Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 19-njy fewralda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda iri dokma toplumynyň gurulmagy baradaky karara gol çekdi, şol bir wagtda ýurt öňki prezident döwünden bäri ýiti pagta ýetmezçiligini çekýär.
Britan Wirgin adalarynyň “Cotam Enterprises Ltd.” kompaniýasy tarapyndan guruljak we 2021-nji ýylyň martynda ulanylmaga beriljek toplumda ýylda inçe süýümli pagtanyň 5 müň tonnasy gaýtadan işleniler diýip, TDH döwlet habar gullugynyň maglumatynda aýdylýar.
Şeýle-de toplumyň birnäçe fabrikden, şol sanda egriji, dokma, boýag we tikinçilik fabriklerinden ybarat boljagy aýdylýar. Emma türk biznesmeni Muammer Agym tarapyndan esaslandyrylan kompaniýalar toplumyna ynanylan täze proýektiň bahasy aýdylmaýar.
Bu şu ýylyň dowamynda öňünden tender ýa bäsleşik yglan edilmezden Türkmenistan bilen uzak wagt bäri işleşip gelýän daşary ýurt kompaniýalaryna berlen we bahasy aýdylmadyk proýektleriň diňe biridir. “Cotam Enterprises Ltd” kompaniýasy, “Gündogar” habar saýtynyň maglumatyna görä, 1992-nji ýyldan 2015-nji ýyla çenli aralykda Türkmenistanda bahasy 1,5 milliard dollardan gowrak 17 proýekti gurup, ulanmaga berdi.
Mundan öň döwlet baştutany tender yglan etmezden köp million dollarlyk myhmanhanalary we beýleki desgalary gurdurmak kararyna geldi we olar Fransiýanyň “Buik” kompaniýasyna ynanyldy. Şol bir wagtda Türkmenistanda ozalky gurlan myhmanhanalaryň hem köplenç boş durandygy, berk wiza düzgünleri sebäpli ýurda gelýän syýahatçylaryň köpelmeýändigi aýdylýar.
Bu uly gurluşyklar Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllaryndaky iň agyr ykdysady kynçylyklara gabat geldi we HWF-nyň ekspertleri geçen ýyl Aşgabada döwlet inwestisiýalaryny azaltmagy maslahat berdiler.
Ikinji tarapdan, Türkmenistanyň prezidenti geçen ýyl ýurduň oba-senagat pudagyndaky problemalary, göz öňünde tutulan reformalaryň ýol almandygyny ençeme gezek gytaklaýyn boýun aldy, oba hojalygyna gözegçilik edýän orunbasaryny we käbir welaýat häkimlerini täzeledi.
Emma muňa garamazdan, göz öňünde tutulan pagta hasylynyň ýygnalandygy aýdylan hem bolsa, geçen ýyl ýygymçylar ýylyň soňky aýlaryna çenli meýdandan ýygnanmady.
Türkmenistan diňe zerur bolan ýa göz öňünde tutulan pagta hasylyny öndürmekde däl, eýsem bugdaý planyny doldurmakda hem kynçylyk çekýär. Geçen ýyl bugdaý planynyň dolmazlygy sebäpli iki welaýatyň häkimi täzelendi.
Türkmenistanyň öňki prezidenti S.Nyýazow 2002-nji ýyldagurlan dokma fabrikleri üçin ýeterlik pagtanyň ýygnalmaýandygynyboýun aldy we ýeriň eýesiniň tapylmazlygynda häkimleri günäledi.
Şeýle-de Nyýazow 2006-njy ýylda pagta ýygmagy diňe kärendeçiniň özüne galdyrmagy, pagta ýygmaga býujet işgärlerini we okuwçylary sürmezligi buýurdy.
Emma oba hojalygyndaky ýagdaý Berdimuhamedowyň ‘reformalaryndan’ soň hem üýtgemedi we ol diňe pagta däl, daşary ýurtlardan import edilýängök, bakja we miwe önümleri meselesini hem çözmeli boldy. Sebäbi ýurtda öndürilýän gök-bakja we miwe önümleri soňky ýyllarda barha azalýar, kärendeçiler diňe pagta we bugdaýa üns bermäge mejbur edilýär diýip, ýerli synçylar aýdýar.
Şol bir wagtda kärendeçiler Berdimuhamedowyň ‘daýhan üçin ähli şertleri’ döredendigi barada aýdýan sözlerini esassyzhasaplaýarlar we döwlet bilen baglaşylan şertnama esasynda önüm öndürip, soň ony döwlete diýen bahasyndan tabşyryp, maşgala eklemegiň barha kynlaşýandygyny, adamlarda kärende ýerde işlemek höwesiniň barha azalýandygyny gürrüň berýärler.
Şu aralykda Berdimuhamedow, degişli ýolbaşçylary tankytlamak bilen, ýurtdaky dökün ýetmezçiligini, suw bilen üpjünçiligiň, suw howdanlaryna, zeýkeşlere edilýän idegiň talaby ödemeýändigini boýun aldy.
Emma ekspertler Türkmenistanyň oba hojalyk problemalaryny hakyky bazar düzgünlerine geçmezlik we pagtaçylygy saklap galmak bilen baglanyşdyrýarlar. Türkmenistanyň oba hojalyk ministriniň ozalky orunbasary, häzir emigrasiýada ýaşaýan S.Yklymowyň sözlerine görä, dokma fabriklerini gurmak ýurtda sowet döwründen gelýän mejbury zähmetiň ömrüni uzaltmakdan başga hiç zat däl.
Gepiň gerdişnwe aýdylsa, “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” proýektiniň maglumatyna görä, türkmen häkimiýetleri ýurduň pagta meýdanlaryndaky mejbury zähmet barada maglumat ýygnan aktiwist Gaspar Matalaýewi 2016-njy ýyldan bäri türmede saklaýar.