Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Parahat -2/1 etrapçasynyň iki jaýynda ýyladyş sitemasy işlemeýär, oý hojalyk edarasy muny ret edýär


Aşgabadyň Parahat -2 etrapçasynyň ýaşaýyş jaý (Illýustrasiýa)
Aşgabadyň Parahat -2 etrapçasynyň ýaşaýyş jaý (Illýustrasiýa)

Aşgabadyň Parahat -2/1 etrapçasynyň iki ýaşaýyş jaýynda, alty gün bäri ýyladyş sitemasy işlemeýär diýip, bu jaýlaryň ýaşaýjylary aýdýarlar. Olaryň sözüne görä, dokuz gatly bu iki ýaşaýyş jaýyň ýyladyş sistemasy 23-nji dekabrda öçürilipdir we şondan bäri ýüzlerçe hojalyk aýazly howada sowuk jaýlarda gün görýärler.

Aýdylýan 21-nji we 22-nji jaýda jemi 472 kwartira ýerleşýär.

Bu jaýlaryň biriniň ýaşaýjysy ýazyjy Amanmyrat Bugaýew 14-nji öý hojalygyny dolandyryjy edaranyň ýolbaşçysy bu ugurda iş alyp barýandyklaryny, golaý günlerde onuň beriljekdigini aýtdy diýip, Azatlyk Radiosyna habar berdi.

26-njy dekabrda agzalan jaýlaryň käbir ýaşaýjylaryna ýyladyş sistemasynyň işlemeýändiginiň sebäbini düşündirenlerinde, bu jaýlara barýan umumy uly turbanyň we käbir girelgelere barýan turbalaryň ýarylandygyny, olary bejermek üçin, gyzgyn suwuň kesilendigini, şeýle-de bejermek üçin tehnikanyň ýetmezçilik edýändigini aýdypdyrlar.

Azatlyk Radiosy 28-nji dekabrda gündiz Parahat-2/1 etrapçasynyň 21-nji we 22-nji jaýyna gözegçilik edýän 14-nji öý dolandyryş edarasyna jaň edende, edaranyň ýolbaşçysy Jeýhun bu jaýlaryň ýyladyş sistemasynyň häzirki wagtda işleýändigini habar berdi. Ol soňky günlerde jaýlaryň käbir girelgelerine barýan turbalarda näsazlyklaryň bolandygyny we şol sebäpli ýyladyş sistemasynyň öçürilendigini tassyklady. 14-nji öý dolandyryş edarasynyň ýolbaşçysynyň sözüne görä, 3 gün mundan ozal 21-nji jaýyň 7 we 8 girelgelerinde turba sandan çykypdyr, 27-nji dekabrda şol jaýyň 5 girelgesinde turbada kemçilik döräpdir, emma birnäçe sagatda bejeriş işleri geçirilip, ýyladyş sistemasy häzir ýola goýlupdyr.

“22-nji jaýda ýyladyş sistemasy tutuşlygyna işleýär” diýip, özüni Jeýhun diýip tanadan 14-nji öý dolandyryş edarasynyň ýolbaşçysy Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Emma agzalan jaýlaryň ýaşaýjylary ýüzlerçe hojalygyň sowuk howada ýyladyşsyz galýandygyny aýdýarlar.

Ýaşaýjylaryň biri Amanmyrat Bugaýew 28-nji dekabrda irden 14-nji öý hojalyk edarasyna baranynda, edaranyň bir işgäriniň turbalaryň ählisiniň 25-nji dekabrda agşam eýýäm bejerilendigini, emma ýyladyş sistemasyny işletmezlik hakynda görkezme berlendigini özüne aýdandygyny mälim etdi.

“Ol maňa düzedildi şol zatlaryň ählisi birinji günüň ahyrynda diýdi, ýöne ýokardan görkezme berildi, howa juda sowuk bolmasa bermäň diýdiler. Ol diňe siziň jaýyňyz däl, Mir birdäki jaýlaryň birinde-de şeýle ýagdaý, Mir 2/2-de we Mir-2/3-de şeýle jaýlar bar diýdi. Ýokardan berlen görkezme, siz ony açmaň, diňe 31-nji dekabrda aşgam açyň” diýip, Amanmyrat Bugaýew gürrüň berdi.

Dekabryň başynda-da, Aşgabadyň birnäçe etrapçasynda ýaşaýyş jaýlaryň ýyladyş sistemasynyň öçürilendigi barada habar berlipdi. Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, Parahat -1, Parahat -2 we Parahat -3 etrapçalarynyň ýaşaýjylary gijelerine aýazly howada ýylylyksyz galypdy.

Aşgabadyň ýaşaýjylary jaýlaryny ýylatmak üçin, köplenç, elektrik peçleri ulanýarlar. Türkmenistanda noýabrda elektrik energiýasynyň bahasy ýokarlandy, kommunal hyzmatlaryň möçberi bäş esse ýokarlandy.

XS
SM
MD
LG