Düýn, ýagny 19-njy martda Azatlyk Radiosynda türkmen häkimiýetleriniň Azatlyk bilen hyzmatdaşlyk edýän, habarlaşýan ýa-da maglumat ugradýan çeşmelerini yzarlaýandygy barada maglumat çap edildi. Azatlyk Radiosy öz çeşmeleriniň şahsyýetiniň howpsuzlygy boýunça çynlakaý tagalla edýär we olaryň gizlinligine aýratyn üns berýär.
Читайте также на русском
Düýn mälim bolan habarda, Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda türkmen häkimiýetleri hususan-da bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işgärleriniň mobil telefonlaryny köpçülikleýin ýygnaýandygy, olary uçdan tutma barlaýandygy we howpsuzlyk gulluklarynyň Azatlygyň çeşmeleriniň ugruna çykandygy barada habar berildi.
Şeýle habaryň peýda bolmagy bilen düýn käbir okyjydyr diňleýjilerimiz Azatlyk bilen habarlaşmagyň howpsuzlygy boýunça howatyrlanmalaryň ýerlikliligi ýa-da däldigi bilen gyzyklandylar.
Azatlyk Radiosy öz habarçylarynyň we çeşmeleriniň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi barada çynlakaý tagalla edýär. Azatlyk Radiosy bilen habarlaşýan çeşmeleriň we habarçylaryň şahsy maglumatlary diňe Azatlygyň direktoryna mälim bolup, ol hem maglumatlaryň goraglylygyna örän ünsli çemeleşýär.
Şol bir wagtyň özünde, Azatlyk Radiosy howpsuzlygyň has ýokary derejede üpjünçiligini we maglumatyň has berk goraglylygyny gazanmak üçin Telegram, WhatsApp we Signal ýaly telefon tilsimlerini ulanmagy maslahat berýär.
Aslyýetinde, Türkmenistanyň raýatlarynyň maglumat edinmek hukugy ýurduň Konstitusiýasynda kepillendirilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 42-nji maddasynda:
“Her bir adama pikir we söz azatlygy kepillendirilýär. Hiç kimiň adama öz pikirini erkin beýan etmegini gadagan etmäge, şonuň ýaly-da ony kanuna laýyklykda ýaýratmaga päsgel bermäge hukugy ýokdur.
Hiç kim özüniň pikirini we ynam-ygtykadyny beýan etmegine ýa-da olardan ýüz döndermegine mejbur edilip bilinmez.
Her bir adamyň döwlet ýa-da kanun arkaly goralýan gaýry syrlary özünde saklaýan maglumatlardan başga maglumatlary kanunda gadagan edilmedik usulda erkin gözlemäge, almaga we ýaýratmaga hukugy bardyr” diýilýär.
Şeýle-de, 19-njy martda çap edilen habarda howpsuzlyk gulluklarynyň Azatlygyň çeşmelerini tapmak üçin hususan-da bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işgärleriniň el telefonlaryny ýygnap, olardaky maglumatlary barlaýandygy aýdylýar.
Beýleki bir tarapdan ýurduň Ýokary kanunçylygynyň 38-nji maddasy raýatlaryň şahsy maglumatlarynyň goraglylygyny kepillendirýär. Konstitusiýanyň agzalýan maddasynda:
“Adamyň özüniň razylygy bolmazdan onuň şahsy durmuşy barada maglumatlaryň ýygnalmagyna, saklanylmagyna, peýdalanylmagyna we ýaýradylmagyna ýol berilmeýär” diýilýär.”
Gaýtalap aýtsak, Azatlyk Radiosy öz çeşmeleriniň, habarçylarynyň hem-de redaksiýa bilen gatnaşyga geçýän okyjydyr diňleýjileriň şahsy maglumatlarynyň goraglylygyna aýratyn üns berýär. Hut şol sebäpden, Azatlyk bilen habarlaşmak, maglumat ýollamak, gepleşikleri diňlemek we websaýtdaky materiallar bilen tanyşmak, olary okamak hem-de redaksiýa bilen gatnaşyga geçmek howpsuzdyr.
Halkara hukuk goraýjy guramalary Türkmenistanda söz azatlygynyň gözgyny ýagdaýdadygyny hasabat berýärler.
“Freedom House” guramasynyň 2017-nji ýylda ýaýradan hasabatynda Türkmenistanda metbugat azatlygynyň derejesi “erkin däl” kategoriýada ýerleşdirilendir.
Şol bir wagtyň özünde, halkara hukuk goraýjy guramalaryň hasabatlarynda Türkmenistanyň metbugat we media atmosferasy Demirgazyk Koreýanyňkydan köplenç bir ýa-da iki diş ýokarda ýerleşdirilýär.
Bu aralykda, türkmen mediasy ýurduň ähli ugurlarda “bedew bady bilen” öňe barýandygyny nygtaýar. Beýleki tarapdan, Türkmenistanyň hökümet baştutany ýurduň media ulgamynyň bitirýän işlerini wagtal-wagtal tankyt edýär.