Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garrylar öýüniň ýaşaýjylary özleriniň açdygyny aýdýarlar


Aşgabadyň garrylar öýi (arhiw suraty)
Aşgabadyň garrylar öýi (arhiw suraty)

Aşgabat şäherindäki garrylar öýünde ýaşaýan garrylar aç-hor saklanýarlar. Öz adynyň efirde tutulmazlygyny soran garrylar öýüniň bir ýaşaýjysynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Aşgabadyň garrylar öýüne ýolbaşçylyk edýän resmiler bu ýerde saklanýan adamlara ýeterlik garaşyk etmeýärler.

Читайте также на русском

Hossarsyz ýa haýsydyr bir sebäp bilen öý-öwzarsyz galýan garrylaryň, ýa bolmasa öýlerinde seretmäge mümkinçiligi bolman bu ýere tabşyrylýan adamlaryň döwlet tarapyndan berilýän kömek pullary, ýagny pensiýalary dolulygyna garrylar öýüniň hasabyna geçirilýär.

Garrylar öýüne geçmekçi bolýan gartaşan adamlaryň öz hususy eýeçiliginde ýa-da döwlete degişli jaýlary bar bolsa, onda olar ilki bilen öz jaýlaryny hem döwletiň haýryna geçirmeli bolýarlar.

Emma döwlet üpjünçiligine geçenden soňra ýaşulularyň agyr güne düşýändigini, olaryň aç galýandygyny, olara geregiçe iýmit berilmeýändigini garrylar öýüniň ýaşaýjylaryndan eşitmek bolýar.

Olary garrylar öýüne ýerleşdirmekde hem birnäçe býurokratik kösençlikleriň ýüze çykýandygy aýdylýar. Hossarlarynyň ýokdugy ýa-da öýsüz-öwzarsyz galandygy barada resminamalary toplamak garrylara ýeňil düşmeýär.

Köplenç bu işleri şäheriň sosial üpjünçilik edaralarynyň garrylara seredýän bölümleriniň işgärleriniň kömegi bilen amala aşyryp bolýar. Emma güzeran üçin işinden galyp, öýündäki garra seretmäge mümkinçilik tapmaýan ýaşaýjylaryň öz garrysyny garrylar öýüne tabşyrmak üçin, para-peşgeş bermeli bolýandyklary hem aýdylýar.

Garrylar öýüniň efirde adynyň tutulmazlygyny soran bir ýaşaýjysynyň aýtmagyna görä, garrylar öýüne ýerleşen adamlar birinji gününden başlap pensiýasyndan kesilýär.

Garrylar öýüniň ýaşaýjysy: Bir ýyly ýerde ýatyp-turýaryn diýäýmeseň, açlykdan gaty horlanýarys. Geregiçe iýmit bermeýärler. Mümkinçilik tapsak göze düşmän garrylar öýüniň howlusynyň daşyna çykyp, gaty bir uzak bolmadyk Teke bazaryň golaýynda, köçeleriň ugurlarynda dilegçilik edip oturýarys. Bir-iki sagat oturmaga wagt tapsak, öten-geçenleriň haýyr-sahabatynyň hasabyna garnymyz doýar ýaly gazanç edip bilýäris. Ýöne garrylar öýünden sypyp, köçä çykmakda iş bar. Bardy-geldi ele düşäýseň, onda bagtyň ýatdygy. Seni birnäçe günläp galmaz ýaly edip urýarlar.

Seni birnäçe günläp galmaz ýaly edip urýarlar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Aşgabadyň garrylar öýüniň ýaşaýjysynyň sözlerine görä, käte olar üçin baýramçylyk ýaly günler hem bolýar, ýöne ol günler garrylar öýüniň resmileri tarapyndan däl-de, ýaşaýjylar tarapyndan döredilýär. Käbir Aşgabatly ýaşaýjylar, haýyr-sahabatçylyk üçin meýletin nahar bişirip, garrylar öýüne alyp barýarlar we özleri naharhanada garrylara paýlap, iýdirip-içirýärler.

Garrylar öýüniň ýaşaýjysy: Ynha şeýle ýagdaýda biziň garnymyz çörekden we tagamly nahardan doýýar. Ýöne beýle elpe-şelpelik seýrek bolýar. Bardy-geldi ýaşaýjylar haýyr-sahabatyny garrylar öýüniň resmilerine goýup gidäýseler, onda ol naharlar garrylara berilmeýär.

Käte telewizorda öwgüli gepleşikleri taýýarlamak üçinem garrylaryň öňüne bol-elin naharlar goýulýar. Olaryň dynç alyşlary, telewizora tomaşa edişleri, gazet-žurnallary okaýyşlary telewideniýe üçin surata düşürilýär.

Garrylar öýüniň ýaşaýjysy: Emma iş ýüzünde biziň ýagdaýymyz düýbünden başgaça. Ol ýerde oturmaň, ol ýere barmaň, otaglary hapalamaň. Telewideniýä düşüriljek wagty hem goýlan naharlary iýip gutarmaň diýen görkezmeler biz üçin indi adaty bir zat bolup galdy diýip.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabadyň 30-njy etrapçasynda ýerleşýän garrylar öýüniň resmileri bilen habarlaşmak boýunça synanyşygy häzirlikçe başa barmady. Bu garrylar öýünde näçe sany adamyň saklanýandygy barada maglumatlar hem elýeterli däl.

XS
SM
MD
LG