Aşgabatdaky Oba hojalyk toplumynyň binasynda ýurduň suw hojalygy pudagyny ösdürmek barada maslahat edildi.
Bu maslahat türkmenistanly daýhanlaryň ýylyň gurak gelmegi we ýaplara ýuwuş suwy üçin goýberilýän suwuň gijikdirilmegi barada Azatlyk radiosy bilen bölüşen aladalarynyň yz ýanyna gabat geldi.
Emma döwlet eýeçiligindäki TDH habar gullugynyň maglumatynda ýurduň suw meselesinde ýüzbe-ýüz bolýan problemalary, gurak gelen ýyl we bugdaý eken daýhanlar agzalman, welaýatlaryň ählisinde "täze gidrotehniki desgalaryň yzygiderli gurulýandygy" tassyklanylýar.
Şol bir wagtda, suw meselesinde şeýle uly işler edilýän bolsa, "prezident Berdimuhamedow näme üçin oba hojalygyndaky işlerden örän nägile bolýar?" diýen sorag döreýär.
Döwlet baştutanynyň 9-njy fewralda geçiren hökümet maslahatynda 2018-2030-njy ýyllarda suw hojalygyny ösdürmek boýunça programma taýýarlamagy buýurmagy hem şu nägilelik bilen bagly bolup görünýär.
Bu buýruk, göni bolmasa-da, Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolan daýhanlaryň soňky on ýylda Garagum kanalynyň gowy arassalanmazlygy, kanalyň köp ýerini gyrmança basandygyny we ondan gelýän suwuň möçberiniň örän azalandygy baradaky maglumatlaryny tassyklaýana meňzeýär.
Mundan başga, Gökdepe we Hanhowuz suw howdanlarynda soňky ýyllar balykçylyk hojalyklarynyň döredilendigi, Daşoguzdaky gadymdan gelýän ýaplara ideg edilmeýändigi barada maglumat bar.
Türkmenistan geçen ýyl bugdaý planyny dolup bilmedi we pagta ýygymy, plan dolundy diýilse-de, ýylyň soňky aýlaryna çenli dowam etdirildi. Azatlyga interwiýu berýän daýhanlaryň köpüsiniň tassyklamagyna görä, bugdaý we pagta planlarynyň ýagdaýy köplenç ýylyň gelşine, suwa bagly.
Azatlygyň çeşmeleri 2018-nji ýylyň hem, häzirki ýagyş-ýagmyr seýrekliginden çen tutulsa, gurak gelýändigini aýdýarlar. Bu ýagdaý güýzlük bugdaýyň boý alman, göýdügip galmagyna getirmese ýagşydiýip,Azatlyk radiosynyň ahally söhbetdeşi aýtdy.
Bu gurakçylyk Türkmenistanyň soňky ýyllardaky iň agyr maliýe, ykdysady kynçylyklaryna gabat geldi. Aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bu pursatda türkmeniň “Ýykylsaň - ýere ýapyş” diýen nakylyna eýermelidigini aýdýar. Ýöne ol Azatlyk bilen söhbetdeşlikde "ýere ýapyşmagyň döwlet tarapyndan goldanylmalydygyny, ýüzlerçe million, milliard dollar çykaryp gurulýan peýdasyz desgalara derek, 30-40 million dollar harçlap, suw howdanlaryny gurmalydygyny" hem belledi.
Golaýda Balkan welaýatynda saparda bolan synçynyň tassyklamagyna görä, güýzde bugdaý ekilen ýerlerden alnan häzirki gögeriş juda ýaramaz.
Bugaýewiň sözlerine görä, bu gögeriş daýhanyň gelýän aýlardaky ýagdaýynyň asla ýeňil bolmajakdygyny aňladýar:
"Belki-de 'sen şunça tohumlyk däne aldyň, şunça tehnika, dökün ulandyň' diýip, daýhana jerime salynmagy, käbir adamlaryň türmä basylmagy hem mümkin, sebäbi daýhanlaryň köpüsiniň jerime tölemäge gurby çatmaz" diýip, synçy aýtdy.
Onuň pikirine görä, ýylyň gurak gelmeginde ne hökümet, ne-de daýhan günäkär,emma bu ýerde döwletiň üstüne düşýän jogapkärçiligi aradan aýryp bolmaz. Ýazyjy Bugaýew bu meselede ilkinji edilmeli zat hökümetiň öz ýalňyşyny boýun almagy, ony düzetmegi diýip hasaplaýar.
Türkmenistanyň oba hojalygy sowet döwründe Garagum kanalynyň gyssanmaç gurulmagy, Moskwadan berlen pagta planlary, suwuň bisarpa tutulmagy we ekerançylyk ýerleriniň köp möçberde şorladylmagy ýaly problemalary miras aldy. Ýurt garaşsyz bolandan soň nebit-gaz girdejileriniň belli bir bölegi oba hojalyk, ekerançylyk, suw desgalaryny bejermäge gönükdiriler öýdüldi, emma döwlet serişdesiniň uly bölegi kongres zallaryna, ofis binalaryna harçlandy diýip, ýerli ekspertler aýdýar.