Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Býujet işgärlerinden bag ekişlik üçin 10 manat ýygnalýar


Ekilen baglara gözegçilik edýän işgärler. Arhiwden alnan surat
Ekilen baglara gözegçilik edýän işgärler. Arhiwden alnan surat

Aşgabat şäherinde we Balkan welaýatynda ýazky nahal oturtmak çäresi üçin döwlet býujetinden aýlyk alýan işgärlerden 10 manat möçberinde pul talap edilýär.

Bu talap, Türkmenistanda şu ýylyň ýazynda we güýzünde ýene 3 million düýp nahal oturtmak barada prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň kabul eden kararyndan bir hepde soňa gabat geldi.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylarynyň we çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, bu talabyň esasynda döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleriniň käbiri 10 manat möçberindäki puly eýýäm beren bolsa, käbirine şu aýyň ahyryna çenli getirmek tabşyrylypdyr.

“[Balkan welaýatynyň] Balkanabat, Gumdag, Hazar, Türkmenbaşy ýaly şäherlerinde döwlet býujetinden aýlyk alýan adamlardan eýýäm aýlyk berlip-berilmänkä, 10 manady ýörite bellenen adama tabşyrmak talap edilýär. Ýogsam bolmasa, adamlar ýanwar aýynyň aýlygyny soňky birnäçe günlükde alyp başladylar” diýip, Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew býujet işgärlerine salgylanyp gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary bu puluň ýazky bag ekişlik üçin agaç nahallaryny satyn almak we olary oturjak adamlaryň zähmet töleglerini bermek üçin harçlanjakdygyny aýdýarlar. Şeýle-de, resmiler şol ekilen baglary suwarmak üçin tutuljak suwçy üçinem öňümizdäki aýlarda 5-10 manat möçberinde pul serişdesiniň ýygnaljakdygyny duýdurypdyr.

9-njy fewralda türkmen prezidenti 2018-nji ýylda, ýurdy bagy-bossanlyga büremek kampaniýasynyň çäginde, ýazda we güýzde ýene 3 million düýp nahal oturtmak, şol sanda miweli baglary hem ekmek barada karar kabul etdi.

Şonda resmi habarda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetine ýurduň ministrliklerini, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliklerini ýeterlik mukdarda üzüm we 3 ýyllyk bag nahallary bilen üpjün etmegiň tabşyrylandygy habar berlipdi. Emma bu agaç nahallary üçin harçlanjak maliýe serişdesiniň çeşmesi barada hiç zat aýdylmandy.

Galyberse-de, býujet işgärleriniň we ýerli synçylaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, ýurtda her ýyl millionlarça düýp agaç nahaly oturdylsa, olaryň ýüz müňlerçesi hem talabalaýyk ideg edilmeýändigi sebäpli guradylýar. Ýurduň resmi metbugatynda-da ekilen baglaryň näçe prosentiniň düýp tutýandygy, näçe prosentiniň bolsa gurap galýandygy aýdylmaýar.

Belläp geçsek, Türkmenistanda döwlet edara-kärhanalarynda işleýän adamlardan diňe nahal oturtmak çäresi üçin pul ýygnalmaýar. Olar her alty aýda bir gezek 12 manat, bir ýylda 24 manat möçberindäki pul serişdesini “ýurdy abadanlaşdyrmak” çäresi üçin tabşyrmaly bolýarlar.

Mundanam baga, býujet işgärleri her alty aýda bir gezek gazet-žurnallara abuna ýazylmaga mejbur edilip, olaryň aýlyklaryndan ortaça 250 manat möçberinde pul saklanylýar. Şeýle-de, olaryň ýurtda geçirilýän konsert dabaralaryna ýa-da käbir beýleki çärelere bilet satyn almaga mejbur edilmegi ýaly ýagdaýlar hem wagtal-wagtal gaýtalanýar.

Türkmen häkimiýetleri býujet işgärlerinden mejbury ýygnalýan bu pul serişdeleri barada häzire çenli haýsydyr bir resmi düşündiriş bilen çykyş etmän gelýärler. Bu barada ýurduň media serişdelerinde hem mesele gozgalmaýar.

XS
SM
MD
LG