Türkiýe 18 müňden gowrak döwlet işgärini işden boşatmak baradaky karara gol çekdi, olaryň ýarysy polisiýa güýçlerine degişli. Işden boşadylanlar “milli howpsuzlyga garşy hereket edýän” toparlar bilen ilteşikli hasaplanýar.
8-nji iýuldaky karar ýurt boýunça 12 bileleşigiň, şeýle-de üç gazetiň we telewizion kanalyň ýapylmagyna alyp gelýär.
Bu çäre şu aýda iki ýyla çeken adatdan daşary ýagdaýlar düzgüniniň ýatyrylmak ähtimallygynyň öň ýanyndan görüldi, Adatdan daşary ýagdaýlar düzgüni 2016-njy ýylyň iýulynda girizilipdi.
Türk hökümeti 250 adamyň ölümine getiren başa barmadyk döwlet agdarylyşygy synanyşygynda ABŞ-da ýaşaýan musulman ruhanysy Fethulla Güleni günäkärledi. Gülen bu agdarylyşyk synanyşygyna dahyllydygyny ret etdi.
Türk häkimiýetleri şol wakadan soň, Güleni goldamakda aýyplap, onlarça müň adamy, şol sanda döwlet işgärlerini, žurnalistleri we mugallymlary hem tussag etdi.
Onlarça müň adam bolsa, arassalaýyş çäreleri esasynda işden boşadyldy ýa-da wagtlaýyn çetleşdirildi.
Adam hukuklaryny goraýjylar, şol sanda“Amnesty International” guramasy bu arassalaýyşlary eden-etdilik hökmünde ýazgaryp çykyş etdi.