28-nji dekabrda polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri tarapyndan Aşgabat şäherinde ilatyň münýän gara reňkli awtoulaglaryny sürmeklige gadagançylyk girizlip, gara reňkli awtoulaglar jerime awtoduralgasyna ýygnaly başlandy.
Käbir sürüjiler baýramçylyk günleri öz awtoulaglaryny gizläp saklan bolsalar, awtoulaglaryny elinden aldyran ýaşaýjylaryň welin baýramçylyk keýpleri, baýramçylyk planlary doly bozulyp, ýaşaýjylar öz awtoulaglarynyň aladasy bilen ýatyp-turdular.
Aşgabatly ýaşaýjy Wepanyň aýtmagyna görä, gara reňkli awtoulaglaryň ak reňke boýalmalydygy baradaky berlen görkezmeler awtoulag bejerýän ussahanalarda uly nobatlary emele getiripdir. Ulaga zerurlygy bolan sürüjiler gara reňkli awtoulaglaryny ak reňke boýatmaga gyssandylar. Bu bolsa ussalaryň öz işleri üçin alýan iş haklaryny aşa galdyrmagyna mümkinçilik döretdi. Adatdaky bahalar häzir 3-4 esse ýokarlandy diýip, Wepa aýdýar.
“Awtoulaglaryň markasyna görä şu günki gün öz iş haklary üçin ussalar 6 müňden 10 müň manada çenli nyrh kesýärler diýip, ýaşaýjylar aýdýarlar. Ussahana eýeleri özara habarlaşyp, nyrhlary şeýle derejä çenli galdyrmak barada dilleşipdirler. Haýsy ussahana ýüz tutsaňam olaryň goýýan nyrhlaryny peseldip bolmaýar.
Ozal awtoulaglaryň gara aýnalaryny aýyrmaga görkezme berlende-de, ussahanalarda şeýle gymmatlaşyk ýüz beripdi. Döwlet awtoinspeksiýasynyň işgärlerniň baýramçylyga gabatlap ilatyň awtoulaglaryny jerime awtoduralgasyna ýygnap, ussahanalar üçin iş tapyp bermekleri dilleşip edilýäne hem çalym edýär. Bu ýerde awtoulag ussalarynyň iş haklaryndan döwlet awtoinspeksiýasynyň işgärleriniň hem öz paýlary bar ýaly bolup görünýär. Eýsem bolsa gara reňkli awtoulaglaryň ak reňke boýalmagynda nyrhlaryň aşa galdyrylmagyna döwlet tarapyndan gözegçilik bolardy” diýip, käbir sürüji öz pikirini paýlaşýarlar.
Gara reňkli awtoulaglary ak reňke boýamaga berilýän görkezmeleriň mejbury ýagdaýda ilatyň boýnuna dakylmagy ýaşaýjylarda juda närazyçylygy döredendigini görse bolýar. Bu işleri ýerine ýetirmekligiň ilatyň maşgala gazanjyna aşa agram salýandygy, bu işi bildirişler arkaly ilata ýetirip, ilatyň öz ýagdaýna görä berjaý etmegine mümkinçilik berilmän, edil baýramçylygyň öň ýanynda sürüjileriň awtoulaglarynyň jerime awtoduralgasyna salynmagy, ýurduň kada-kanunyna sygmaýan bir zatdygyny sürüjiler aýdýarlar.
Hiç bir ýurtda şele mejburylyk, raýatlaryň hukuklarynyň şeýle bozulmagy bolýan zat däldir. Türkmen häkimiýetleri mundan soňra näme hokga çykaryp ilaty kösärkän?” diýip, ýaşaýjylar biri-birine soragly garaýarlar.
Awtoulag bejerýän ussahanalarda bolsa awtoulagny ak reňke boýatjak bolýanlaryň nobatlaryň artýandygyny görmek bolýar.
Iň köp okalan
1