Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabady çal tozan gurşap aldy


Aşgabadyň Parahat-7 etrapçasynda düşürilen surat
Aşgabadyň Parahat-7 etrapçasynda düşürilen surat

27-den 28-ne geçen gije Aşgabady çal tozan gurşap aldy. Bu ýagdaý 28-nji maýda tutuş güni dowam edip, 29-njy maýda hem onuň howada belli bir derejede saklanyp galýandygyny görse bolýar.

Читайте также на русском

“28-i güni ertir irden turanda, Aşgabat şäherinde göýä bir ýaz ýa-da gyş güni gelen ýalydy. Birbada adamlar muny ümürdir öýtdüler. Sebäbi ir sagat 5-de daň atyp, jahan ýagtylanda şäher çap-çal reňke boýalandy. Ýöne adamlar tiz wagtyň dowamynda onuň ümür däl-de, çal tozandygyna göz ýetirdiler” diýip, Aşgabatda ýaşaýan synçy Amanmyrat Bugaýew gürrüň berdi.

Türkmenistanda bolup geçýän täzeliklere ýakyndan syn edýän Bugaýew 27-nji maýda günüň ikinji ýarymynda, has takygy öýländen agşam sagat 11 töweregine çenli güýçli ýagyş ýagandygyny ýatladyp, gije penjiresini açyp ýatan ýaşaýjylaryň öýündäki mebellerini, öý goşlaryny 2 mm çemesi galyňlykdaky ak tozanyň basandygyny belledi we sözüni şeýle dowam etdirdi:

“Özem geň galmaly ýagdaý, ýel, ýagmyr ýok. Howa çap çal bolup dur. Gözýetimem 250 metrden aňryny saýgardanok, ondan aňyrsy çalaryp dur. Onsoň ýene bir bellemeli ýagdaý, edil ak reňkli awtoulaglarda bildirenok hem welin, ýöne goýurak reňkli beýleki awtoulaglary näçe süpürseňem, aňyrsy 1 sagat geçip-geçmänkä ýene-de şol ak tozan şony büreýär hem-de maşyny alabeder ýagdaýda goýýar” diýip, Bugaýew howanyň öňküsinden salkynlaşandygyny hem belledi.

Bu waka, Türkmenistanyň demirgazyk welaýaty Daşoguzy duzly apy-tupanyň gurşap almagyndan bir gün soňa gabat geldi. Bu harasatyň 27-nji maý güni, gije sagat 2-ler töweregi ýüze çykandygyny, demirgazyk-günbatardan, sekuntda 20 metr tizlik bilen öwsen ýeliň regiona duz we tozan garyndyly tupany getirendigini, Azatlygyň agzalýan welaýatdaky habarçylary aýtdylar.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň aýtmagyna görä, 28-nji maýda giçlik aşgabatlylaryň köpüsi “Watan” habarlar programmasynda şäheri gurşap alan çal tozanyň nämedigi, onuň nireden gelendigi barada maglumat berilmegine garaşan bolsa-da, türkmen mediasynda bu barada hiç zat aýdylmady.

Azatlyk Radiosy bu mesele boýunça Türkmenistanyň Howa maglumaty gullugynyň işgärleri bilen habarlaşanda, bu edaranyň jogapkär işgärleri “biz bilemizok. Biz diňe howanyň temperaturasy, ýeliň haýsy tarapdan öwüsjekdigi hakynda maglumat berýäris” diýip, jogap berdiler.

Ýöne agzalýan gullugyň adynyň efirde tutulmazlygyny soran jogapkär resmisi Azatlygyň habarçysyna Aşgabady gurşap alan çal tozanyň Daşoguza gelen duzly apy-tupanyň dowamy däldigini, sebäbi onuň demirgazyk welaýatynyň merkezi şäherinden paýtagta gelýänçä güýçden gaçmalydygyny aýtdy. Ýöne bu çal tozanyň gelmegine anyk nämäniň sebäp bolandygy barada maglumat bermekden saklandy.

Ýurtda bolup geçýän wakalara syn edýän ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi 1970-80-nji ýyllarda Aşgabady sarymtyl reňkdäki tozanyň gurşap almagy ýaly wakalaryň birnäçe gezek gaýtalanandygyny, ýöne edil häzirki ýaly ýagdaýyň soňky 20-25 ýylyň dowamynda ilkinji gezek bolýandygyny aýdýarlar.

Ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly, türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ne Daşoguz welaýatyny duzly apy-tupanyň, ne-de Aşgabat şäherini çal tozanyň gurşap almagy barada kelam agyz söz aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG