Türkmenistanda daşary döwletlere pul ibermek we ýurduň daşyndan ugradylan puly kabul etmek üçin niýetlenen “MoneýGram” kompaniýasynyň Aşgabatdaky ýeke-täk ofisi ýapyldy.
Читайте также на русском
Bu ýagdaýdan habarly aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň tassyklamagyna görä, Türkmenistanyň “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň Oguzhan köçesiniň ugrundaky edarasynda ýerleşýän “MoneyGramyň” ofisi we müşderileri kabul edýän penjiresi indi 9-njy martdan bäri ýapyk dur.
Bu kompaniýanyň hyzmatlarynyň togtadylandygy we onuň sebäpleri barada ne bankyň ofisinde, ne-de ýurduň metbugatynda resmi bildiriş berilýär. Emma “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň Oguzhan köçesindäki edarasynyň jogapkär resmileri özleriniň dil üsti bilen beren maglumatynda, “MoneyGramyň” ýurtdaky öz işini bes etmeginiň sebäplerini türkmen bankynyň bu kompaniýa bilen hyzmatdaşlygy bes etmegi bilen düşündirdiler.
“Adamlar ‘Money Gram’ bilen goňşuçylykdaky penjirede oturanlardan hem-de Senagat bankyň şahamçasynyň jogapkär işgärlerinden soranda, ‘9-njy martdan başlap, ‘MoneyGram’ Türkmenistandaky işini bes etdi. Onuň düýp sebäbi Garagum bankynyň Senagat bankyna birikdirilmegi hem-de Senagat bankynyň ‘MoneyGram’ bilen hyzmatdaşlyk etmekden ýüz öwürmegi boldy’ diýip, adamlaryň sowalyna jogap berdiler” diýip, Bugaýew bank resmilerinde bu kompaniýanyň işiniň geljekde gaýtadan ýola goýulmak ähtimallygy barada hiç bir maglumatyň ýokdugyny aýtdy.
Azatlyk Radiosynyň “MoneyGram” halkara pul ibermek firmasynyň Aşgabatdaky edarasynyň ýapylmagy we onuň sebäpleri dogrusynda, bu kompaniýanyň Birleşen Ştatlardaky baş edarasy bilen habarlaşyp, kommentariý almak synanyşyklary häzirlikçe başa barmady.
Bugaýew “MoneyGramyň” hyzmatlarynyň togtadylmagy bilen, Türkmenistanda ýurduň daşynda okaýan türkmen studentlerine pul ugratmagyň ýeke-täk çeşmesi “Western Union” bolup galýandygyna ünsi çekip, soňky günlerde bu edaranyň öňündäki nobatlaryň iki esse köpelendigini, käte bu ýerdäki adamlaryň sanynyň 200-e golaýlaýandygyny hem sözüne goşdy.
Türkmenistanda raýatlaryň ýurduň daşyna pul ugratmagy ýa-da daşary ýurtlardan ugradylan puly kabul etmegi, şeýle-de türkmen banklary tarapyndan berlen Visa kartlaryny ulanmak mümkinçilikleri aýdan-aýa kynlaşýar.
Geçen aý Türkmenistanyň Senagat bankynyň we Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň jogapkär resmileri ýanwar aýynyň ikinji ýarymyndan bäri Visa bank kartlaryna pul salmak we bu serişdäni daşary ýurtlarda nagtlaşdyrmak ýa-da nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmak düzgünleriniň togtadylandygyny, Azatlygyň paýtagtdaky habarçylaryna gürrüň beripdiler.
Şonda bank resmileri mundan beýläk diňe daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentleriniň Türkmenistandaky hossarlarynyň “MoneyGram” we “Western Union” hyzmatlary arkaly 300 amerikan dollaryny öz çagalaryna ugradyp bilýändigini aýdypdylar.
Daşary ýurtlara sapar edýän türkmenistanlylaryň köpüsi indi iki aýa golaý wagt bäri Visa bank kartlary arkaly ne nagt, ne-de nagt däl hasaplaşyklary amala aşyryp bilýändiklerini aýtsalar, käbirleri aýda diňe 58 amerikan dollary möçberindäki bank amallary ýerine ýetirip bilýändiklerini gürrüň berýärler.
Türkmenistanlylaryň Visa töleg kartlary we halkara pul ibermek hyzmatlary bilen baglanyşykly kynçylyklary, çäklendirmeleri indi köp wagtdan bäri dowam etse-de, türkmen häkimiýetleri bu barada häzire çenli resmi düşündiriş bilen çykyş etmän gelýärler. Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň Merkezi bankyndan resmi kommentariý almak synanyşyklary hem netije bermeýär.