Orsýetiň Merkezi saýlaw komissiýasy oppozision syýasatçy Alekseý Nawalnynyň 2018-nji ýylyň mart aýynda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşmak boýunça arzasyny ret etdi.
Orsýetli korrupsiýa garşy aktiwist we oppozision syýasatçy Alekseý Nawalnyý prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşmak üçin zerur dokumentleri toplap, Merkezi saýlaw komissiýasyna gowşurandygyny 25-nji dekabrda irden habar beripdi.
“Biz bolmasak, saýlaw - saýlaw bolmaz” diýip, Nawalnyý 24-nji dekabrda giçlik dokumentlerini tabşyrmazyndan öň aýtdy.
Nawalnyý Moskwanyň merkezinde ýerleşýän kommisiýanyň binasyndan çykyp gelýärkä: “Häzirki häkimiýetlere biz garşy çykyp bilýäris. Biziň esasy talabymyz saýlawlara gatnaşmaga ýol berilmegi” diýdi.
Kremli açyk tankytlamakdan saklanmaýan Nawalnynyň bir jenaýat işinde etmişli tapylandygy üçin, 2018-nji ýylyň mart aýynda geçjek prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmagy gadagan. Onuň özi bu iş syýasy matlaply diýýär. Ýöne aýyplaw hökümi ýatyrylan ýa-da oňa ýörite rugsat berlen halatynda Nawalnyý saýlawlara gatnaşyp bilýär.
Dokumentleri kabul etmek maksady bilen iş sagatlaryny artdyran Merkezi saýlaw komissiýasy ony dalaşgär hökmünde hasaba alyp-almajakdygyny geljek bäş günüň içinde bildirmeli.
Nawalnynyň 25-nji dekabrda bir tweetde ýazmagyna görä, saýlaw resmileri onuň arzasy hakda eýýäm maslahata başlapdyr.
Saýlaw komissiýasy ozal onuň maliýe jenaýatynda etmişli tapylandygy üçin, 2028-nji ýyla çenli resmi wezipä dalaş etmäge hukukly däldigini aýdypdy.
Tarapdarlary ýurduň 20 şäherinde ýöriş geçirip, 15000 gol toplandyklaryny bildirenlerinden soňra
Nawalnyý 24-nji dekabrda saýlawa gatnaşmak üçin, ýeterlik goldaw jemländigini yglan etdi.
Moskwada geçen bir üýşmeleňde ol Orsýetiň lideri Wladimir Putini “ýaramaz prezident” diýip atlandyrdy.
“Biziň ýurdumyzy özüň üçin, maşgalaň üçin, öz dostlaryň üçin şahsy baýlyk çeşmesine öwren sen, Wladimir Putin. Şol sebäpden sen mundan artyk prezident bolmaly däl” diýip, Nawalnyý aýtdy.
Onuň tarapdarlarynyň 800 çemesi Moskwada äpet çadyra ýygnanyp, resmi goldaw üýşmeleňini geçirdiler. 742 adam bu barada taýýarlanan arza gol çekdi.
Nawalnynyň kampaniýasy kanunda talap edilişine görä, ýurduň 20 şäheriniň her birinden ony 500 adamyň goldamagy gerek diýýär.
Şunuň ýaly goldaw ýörişleri ýurduň beýleki 19 şäherinde, şol sanda Sankt Peterburgda, Wladiwostokde, Permde, Omskda, Krasnoýarskda we Ýekaterinburgda-da geçirildi.
“Bu ýurtda Putin we onuň hökümdarlygy üçin giň gerimli goldaw bar” diýip, Nawalnyý duşuşykda aýtdy. Ol soňra hem saýlawa dalaşgär bolup gatnamşmaga özüne ýol berilmese, tarapdarlarynyň saýlawy boýkot etjekdigini belläp, haýbat atdy.
Nawalnyý: “Biz utmaga taýyn, biz bu saýlawlary gazanarys” diýdi.
Öten hepde Nawalnyý özüniň doly saýlaw platformasyny ile ýetirdi. Onda ilkinji nobatda üns merkezinde durýan zatlar korrupsiýa garşy göreş, magaryf we saglygy goraýşa köpräk serişde goýbermek.
Putin özüniň dördünji gezek prezidentlige dalaş etjekdigini 6-njy dekabrda bildirdi. Tankytçylaryň aýtmagyna görä, saýlaw kampaniýasynyň we netijeleriň häkimiýetler tarapyndan manipulirlenýän ýurdy bolan Orsýetde onuň saýlawda ýeňiji bolup çykjakdygy öňünden görnüp dur.