Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysyna nobatdaky gezek hüjüm amala aşyryldy


Soltan Açylowa
Soltan Açylowa

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa ýene hüjüme sezewar edilip, onuň tenine şikes ýetirildi.

Читайте также на русском

68 ýaşyndaky žurnaliste 9-njy iýun güni irden sagat 09:30 töweregi Mary welaýatynyň Ýolöten şäherinde iki sany tigirli ýaş oglan tarapyndan hüjüm edildi.

Açylowa şol güni irden sagat 8 töweregi ozalky goňşularynyň biriniň öýüne, onuň dünýäden öten ogluny hatyralap baryp gaýtmakçy bolup, gaýyn öýünden çykanda, jaýyň golaýynda duran ak reňkli, daşary ýurt markaly awtoulagy görýär.

Habarçymyz onuň içinde oturan sürüjiniň özüni gören dessine mobil telefondan bir ýere jaň edendigini, soňra-da yzyndan assajykdan awtoulagyny sürüp başlandygyny, barmaly ýerine barýança yzyndan ýuwaşlyk bilen gelendigini we ol ýerden çykýança garawullap durandygyny gürrüň berdi.

“Ýarym sagat ýaly wagt geçenden soňra men yzyma dolandym. Köçäniň ugrynda 16-17 ýaşlaryndaky iki sany ýaş tigirli oganlar meniň yzymdan ýetip, ilki salam berdiler. Soňra näme üçin olaryň ýaşaýan jaýlaryny meniň surata düşürendigimi soradylar. Hakykatda men hiç bir surat almandym. Men olara özümiň hiç bir surat almandygymy aýtdym. Olar maňa ‘eger surat almadyk bolsaň, subut et, fotoaparadyňy bize görkez’ diýip, iki tarapymdan sürünip ugradylar. Men olara men hiç kimiň öňünde hiç bir hasabat bermeýändigimi aýdyp, aňyrrakda gezmeklerini soradym” diýip, habarçymyz gürrüň berdi.

Açylowa soňra-da tigirli oglanlaryň birisiniň öňünde keserip durandygyny, beýlekisiniň boýnundan asylan el sumkasyny almak üçin özi bilen ýakalaşyga girendigini aýdyp, sözüni şeýle dowam etdirýär:

“Men onuň güýçli urgusyndan ýüzin ýykyldym. Emma ol meniň sumkamy alyp ýetişmänkä, geçip barýan ýolagçylaryň birisi maňa kömege ýetişdi. Ýaňky tigirli oganlar ‘biz häzir polisiýa ýüz tutup, seniň fotoaparadyňy aldyrarys’ diýip, tigirlerini sürüp gitdiler. Soňra men etrap merkezinden 8 kilometr uzaklykda ýerleşýän ata öýüme ugradym. Meniň münen taksime yzarlaýanlaryň birisi hem münüp ýetişdi. Men öz öýümize baranymdan soňra bir sagat ýaly wagt geçirip, ýene-de ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri gelip, meniň ýakynlarymyň awtoulaglaryny etrap merkezindäki ýol güzegçilik gullugynyň edara jaýyna alyp gitdiler. Meniň ýakynlarymyň soraglaryna olar, ‘biz hemme zada düşünýäris, ýöne bize buýruk şeýle, Açylowa Aşgabada gidýänçä, biz awtoulaglary edara jaýynda saklamaly, başga edip biljek zadymyz ýok’ diýip, jogap gaýtardylar” diýip, habarçymyz belleýär.

Onuň sözlerine görä, şondan soň ýakynlarynyň awtoulaglary iki günläp yzyna berilmedi. Ol yzyna gaýtmanka, Ýolötendäki öňki goňşusynyň öýüne ýörite gulluklaryň işgärleriniň baryp, olary soraga çekendigini we gaýtalap özi bilen gatnaşyk saklamaly däldikleri barada görkezme berendiklerini eşidýär.

“Meniň daşymdaky garawullar gijesi bilen bir ädim hem aýrylmadylar. Bu gezekdäki hüjüm netijesinde hem meniň tenime şikes ýetirildi” diýip, habarçymyz belledi.

68 ýaşyndaky žurnalist Ýolöten etrabyna ýygy-ýygydan sapar edip, bu ýerdäki işsizlik, ýollaryň ýaramazlygy, ilatyň tok we agyz suw problemalary barada maglumatlary taýýarlaýar.

Açylowa özüniň dogduk etraby bolan Ýolötende öz dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna basyşlaryň mundan sekiz aý çemesi ozal başlanandygyny, olara özüniň oba gelmeli däldigi barada köpçülikde duýduryş berlendigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Açylowa 2016-njy ýylyň ahyryndan bäri azyndan on gezek hüjüm edildi, saklandy ýa-da basyş edildi. 2017-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Aşgabadyň Parahat-7 etrapçasynda edilen hüjümde, žurnalisti yzarlaýan adamlar onuň hiç hili surat almazlygyny we öýden çykman oturmagyny talap etdiler. Şeýle-de, şonda Açylowa “öýüňden çyksaň ölersiň” diýlip haýbat atyldy.

Ýokarda gürrüňi edilýän ýagdaýlar dogrusynda Türkmenistanyň häkimiýetleri ýa-da media serişdeleri tarapyndan haýsydyr bir maglumat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG