Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezidentiň aýal doganynyň adamsy ýogaldy, gije köçe bejerildi, metbugat dymdy


Aşgabat, ozalky Lenin, häzir Türkmenbaşy köçesi
Aşgabat, ozalky Lenin, häzir Türkmenbaşy köçesi

Azatlygyň çeşmesi 15-nji fewralda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly aýal dogany Gülnabat Mälikgulyýewna Döwletowanyň adamsynyň aradan çykandygyny we gije Türkmenbaşy, ozalky Lenin köçesiniň ugrunda bejeriş işleriniň geçirilendigini, ýol ýakasyndaky jaýlaryň reňklenendigini habar berýär.

Emma döwlet eýeçiligindäki türkmen metbugatynda prezident maşgalasynda bolan betbagtçylyk barada hiç bir maglumat berilmedi.

Mälim bolşy ýaly, türkmen metbugatynda baryp Saparmyrat Nyýazowyň prezident bolan ýyllaryndan bäri, häkimiýetleriň nukdaý nazaryndan aýratyn bir möhüm adamyň ölümi bolmasa, ölüm habarlary berilmeýär.

Ýerli synçylar merhumyň ölüminiň sebäbi ýa sebäpleri hakynda kän zat bilmeýändiklerini aýtdylar.

Azatlyk radiosy prezidentiň aýal doganynyň adamsynyň ýogalan wagtyna gabat gelen köçe bejerişlgi we jaýlaryň reňklenmegi baradaky maglumaty birnäçe çeşme arkaly barlady.

Paýtagtyň adynyň aýdylmazlygyny soran 70 ýaşly bir ýaşaýjysy özüniň bu wakadan belli bir derejede habarlydygyny aýtdy.

Ozalky Lenin köçesinde, harby gospitalyň golaýynda Senagat bankynyň merkezi edarasy ýerleşýär. Şol edaradan aşakda, wokzal tarapda iki aý çemesi ozal Türkmenbaşy köçesiniň ugrundaky ofis jaýlaryny ýykdylar. Emma bu ýykylan jaýlaryň materiallary doly ýygnalman eken. Şol töwerekde ýaşaýan adamlaryň gürrüň bermegine görä, bu ýykylan jaýlaryň ýerleri bir hepde, on gün mundan öň gaty howlukmaç ýagdaýda, gijesi bilen arassalandy we asfaltlandy” diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.

Aýdylmagyna görä, gyssagly bejeriş işleri geçirilenýeriň golaýynda, Sport we syýahatçylyk institutynyň ýeňsesinde köp gatly däl, ýöne owadan edilip salnan 20-30 sany ýaşaýyş jaýy ýerleşýär.

Azatlygyň Aşgabatdaky çeşmesi prezidentiň ýas ýerine görnüp-görünmändigini bilmeýär. Bu barada başga çeşmelerden hem anyk jogap almak başartmady. Şol bir wagtda, başga bir çeşmäniň tassyklamagyna görä, Berdimuhamedow üç ýyl çemesi ozal Gurtly obasynda ýaşaýan daýzasy aradan çykanda, onuň ýerine göründi.

“Şonda prezident ýas ýerine gelmezinden bir gün öň, baryp gaýdanyndan ýarym gün soň Gurtly ýapyk durdy” diýip, aşgabatly çeşme aýtdy.

Prezidentiň uly aýal dogany Gülnabat Döwletowa, metbugat işgärleriniň gürrüň bermeklerinde görä, ýönekeý orta bilimli zenan bolup, 1992-njy ýylda “Saglyk” žurnalynyň hojalyk bölüminiň müdiri bolup işleýärdi, ýagny redaksiýanyň kagyz-galam meselelerine jogap berýärdi.

Soňky maglumatlara görä, Gülnabat Döwletowa wezipe basgançagynda ösdi we ilki onuň Aşgabat şäheriniň S.Nyýazow adyndaky etrabynda jogapkär işde işleýändigi habar berildi.

Türkmenistanyň Alternatiw habarlary” neşiriniň ýazmagyna görä, G.Döwletowa 2013-nji ýylda häkimlikdäki işinden gitmäge mejbur boldy we 2014-nji ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň Gyzylýarymaý jemgyýetinde ilki ýerine ýetiriji direktor bolan bolsa, häzir baş direktor bolup işleýär.

"Ol hakykatda jemgyýetiň başlygy, ýagny ähli meseläni özbaşdak çözýän ýolbaşçy" diýip, TAH öz çeşmelerine salgylanyp ýazýar.

Şeýle-de neşir Gülnabat Döwletowanyň uly gyzy Maralyň prezidentiň ýegeni Şammynyň (Şamyrat), döwlet baştutanynyň beýleki bir aýal doganynyň oglunyň gelnidigini habar berýär.

Azatlyk radiosy bilen anonim şertde gürleşen ýerli synçylaryň birnäçesiniň tassyklamagyna görä, Gülnabat Döwletowa ýurtda prezidentden soň mesele çözýän adamlaryň iň täsirlileriniň biri, ýagny onuň kabulhanasyna düşseň, türmä basyljak bolup duran adamy azatlykda galdyryp bolýar, wezipeden aýryljak bolup duran orunbasar bolsaň, ertesi başlyklyga hem bellenip bilýärsiň.

XS
SM
MD
LG