Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnyý tussaglykdan boşadyldy


Alekseý Nawalnyý
Alekseý Nawalnyý

Rus oppozision lideri Alekseý Nawalnyý tussaglykdan boşadyldy. Ol 5-nji maýda, bütin ýurt boýunça prezident Wladimir Putiniň dördünji prezidentlik möhletine girişmek üçin kasam kabul etmeginiň öň ýanynda gurnalan protestler mahalynda beýleki ýüzlerçe protestçi bilen bilelikde tussag edildi.

‘‘Olar maňa garşy iki protokol düzdüler: ylalaşylmadyk köpçülikleýin protest gurnamak we polisiýa boýun egmezlik hakynda, emma ýarygijeden soň meni suda çenli boşatmak kararyna geldiler” diýip, ol 6-njy maý güni irden twitterde habar berdi.

Nawalnyý we beýleki protestçiler 5-nji maýda, Moskwada geçirilen sanksiýa berilmedik demonstrasiýalar mahalynda, Moskwada tussag edildi.

Putine garşy proteste çykan moskwalylar tussag edildi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:07 0:00

Orsýet boýunça “Ol biziň patyşamyz däl” diýen şygar astynda geçirilen protestler mahalynda 1600-den gowrak adam tussag edildi diýip, OVD-Info hukuk goraýyş portaly habar berdi. Putiniň dördünji inagurasiýasyna garşy gurnalan hökümete garşy mitingler ýurduň onlarça şäherinde geçirildi.

Nawalnyý rus paýtagtynyň merkezindäki Puşkin skwerine gelip, mitinge goşulanyndan gysga wagt soň, pitnä garşy polisiýanyň beýleki protestçileri dargydýan ýerinde tussag edildi. Hut şu ýerde hem Putine garşy protestçileriň käbiri putinçi nökerler tarapyndan urlup-ýenjildi.

Wideo ýazgylary gitmejek bolup dyrjaşýan Nawalnyny polisiýanyň el-aýagyndan tutup, dazyrdadyp alyp barşyny görkezýär.

Meniň pikirimçe, Putin ýurt ýolbaçşysy bolmaga mynasyp däl. Ol bu işi 18 ýyl bäri edýär we ondan hiç bir gowulyk gelmedi. Ol indi bu işi hemişelik bes etmeli.
Dmitriý Nikitenko

Nawalnyý, hökümete garşy protestleri gurnamak aýyplamasy bilen, mundan öňem birnäçe gezek tussag edildi we oturyp çykdy.

Metbugat habarlarynda Moskwadaky protestçileriň sanynyň müňlerçe bolandygy aýdylýar. Polisiýa proteste çykan mähelläniň 1500 adama golaý bolandygyny aýdýar. Orsýetde bolýan oppozisiýa protestleriniň möçberi resmiler tarapyndan hemişe kiçeldilip görkezilýär.

"Meniň pikirimçe, Putin ýurt ýolbaçşysy bolmaga mynasyp däl. Ol bu işi 18 ýyl bäri edýär we ondan hiç bir gowulyk gelmedi” diýip, moskwaly demonstrasiýasy Dmitriý Nikitenko “Associated Press” habar gullugyna aýtdy. "Ol indi bu işi hemişelik bes etmeli” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Garaşsyz polisiýa-monitoriň topary OVD-Info ýurt boýunça Putin inagurasiýasyna garşy geçirilen mitinglerde 26 şäherde jemi1,612 adamyň tussag edilendigini, ol tussaglaryň käbiriniň kämillik ýaşyna hem ýetmändigini habar berdi.

Protestçileriň iň kän tussag edilen ýerleri Moskwa we Sankt-Peterburg şäherleri boldy, degişlilikde, olaryň birinjisinde – 704, ikinjisinde 229 adam tussag astyna alyndy.

Emma muňa garamazdan, Moskwa polisiýasy diňe “300 töweregi” adamyň tussag edilendigi barada beýanat çap etdi, tutuş ýurt boýunça tutulanlaryň resmi sany aýdylmady.

41 ýaşyndaky Nawalnyý öz tarapdarlaryny Putiniň 7-nji maýda geçiriljek inagurasiýasyndan öň “Ol biziň patyşamyz däl” diýen şygar astynda köçe protestlerini geçirmäge çagyrdy. Putini awtokrat dolandyryjy diýip atlandyrýan Nawalnyý 4-nji maýda twitterde rus prezidentini “gorkak garry adam” diýip häsiýetlendirdi.

“Putine ses bermedik millionlarça raýaty nazara alyp, biz kezzapldardan we ogrulardan durýan häkimiýetleri işden çekilmäge mejbur ederis” diýip, nawalnyý 4-nji maýda aýtdy.

7-nji maýda dördünji prezidentlik möhletine kasam kabul edip, 18 ýyllyk prezidentligini uzaltmakçy bolýan Putini tarapdarlary ýurdy “dyzyna galdyran” ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirýär, emma garşydaşlary ony korrupsiýada, awtoritar kleptokratiýany berkitmekde aýyplaýar.

XS
SM
MD
LG