” diýip, ol belledi.
“ABŞ-da geçiriljek üstümizdäki saýlawlar boýunça, 2020-nji ýylda geçiriljek prezidentlik saýlawlary hem-de aramöwsüm saýlawlar babatda aňtaw gulluklary howatyrlanmaga dowam edýär” diýip, Kots sözüniň üstüni ýetirdi.
Kotsyň kommentariýalary aňtaw agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň, şol sanda Federal derňew býrosynyň (FBI) direktory Kristofer Wreýiň we howpsuzlyk maslahatçysy Jon Boltonyň gatnaşmagynda geçirilen öňünden habar berilmedik bilelikdäki brifingiň dowam edýän wagtyna gabat geldi.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 2016-njy ýylda geçirilen prezidentlik saýlawlaryna Orsýetiň gatyşygy barada berilýän habarlara yzygiderli sowuk-sala çemeleşdi. Ol aňtaw gulluklarynyň Kremliň saýlawlarda özüne (Trampa) bähbit getirmek üçin tagalla edendigi barada gelen netijelerini gaýta-gaýta ret edip geldi.
Köp sanly demokratlar, hatda käbir respublikanlar Trampy we onuň administrasiýasyny üstümizdäki noýabr aýynda geçiriljek aramöwsüm saýlawlara Kremliň gatyşygynyň öňüni almak boýunça ýeterlik tagalla etmezlikde aýyplaýar.
Muňa garamazdan, Bolton Trampyň tagallalaryny magtap, “Isle Orsýetiň isle başga ýurduň ABŞ-da geçiriljek saýlawlara gatyşygynyň öňüni almak üçin prezident uly masştably tagalla” edýär diýdi.
“Biz bu ugra hemmetaraplaýyn çemeleşýäris. Saýlaw prosesiniň howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de ony daşky täsirlerden goramak üçin prezident biz ýörite tabşyryk berdi” diýip, Kots sözüniň üstüni ýetirdi.
Bu brifing ABŞ-nyň senatorlaryndan düzülen ikipartiýaly iri toparyň “Amerikanyň howpsuzlygyny Kremliň agresiýasyndan goramak üçin” niýetlenen çäreleri tanyşdyrmagynyň yzýanyna gabat geldi.
Bu taslama Orsýetiň ABŞ-da geçirilen saýlawlara gatyşygyny, hem-de onuň Ukrainada we Siriýada alyp barýan “zyýanly” hereketlerini jezalandyrmagy maksat edinýär.
Senatorlaryň ýaýradan beýanatyna görä, kanun taslamasyndaky täze sanksiýalar “Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň adyndan gönüden-göni ýa-da gytaklaýyn zyýanly hereketlere baş goşýan syýasatçylara, oligarhlara, olaryň maşgala agzalaryna we beýlekilere” gönükdirilendir.